Ýürekdeş sözler!
8-nji mart goşgulary
TäzejeGerceknazar [off]
08.03.2024 / 07:39
8-nji martyňa sowgat.
(Öz durmuşymdan degişme)
8-nji martyňa,
Näme sowgat etsemkäm?
"Gawun-garpyz al" diýdi,
Nirden gözläp tapsamkam?
Ine barýan bazara,
Ýanymda-da pulum ýok.
Aýdyň indi nädeýin?
"Ýok" diýmäne dilim ýok.
Aýlandym kän aýlandym.
Tapmadym hiç tapmadym.
Bazarda başagaýlap,
Iki ýana gatnadym.
"Tapmasaň gelme" diýdi.
Indi nädip gaýdaýyn?
Garpyz nirde satylýar?
Gaýrat ediň aýdaýyň.
* * *
8-nji mart
8-nji mart güni,
Elme alyp ter güli,
Käbäm baýramyñ bilen,
Menem gutlaýan seni.
Ödelmejek borjum bar,
Señ öñiñde mähriban.
Sen arkamda arkadag,
Göwnimizde gahryman.
Çagalykdan ulaldyp,
Şu günlere getirdiñ.
Syrkawkam gije ýatman,
Baş ujumda oturdyñ.
Aglanymda hüwdiläp,
Zordan dañyñ atardyñ.
Gitsem ýoluma garap,
Gaýgy-gussa batardyñ.
Dillermide dessandyr,
Mähriñ,pähmiñ, päk yşgyñ.
Saña sowgadym bolsun,
Ine şu ýazan goşgym.
Gerçeknazar Amannazarow.
164 |
22 |
4 |
8 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
EpifiZ [off]
"Life Without Reality"
08.03.2024 / 10:20
+0
Agam gošgylarňy kôp yaz, hôwes bilen okayan gošgylarňy :thumbsup:
BAY-HAN [off]
Ýüregi ýüregime syrdaş...
08.03.2024 / 12:19
+0
Gorkaknazar diyyadi öñem biri :D
Jasmin (17.03.2024 / 02:59)
BAY-HAN, sanamy
Soňky teswirler
Eren Ören s dnyom rozhdeniye jigimjan
00:00 гутлажакдым уклап галыпдырна братишка извини😊...dowamy...
Ýatkeşligi ösdürüň!
Mena name etsemem bolonok men unutyan zadym birinin aydan sözleri yada öz aydan sözlerim garaz kelleden nasagrak men😁...dowamy...