Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Iň halanylmaýan adamlaryň görnüşleri
 Özümiziňki
 Muawiye [off]
 10.03.2024 / 12:28

Töweregimizde göwnümize ýaramaýan, janymyza ýakmaýan adamlar bardyr. Biz bu adamlary haýsam bolsa özboluşly bir sebäbimizden ötri halamaýarys, olara garşy ýigrenç duýýarys. Häzir size nähili adamlary halamaýarsyňyz diýip sorag bersem, hemmäňizem özüňizçe birnäçesini sanarsyňyz. Menem bu makalada şol halanmaýan kişileri, öz tejribäme we okan zatlaryma esaslanyp sanap bermekçi. Bu adamlary diňe käbir adamlar däl-de, örän köp kişi ýigrenýändir. Sebäbi hüý-häsiýetleri, özüni alyp baryşlary, hereketleri adama ezýet baryny berýändir.

1. Diňlemeýänler.
Sanawymyzyň başyna diňlemeýän kişileri goýdum, sebäbi bu kişiler iň halanmaýan we iň düşünjesiz kişileriň hataryna girýändir. Käbir mesele dörär ýa-da bir meselä öz teswiriňi goşmaly bolarsyňyz, biri bilen jedelleşen mahalyňyz käwagt "dünýägaraýşy–düşünjeleri pes" diýersiňiz ýa-da şeýle pikir edersiňiz, ýöne siziňem ýalňyşýan taraplaryňyz bolmagy ähtimal. Ýöne bu olar ýaly däldir, diňlemeýän adamlar arassa düşünjesizdir. Sebäbi ýanyndaky adamyda diňlemelidir diýlen düşünje olar ýaly adamlarda bolmaýar.
Aslynda bu kişiler örän köpdir, hakyky diňleýän adamlar bolsa, tersine örän azdyr. Diňlemeýän kişilere adamlaryň arasyndaky gatnaşyklarda gaty kän gabat gelmek başardýar, hatda käbir adamlar şeýlebir söhbetdeşlik gurmagy, ony dowam etdirmegi başaryp bilenoklar welin "haýp, bular nädip düşünişýär, nädip gatnaşyk gurýar?" diýip, haýranyň hekgerýär.
Diňlemeýän kişileriň ýanyndaky adam, janygyp, höwesek görnüşde bir zat gürrüň berip duran bolmagy mümkin, emma ol diňlemez ýa-da gürrüň berip durka käbiri sagadyna, ýere, töweregine garanjaklan bolar, biri janygyp biri bir zat düşündirip dur, emma ol ne ýüzüne seredýär, ne üns berýär, ne-de aýdýan zatlary onuň üçin wajyp, başga ýerlere, başga zatlara seredip, üns berip durlar. Diýeli bir adam öz durmuşy barada bir zatlar gürrüň berýändir, ýanyndaky adam hem tizlik bilen, näme bolsa bolsun gepi diňe özüne getirer, özüne çeker. Mysal üçin "mende şular ýaly çykgynsyz döwür boldy" diýer welin, ol derrew (bir zatdan galyp barýan ýaly) "mende-de şeýle boldy" diýip, sözüni kesip, sözüni özi alyp ýarym sagat özüniň başdan geçirmesini gürlär, oňa gezek bermez. Iň soňunda sähel dymar (sebäbi gürläp ýadandyr), dymandygyny bilip gürlemedik görgüli ýene söze başlar welin, ol ýene şeýdip sözi agzyndan alyp, ýene ýarym sagat hiç ýaltanman, özüni gürrüň berer. Hatda gürläp durkaň sözüňi kesip, başga tema geçip bilýän adamlaram bar. Özümem gabat geldim, başga birinde-de şaýat bolupdym. Bir meselede gürleşip durdyk biri bilen, menem boldugyça, başardygymça diňleýän. Soň bir zat gürläp durkam bu hem-ä sözümi kesdi, hem-de göni başga tema geçdi, ýagny sen bir zat aýdyp dursuň, bu kişi bolsa gürläp durandygyňa garamazdan göni gepläp, başga tema geçip gitdi. Soň üns beren zadymam şu boldy: Bu kişiniň menden başga gowy gatnaşýan hiç bir dostam ýok, soň menem gatnaşmagymy bes etdim. Hawa, diňlemeýän adamlaryň hijem dosty bolmaýar, bolsa-da ýa özi ýaly biri bolýar (bu kişiler bilenem ýasama gatnaşyk gurýarlar), ýa-da bir bähbit üçin, ulanmak üçin ýanynda bolýarlar.
Eger biri seni diňläp bilmese, diňlemese, özüňi äsgerilmeýän, sylanylmaýan bir adam hökmünde görersiň, hakykatdanam şeýledir. Bu adamlaryň beýleki adamlara hiç hili sylag-hormaty ýokdur (belki özi mundan bihabardyr), şol sebäplem olaryň aýdýan zatlarynyň özi üçin ýekeje-de ähmiýeti ýokdur. Biz diňlemeýän adamlaryň ýanyndan gaçmaga synanyşýandyrys, olary görsek içimizde bir ýigrenç döreýändir, bu ýigrenç hem esasy özümize zyýan berýär.
"Güldür Güldür Show" atly programmanyň bir sahnasynda hem bu barada oýun oýnaldy. Sahnada dünýäde azalyp barýan kişileri görkezýär we olary biri pula satýar, azalyp barýan adamlaryň biri hem, diňleýän adam...
Diňlemezlik we diňlemek barada örän kän zat bar, şuwagt gysgaça düşündirmegi makul bildim. Umuman diňlemeýän adamlar, agzyna köwüş bilen ýelmenip "ýum indi" diýiljek adamlardyr.

