“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
Ýürekdeş sözler!
Belki : Öñler gamlanan çagym ýylgyrmagyma sebäp bolýardyñ, indi ýylgyran çagym gamlanmagyma sebäp bolýarsyñ. #Belki

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

ORAZA AÝY barada maglumatlar #1
 Özümiziňki
 imissyou [off]
 04.03.2024 / 00:08
 Sylag hemme kişä, söýgi laýyk bolana.

Oraza (pars. روزه), sowm (arap. صَوْم) sözleri bilen aňladylýar. «Sawm» sözi arapçada: «Bir zatdan daş durmak, özüňi saklamak, böwet bolmak» manylarynda ulanylýar.
Fikh taýyndan oraza imsak wagtyndan iftar wagtyna çenli ýagny, fejri sadykdan (daň atmazynyň öň ýany) başlap, tä Gün ýaşýança aralykda hiç zat iýmän-içmän, jynsy gatnaşyk etmän, öz nebsiňi saklamak diýmekdir.
«Imsak» sözi özüňi saklamak, böwet bolmak manylaryny berýär. Imsak wagty (agyz beklenýän wagt) fejri sadygyň girmegi bilen, ýagny, ýassy namazynyň wagtynyň gutaryp, ertir namazynyň wagtynyň girmegi bilen başlanýar. Bu wagt selällik wagty hem gutaryp iýmekden, içmekden, jynsy gatnaşykdan el çekilýär.
«Iftar» sözi açmak, bozmak diýen manylary berýär. Iftar wagty (agzaçar) orazanyň gadaganlyklarynyň wagtynyň gutarmagydyr. Bu wagt agşam namazynyň hem başlanýan wagtydyr.



Orazanyň hökümi

Oraza tutmak yslamyň bäş esasyndan biridir. Oraza hijretiň ikinji ýyly, şaban (meret) aýynyň onunjy güni Medinede farz edilýär. Munuň farzlygy Kitaba, sünnete we ijmaga esaslanýar. Kurany Kerimde şeýle buýrulýar:
«Eý, iman getirenler! Siz takwa bolarsyňyz diýip, Sizden ozalky ymmatlara farz edilişi ýaly, size hem oraza tutmak farz edildi», (Bakara, 183).
Oraza hem namaz ýaly, beden bilen amal edilýän ybadatdyr. Bu ybadatyň iň esasy aýratynlygy: ynsany erbetlikden saklamagy, nebsiň dürli ham-hyýallaryny jylawlamagydyr. Hadysy şerifde: «Oraza bir galkandyr. Orazaly kişi jahyllyk edip, erbet sözi aýtmasyn. Özi bilen uruşmak, käýişmek, yrsarap azar bermek isleýän kişä: «Men orazaly» diýsin», (Buhary, Muslim) diýip ündelýär. Başga bir hadysda: «Kim ynanyp, sogabyny Allahdan tama edip, remezan orazasyny tutsa, öňki günäleri bagyşlanar», (Buhary) diýilýär.
Oraza ynsany erbet meýillerden saklaýandygy üçin, Resulullah Serwerimiz öýlenmedik ýaşlara şehewi (jynsy) duýgularyň azaryndan goranmak üçin, oraza tutmagy maslahat beripdir. Orazanyň şehewi duýgularyň öňüni alýandygyny häzirki döwürde ylym hem tassyk edýär.
Oraza aýy gelende, jemgyýetde günä işleriň derejesi peselýär, erbetlik azalýar. Muňa derek haýyr-hasenat köpelip, adamlaryň arasynda biri-biri bilen ysnyşykly gatnaşyklar döreýär. Özara arkalaşyk artýar. Orazanyň bu täsiriniň asyl sebäbini Pygamberimiz şu hadysy şerifinde beýan edýär: «Oraza aýy gelende, jennet gapylary açylyp, dowzahyň gapylary ýapylýar we şeýtanlaryň ählisi zynjyrlanýar», (Buhary, Muslim).
Orazanyň Allah dergähinde gadyr-gymmatynyň örän beýikdigi bir kudsy hadysda şeýle beýan edilýär: «Ynsan oglunyň amal eden her haýrynda we ybadatynda özi üçin lezzet we bähbit gazanmak endişesi bardyr. Emma oraza beýle däldir. Oraza diňe Meniň razylygym üçin edilýän ybadatdyr. Onuň sylag-serpaýyny hem Men bererin», (Muslim, Nesaýy).
Başga bir kudsy hadysda bolsa, şeýle ündew bar: «Her ýagşy amala on esseden ýedi ýüz essä çenli sogap bardyr. Ýöne orazanyň sogaby bu ölçegden has ýokarydyr. Çünki, ol Meniň üçindir. Onuň sylagyny diňe Men bererin», (Tirmizi). Bu hadysa görä, her haýyr we ybadat üçin on haseneden (ýagşylyk) ýedi ýüz hasenä çenli sogap berilýär. Ýöne oraza üçin sogabyň mukdary çäklendirilmändir. Onuň sylagyny bellemekligi Allah Tagala perişdelerine tabşyrman, hut öz Zaty Akdesinde saklapdyr. Şol sebäpli, mü’minler tutan orazalary üçin, kyýamat güni garaşylmaýan mukdardaky uly sogaplary alar. Resuly Ekrem muňa şeýle yşarat edýär: «...Orazalynyň iki begenji bardyr. Biri iftar wagtynda – agzyny açandaky begenji, beýlekisi bolsa, Rabbine gowşan wagty oraza sylagy bilen sylaglanan pursatyndaky begenjidir», (Buhary, Muslim).
Oraza tutýan kişileriň ýetýän beýik fazylet we şerefli mertebeleri käbir hadyslarda şeýle düşündirilýär:
«Jennetde «Reýýan» diýlen bir gapy bardyr. Bu gapydan kyýamat gününde diňe oraza tutanlar girer. Olardan başga hiç kim o gapydan goýberilmez. Kyýamat güni: «Oraza tutanlar nirede?» diýlip gygyrylar. Oraza tutanlar girip gutarandan soň, şol gapy ýapylar», (Buhary, Muslim, Nesaýy, Ahmed b. Hanbel).
«Allaha kasam bolsun, orazalynyň agzynyň ysy kyýamat gününde müşk ysyndan has ýakymly bolar», (Buhary).
«Üç kişiniň dogasy ret edilmez:

