Ýürekdeş sözler!
Diş gitmek
rexha [off]10.03.2024 / 10:49
Всё, что хочешь от жизни бери и беги
Tagam lezzetin alar,
Dahanyňdan diş gitmek.
Aňyrsyzy azdyrar,
Götin döwlet piş gitmek.
Şeýtan ýolun bek eýlär,
Gara ýüzün ak eýlär,
Ýüz müň günä ýok eýlär,
Säher gözden ýaş gitmek.
Peltesiz ýag çyraga,
Yşyk salmaz gyraga,
Ilin salar aýaga,
Aýak galyp, baş gitmek.
Niçe pise zar bolup,
Ýatsaň ýeg bimar bolup,
Hoşdur ýagşa ýar bolup,
Bir ýamandan daş gitmek.
Ulaşmaganlar gama,
Şükr etmezler hoş deme,
Abyraýdyr adama,
Ýagşy gelip, hoş gitmek.
Ýaman dil – ýol ýitirer,
Ýagşy – rehmet getirer,
Äre sangy ýetirer,
Kyrkdan aşyp, ýaş gitmek.
Pyragy dünýä düýşdür,
Düýş görseň, düýbi hiçdir,
Jahanda ýaman işdir,
Gury gelip, boş gitmek.
Magtymguly Pyragy
131 |
18 |
9 |
5 |
0 |
0 |
2 |
Teswirler:
YOLBARSSS [off]
10.03.2024 / 12:04
+0
Magumguly pragyn goşgusuny okayanmy senem
афганка (10.03.2024 / 12:04) YOLBARSSS, Hawa
YOLBARSSS [off]
10.03.2024 / 12:06
+0
Şu innn sonky topbagy Namaz oka diydigi bolya bilyânmi???Wagyzda bady
афганка (10.03.2024 / 12:15) YOLBARSSS, şeyledir
YOLBARSSS (10.03.2024 / 12:16)
rexha,
Ynanonokmy?
афганка (10.03.2024 / 23:10) YOLBARSSS, Ynanamok diýmedim
Perhatsabirovv [off]
Ýoldaşy Allah bolan - Ýolda galmaz...!
10.03.2024 / 15:14
+0
Diş gitmek - Näme many berýärkä?:neznayu:
TäzejeAbdylla81 [off]
10.03.2024 / 16:58
+0
Magtymgilynyñ her bir setiri cuññur kontekstli
афганка (10.03.2024 / 23:10) Abdylla81, Hawa
TäzejeAbdylla81 [off]
10.03.2024 / 17:00
+0
Onuñ yaly adamlar dunya bir gezek gelyar
афганка (10.03.2024 / 23:10) Abdylla81, Hakyky
TäzejeAbdylla81 [off]
10.03.2024 / 17:13
+0
Magtymguly türkmeni nury
афганка (10.03.2024 / 23:11) Abdylla81,Hawaa
TäzejeAbdylla81 [off]
10.03.2024 / 17:18
+0
Magtymguly ahli turki milletleriñ shahyry.
афганка (10.03.2024 / 23:11) Abdylla81, dogry
Täzeje
(10.03.2024 / 23:14)
Abdylla81, hmmm
Adminka [off]
Жизнь шутит а мне не смешно
10.03.2024 / 23:14
+0
Peltesiz ýag çyraga,
Yşyk salmaz gyraga,
Ilin salar aýaga,
Aýak galyp, baş gitmek.:dovolen:
TäzejeFiruza [off]
11.03.2024 / 00:06
+0
:best:
Soňky teswirler
Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
Üýtgeşik bir zat aýdyp, ýazyp orta çykyp gepläp bilmejegiňi bilýän. Türkmen telewideniýesinde okalýan goşgylary diňlär ýaly däl. Sen hem şolaryň...dowamy...