2. Gödek kişiler.
Gödek, medeniýetsiz adamlar dünýäniň hiç ýerinde-de kän halanýan däldir. Bu kişilerem edil birinji sanawdaky ýaly örän kändir. Gödekligi diňe bir zat bilen çäklendirmek, megerem ýalňyş bolsa gerek. Hereketleri, edýän zatlary, häsiýetleri, bir zady gürrüň berişleri, maslahatlary, gülüşleri, söhbetdeşlikleri, birini halaýyşlary, gepiň keltesi hemme zady gödekdir ýa-da şulardan haýsam bolsa biri bardyr. Mysal üçin, köpçülik ýerlerinde, baýramçylyklarda çygyryp, çirkin gülýän kişiler bardyr. Bir kişiniň gülşi şeýle bolup biler elbetde, emma edil köpçülik ýerinde, adamlaryň üýşüp, aýlanyşyp ýören ýerinde, bir kişi edil şeýle sesi bilen gygyryp, hemme kişä eştdirip gülýän bolsa, men bu kişiniň gopbamsy, üns berilmegini isleýän, mydama ünse, alkyşa mätäç kişidigini pikir ederin. Gelşikli hereket däl, hiç bir adamam beýle hereketleri halamasa gerek. Ýa-da bir zat maslahat bererler, emma sögünç, paýyş sözleri, gödek sözleri sözlemleriniň başynda, ortasynda we soňunda-da ulanarlar, şeýdip bir zady düşündirmäge synanyşarlar. Oňa-muňa sataşyp, ýok ýerden ot gorsadýan, dawa-jenjel döredýän kişilerem bar. Bu kişileriň ýüzlerine adamlaryň çyg görnüşde ýylgyryp seretmekleri ähtimal, emma arka tarapdan, kän idili däldigi gürleşilip, gepi edilip durulýandyr.
Eger gödek häsiýetleriňiz bar bolsa, bir zady gödek görnüşde düşündirmäge, etmäge synanyşýan bolsaňyz, üns bermegiňiz size peýdaly bolup biler.