1.Iftar edýänçä, orazalynyñ?

2.Adalatly döwlet ýolbaşçysynyñ,

3.Mazlumyň». (Tirmizi).
Bu mübärek aýda oraza tutmakdan başga Kuran okamak, sadakalar paýlamak, başgalara agyz açdyrmak ýaly salyh amallaryň hem sogabynyň gat-gat boljakdygy, Pygamberimiz tarapyndan bize habar berlipdir: «Kim bir orazala agyz açdyrsa, özüne onuň sogabyça sogap ýazylar. Üstesine agyz bekleýäniň sogabyndan hem hiç zat kemelmez», (Tirmizi, Ibni Mäje), hadysy muňa mysaldyr.


106

15

4

5

0

0

3
Teswirler:
 Özümiziňki
 Perman [off]
 04.03.2024 / 01:48

+0

Awtor, juda gowy makala ýetirdiñ, minnetdar we höwri köp bolsun hemde ähli tutulýan orazalardyr edilýän aýat töwürler Alla dergähinde kabul bolsun !


Özümiziňki
imissyou  (04.03.2024 / 08:45) 

Perman, Ämin Enşalla

 Premium
 rexha [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 04.03.2024 / 04:57

+0

Men yazjakdym velin gija galaydym oytyan

 Premium
 rexha [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 04.03.2024 / 04:58

+0

Shondada thanks yetrenin ucin

 Premium
 BAY-HAN [off]
  Ýüregi ýüregime syrdaş...
 20.03.2024 / 01:36

+0

Ömrüñ bolsun, sagbol

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Чем Dark_Wolf мутить чистую воду чтобы получить грязную


Tankytlanýan mowzuk näderejede subýektiw we anyk materiallara esaslanmadyk bolsa, tankytlaýan mowzugam şo derejede subýektiw we anyk materiallara...dowamy...

Чем Dark_Wolf мутить чистую воду чтобы получить грязную


Begenip girdim gyzykly diskussiýa başlajagow diýip (saýtda beýleki mowzuklara garanyñda), garaşýan tankydym çykmady. Tankytlamak üçin tankytlanan...dowamy...

Чем Dark_Wolf мутить чистую воду чтобы получить грязную


Jogaba jogap bilen sorag berjek bolupsyň, bu tema giň we senem hakyky yagdayy orta goymak uçin dälde awtory tankytlamak uçin yazanyn gornup dur,...dowamy...

Syrly älem


Kagyz pul: Pullar hakyky kagyzyň aksine, agaçdan däl-de pagta we zygyr matasyndan ýasalýar. Aksine sözüni intäk türkmen diline goşanoklar...dowamy...
Anyk we tebigy bilimler | Syrly älem
The_Dikea (Düýn, 23:36)

Saňa...


Şeýdip ýazaýsaň goşgyny. ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Saňa...
Gulmahrem (Düýn, 21:44)

Ýoluň Ak Bolsun, Wepasyz!


Näme bu? Goşgymy?...dowamy...

Syrly älem


Terjime etdirenson ozünem bir gezek okaymaly ekenim, käbir galan sözleň bar....dowamy...
Anyk we tebigy bilimler | Syrly älem
The_Dikea (Düýn, 21:06)

Alyslarda galan ýar


Halyl Kuly diýip ýazmany täze oýlap tapdyňmy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Alyslarda galan ýar
The_Dikea (Düýn, 21:03)

Üns beriñ bäsleşik!!!


Baslesige barden gatnasan bolarmyka?...dowamy...
Umumy bölüm | Üns beriñ bäsleşik!!!
Minigim (Düýn, 19:53)

Bir arapdan_Bir şarapdan №8


Şo dünýä garaýyş adama gaty täsir etýär. ana, telefon internet çykany bäri ýaşlarymyz näme öwrenýärler. соцапат bolup barýarlar gitdigiçe. Diýjek...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->