Ýürekdeş sözler!
"Bu bäş günlik dünýä ýalançy diýýäs Seniňem adyňa dünýa diýjek men"
rexha [off]05.03.2024 / 15:18
Всё, что хочешь от жизни бери и беги
Şol günler bagtly saýardym özüm,
Kenarda aýlanyp seýil ederdik.
Her gezek hoşlaşyp, birek-birege,
"WEPALYM GARAŞÝAN" diýip giderdik.
Ýadyňdamy saýasynda çynaryň,
Arzuwa gaplardyk ömrümiz bile.
Ýaşyl ýapraklary jemläp daşyňa
Meňzedişiň özüň sary bägüle?!
Ýöne seniň meňzän sary bägüliň,
Aldaw, hiledigni bilmändim belki.
Aslynda özgäniň bagty bolupsyň,
Geýipsiň egniňe donuny tilkiň.
Ine indi herimiz bir maşgala,
Bezäp oturansyň biriniň törün.
Arylar deý gülden güle gonanyň,
Bilsedi, diýmezdi "wepaly ýarym".
Duzagyna düşdim seň guran oýnuň,
Ýa-da seni çeninden aşa söýdüm.
Ýöne seniň ýalançy söýgüň üçin,
Seň adyňa "dünýä" diýip at goýdum.
Awtor:näbelli
107 |
10 |
1 |
4 |
0 |
0 |
1 |
Teswirler:
imissyou [off]
Sylag hemme kişä, söýgi laýyk bolana.
05.03.2024 / 16:45
+0
Duzagyna düşdim seň guran oýnuň,
Ýa-da seni çeninden aşa söýdüm.
Ýöne seniň ýalançy söýgüň üçin,
Seň adyňa "dünýä" diýip at goýdum.
Su setirleri has täsirli
афганка (05.03.2024 / 16:48) imissyou, hawa
Soňky teswirler
Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
Üýtgeşik bir zat aýdyp, ýazyp orta çykyp gepläp bilmejegiňi bilýän. Türkmen telewideniýesinde okalýan goşgylary diňlär ýaly däl. Sen hem şolaryň...dowamy...