3. Bilmän gürleýänler (jahyllar).
Aslynda maňa sorasaňyz, meniň üçin birinji ýerde durup biljek kişiler bolup biler. Elbetde hiç birimizem hemme zady bilip bilmeýäris. Dünýäniň, maglumatlaryň, täze çykyp duran maglumatlaryň, habarlaryň, kitaplaryň soňy ýok. Näçe okasaň okap, öwrenip otyrybermeli. Öwrenmegiň bir çägi ýok. Biziň bu ýerde gürleşjek kişilerimiz, gürleýän zady barada ýeterlik derejede maglumaty bolmasa-da, göýä şol meselede kän zat öwrenip, dürli pikirleri seljerip, öz düşünjesini täzelemän, ylymyň soňuna çykan ýaly hasaplaýan kişiler. Adamlary (sowatly adamlary) dälliredýän kişiler diýsek, ýalňyş bolmaz diýip pikir edýäris. Sebäbi bilmän gürleýän kişiler bilen akylly-başly adamlar kän jedelleşmeýärler, dawadan gaça durýarlar, olara bir zat düşündirmegi ýüregine düwen kişilerem iň soňuna ussat şahyrymyz Mätäjiniň "jeň eýleme jahyl bilen" diýen goşgy setirine eýerýärler. Hemmäňizem durmuşda, wirtualda gabat gelensiňiz. Elbetde siziňem jahyl ugurlaryňyz bardyr. Meniňem, hemme kişiňkem bar. Ýöne bir ugry gowy bilýänsiňiz we düşündirjek bolýansyňyz, ol bolsa şonça janygyp durmagyňyza garamazdan asla düşünmez, has dogrusy, düşünmek islemez. Düşünmeýändigini bilip, aýdýan zadyňyzy deliller bilen berkitmäge, ony bir mantyga ýerleşdirmäge synanyşyp gürlärsiňiz, şonda-da kabul etmez, gaýta özüniňkiniň dogrydygyny ykrar edip durar her gezek. Siziňem gaty gaharyňyz gelip, sögmän zordan saklanyp duransyňyz. Hatda köpüsi iň soňunda bolmajagyny bilip, dälliräp, agzyndan gelenini diýip gidäýýär. Şeýdibem, ýene akylly ýalňyş zat aýdan ýaly görünýär, bu hem bizi iň gynandyrýan zatlaryň biri. Bu barada gürlesek diňe gürläp oturmaly bolarys, sebäbi gaty köp zat bar aýdyljak edil şu meselede. Emma käbir zatlary belläliň. Bilýän bir meseläňizde, sowatly bolan ugruňyzda gürläp duran mahalyňyz, hoşniýetli görnüşde düşündirip durkaňyz kimde-kim "maňa akyl öwretme", "akyl satma", "akyllysyrama", "aklym özüme ýetik" ýaly sözleri diýýän bolsa, uly ähtimallyk bilen şol kişi jahyldyr. Sebäbi şeýle zat bar: Intellektual taýdan kämilleşen, kämil düşünjeli adamlar mydama dürli garaýyşlara taýyn bolup, olary diňleýändirler. Adamlar bilen pikir alşyp, dünýägaraýşyny giňeltmäge synanyşýandyr, düşünjeleriniň ýalňyş taraplaryny kesgitläp, boldugyça has dogry düşünjä, has dogrusy hakykata eýermäge synanyşýar. Eger biri siziň ugruňyzy ýa-da gürleýän temasyny hem bilmän size gödeklik bilen jogap bermäge synanyşýan bolsa ol kişi kämil garaýyşa eýe däldir. Hemme kişem beýle adamlary örän ýigrenýändir. Esasanam siz bir ugurda gowy gürläp durkaňyz, hiç maglumaty bolmasa-da seniň sözüňi kesip, ondan-mundan eşden zatlaryny aýdýan kişiler gaty kändir. Ilber Ortaýly "ýarty jahyl" kişileriň has howpludygyny nygtaýar, jahyl kişiler bolsa olar ýaly däldir. Jahyla düşündirseň, öwrener. Sebäbi bilýän däldir. Emma ýarty jahyl howpludyr, öz derejesini bilmän illere ders bermäge synanyşýandyrlar. Ýene-de bilmeli zadymyz bolsa, mydama "şonuň aýdýan zatlary mamla bolup bilermi?" ýa-da "meniň pikirim nädogrymyka?" diýip özüňize soraň. Biz mydama mamla çykmaga mätäç däl, mydama hemme meselede bilýän biz bolmaga (şeýle görünmäge) mätäç däl, hakykatda şeýle bolsagam. Bilmeýän bolsaňyz hökmany suratda muny kabul ediň, bu kämilleşmek ýolunda, esasanam öz hakykatlaryňyzy görmek, seljermek ýoluna birinji ädimdir.

