“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
Dunyodagi : Menä küseýän.ýöne meň bilen işem yok

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Söhbet Döwletow "Biz bir nätanyş"
 Täzeje
 Sohbet_Dowletow [off]
 28.02.2024 / 18:42

Senli gurlan hyýallaryň ýerine,
Geçip dur alnyma ýazylan günler.
Uzaklaşdyk indi biz bir nätanyş,
Näçe kyn bolsa-da, geçer bu günler.

Aramyzda hiç zat bolmadyk deýin,
Gideniňde galdym, gözlerim ýaşly.
Sen meňki däl, menem indi seňki däl,
Unutdym-la seni, eý, uzyn saçly.

Surata düşmegi halamokdym hiç,
Şonuň üçin ýeke suratymyz ýok.
Maňa goýan ýalňyz ýadygärligiň,
Ýüregimde sönmän, ýanyp duran ot.

Ýerime özgäni goýuşyň ýaly,
Belki, menem goýandyryn birini.
Eger ornuň doldurylsa birden-kä,
Bilgin, oňa harçlaryn bu ömrümi.

Gidişiň şeýle bir owadandy, men
Gidip ýene gelmegiňi isledim.
Seniň abraýyňy saklamak üçin,
Adyňy iň ýakynymdan gizledim.

Eý, adyna "On ýedi ýaş" dakanym,
Bilmediň bu çäksiz söýgiň gymmatyn.
Aramyz daş indi, biz bir nätanyş,
Men şahyryň, senem meniň sungatym.

Söhbet Döwletow.
28.02.2024ý.


172

20

6

7

0

1

1
Mowzugy vip edenler:
Sohbet_Dowletow - 40 sagat vip etdi!
(28.02.2024 / 18:42)
Teswirler:
 Täzeje
 baanu [off]
  Aglamadym diysem gowudur öýütýäler
 28.02.2024 / 18:48

+1

Gowy goshgy

Hakykatdanam õzüñiz şahyrmy?


Täzeje
Sohbet_Dowletow  (28.02.2024 / 19:55) 

baanu, Şahyr däl. Şahyrlyk derejä barmak herkime nesip edenok. Belki ýazgytda bolsa bolarys. Minnetdar!


Täzeje
baanu  (28.02.2024 / 19:56) 

Sohbet_Dowletow, saglyk bilen yetersin arzuwuna :D

 Premium
 rexha [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 28.02.2024 / 19:04

+1

Galamyñ yiti bolsun

 Täzeje
 Firuza [off]
 28.02.2024 / 21:14

+1

:best:

 Özümiziňki
 Arzuw [off]
  Haýyşt saňa, Öňki meni gaýdyp ber!
 29.02.2024 / 18:22

+1

Men şahyryň, senem meniň sungatym

sitata edip alarlyk söz, molodes)

 Öwreniji
 EjegyzS [off]
 29.02.2024 / 18:59

+1

Ýüregiňe saglyk!)

Şeýle diýilýädi öýdýän 😅


Premium
афганка  (29.02.2024 / 19:04) 

EjegyzS, :D

 Täzeje
 BAY-HAN [off]
  Ýüregi ýüregime syrdaş...
 29.02.2024 / 19:11

+1

Goşga söz yok, tuweleme, gyzlañ biri gözu degaymesin şu yigide


Premium
афганка  (29.02.2024 / 19:13) 

BAY-HAN, :D meñ gözüm erwed eken ejem aytdy


Täzeje
BAY-HAN  (29.02.2024 / 19:14) 

rexha, degdimi ya eyyam birine?


Premium
афганка  (29.02.2024 / 19:17) 

BAY-HAN, ayyyy...........yo

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Durmuş Sapaklary


buň stili näme?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Durmuş Sapaklary
Fantom (Şugün, 19:49)

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Üýtgeşik bir zat aýdyp, ýazyp orta çykyp gepläp bilmejegiňi bilýän. Türkmen telewideniýesinde okalýan goşgylary diňlär ýaly däl. Sen hem şolaryň...dowamy...

Başsyz gurjaklar/ hekaýa


Birhileklaý...dowamy...
Erkin mowzuklar | Başsyz gurjaklar/ hekaýa
афганка (Şugün, 10:12)

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Nahili gechdi sohbetdeshlik...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
афганка (Şugün, 10:07)

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Nahili gechdi sohbetdeshlik...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
афганка (Şugün, 10:06)

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Blaaa gecip gitda indi hacan berilya yaylyma...dowamy...

ARZYLY GÜN


Shu oglanam gowy yazyan eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | ARZYLY GÜN
MG8 (Düýn, 22:45)

Goşgy_1


Gowy shahyr gowy goshgy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Goşgy_1
MG8 (Düýn, 22:42)

JESET OGRUSY. 7-nji bölüm


Ay nahili bolday...dowamy...

Maňa sabyr ber Allam!!!


Temasy gowy eken...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->