4. Tapawutly görünmäge synanyşýanlar.
Bu kişiler barada biri edil şular ýaly "halanmaýan adamlar temasynda gürläp durka habardar boldum, aslynda bilýärdim şeýle adamlaryň bardygyny, ýöne edil üstünde kän pikir etmändim. Soňra pikir etdim welin, hakykatdanam şolar ýaly adamlaryň kändigine göz ýetirdim.
Bu adamlar özüne üns berilmegini isleýän, elmydama şony tama edýän adamlar bolandygy üçin islendik meselede tapawutlysyran bolýarlar, tapawutly görünmäge synanyşýarlar. Mysal üçin adamlaryň öňünde "ak" we "gara" ýaly saýlaw durandyr. Hemme kişi agy saýlar ýöne ol garany saýlar. Sebäbi bolsa, ol tapawutly bolmaga "mätäçdir" we hemme kişiden üýtgeşikdir, geňdir, täsindir, ylymlydyr. Özleri şeýle pikir edýärler. Bu adamlar köplenç akmak adamlar bolýar, bular jahyl däldir. Akmaklyk bilen jahyllyk tapawutly zatlardyr. Jahyl adam doly bilýän däldir, bilmeýändigi üçinem ýalňyş karar berýändir, ýalňyş gürleýändir. Ýöne öwredersiň welin, özem biraz öwrenmäge meýilli bolsa öwrener, şol ýerde-de gep tamamlanar. Akmaklar bolsa bilýändir, bilmegine garamazdan ýalňyş zatlary edýändirler. Jahyllar bilmek, öwrenmek üçin ýeterlik serişdelere (kitaplar, internet, telefon, telewideniýa) eýe däldirler. Ýöne akmaklaryň töweregi maglumatlardan, kitaplardan dolup ýatandygyna garamazdan, olar ýene ýörite iň dereksiz zatlary edýändirler.
Arada "Link" atly sosial programmada biri maslahat sorapdyr. Ejesi gaty erbet eken, hiç söýgi bermändir, hiç mähir bermändir. Idili terbiýe bermändir, üns bermändir. Hatda durmuşa çykandan soňam durmuşyna goşulyp, äri bilen arasyny açypdyr, iň soňunda ärinden aýrylyşmaga mätäç bolupdyr. Aýrylyşmagyna bir ýyl bolupdyr, psihologiýasy gowy bozulypdyr. Hemme dermanlary alandygyny, lukmanlaryň diýen zatlaryny edendigini, şonda-da gowulaşmandygyny ýazypdyr. Üstesine lukmanlar haýran galyp "biziň elimizden zat gelenok" diýip, başga ýerleri maslahat beripdirler. Aýal maşgalaň şeýlebir psihologiýasy bozulypdyr welin özüni öldürmäge synanyşypdyr. Näme ederini bilmän, maslahat soraýar. Şonda hemme kişi diýen ýaly Alladan şypa diläp, gowy-gowy dilegler edipdirler, özboluşlyja maslahatlar beripdirler, gynanjyny bildiripdirler. Emma arasynda käbir düşünjesiz we tapawutly görünmäge synanyşýan kişiler, ýene özlerini görkezipdir. Biri "biz seniň maşgalaňy bilemzok, belki seniň günäň bardyr" ýaly zatlar ýazypdyr. Bolman biz onuň maşgalasyny bilemzok, hiç bir adamam bilenok, näme bolupdyr, kim günäkär, bu zatlary bilip bilmeýäris. Bolman haýsy maslahat soranyň dannysyny biljek, haýsy maslahat soranyň nähilidigini biljek, hiç hili bilip bolmaýar, häzir bir kişi size gynanyp başdan geçirenlerini aýtsa, siz nirden biljek onuň 10 ýylda maşgalasynda nämeler başdan geçirendigini? Emma biziň temamyz ol däl, biziň temamyz "maşgalasynyň nähilidigi barada çaklamalar" däl, ýa-da "haýsy günäkär" däl, biziň temamyz, biziň maksadymyz çäresiz galyp, näme etjegini bilmän maslahat soran kişä aýdan zatlaryny çen tutup maslahat bermek. Bary edip biljek zadymyz şu, mundan başga edip biljek zadymyz ýok, halaňokmy ýazmada geç, hökman bolgusyz, tapawutly zat diýmäge mätäç däl ahyryn sen. Bular hem iň ýigrenilýän adamlardyr, bular ýaly adamlara duşulanda beýleki adamlarda negatiw bir garaýyş döreýär. Olara betgümanlyk bilen seredýärler. Tapawutlysyran bolmagy islemek bilen, pikiriň tapawutly bolmagy tapawutly zatlardyr.


Şuwagtlykça, şulary ýazdym. Sizem halamaýan, ýigrenýän adamlaryňyzy haýsy häsiýeti sebäpli ýigrenýändigiňizi teswirlere ýazyp bilersiňiz. Pikir alyşalyň.


149

27

5

5

0

0

0
Teswirler:
 Özümiziňki
 Perhatsabirovv [off]
  Men hiçkim birazajyk pikirlen...!
 10.03.2024 / 15:13

+0

1. Diňlemeýänler hataryny hiç bir kişi hem halamaýan bolsa gerek

 Özümiziňki
 halmyradov [off]
  #Singer
 10.03.2024 / 20:17

+0

#yalandan gulen bolyan adamy tutp olluresm gelyada

 Öwreniji
 Akademik2 [off]
  YEKETAk.RU
 14.03.2024 / 06:49

+0

Mena yalan sozleyanleri iyesim gelya

 Özümiziňki
 Crazy-boy [off]
  Yamaçlarından sapsarı saçlarından avuçlarından A❤️
 14.03.2024 / 07:32

+0

yalan sozleyanleri tutypjyk neme edesim gelia


Premium
Admin [1s] (14.03.2024 / 10:03) 

Crazy-boy, Neme edibem bilyanmi sen


Özümiziňki
Crazy-boy  (14.03.2024 / 10:05) 

Admin, hawo agam saytda aktiw men sugun 5 sagatlap yeke otyryn admin berayinoouu icm gysyaa

 Gytyndan
 Adminka [off]
  Durmuş doly yenil kelleden#
 14.03.2024 / 10:31

+0

Tapawutly görünmäge synanyşýanlary yyrtyk gama salyp akdyrasym gelya

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Dillen..!


Gowy bolan 🙂...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dillen..!
Belki (Şugün, 18:30)

Dillen..!


Şular ýaly goşgy ýazyp bilýärkäňiz, näme ün adyňyzy gizleýärsiňiz? Buýsanmak gerek. Juda täsirli goşgy. Okanyňda suw ýaly akyp dur. Ylham çeşmä...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dillen..!
Gulmahrem (Şugün, 18:17)

Dillen..!


😇:-)))...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dillen..!
Машарипова (Şugün, 18:09)

Dutar heňi🙂


Goşgyny birtäsin gördüm bir zat aýdyljak bolan ýaly welin gepiň uzap gitmegi bilen gyzygyny gaçyrypdyr. Awtora Üstünlik ýetirip duruň!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dutar heňi🙂
Hyyalbent (Şugün, 17:03)

Adamlara ynanyp


Hekaýalaram bar öýdýän şu şahyryň?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Adamlara ynanyp
Gulmahrem (Şugün, 16:21)

💎💎💎💎


Goşgyny adatyrak gördüm soňky iki goşgusynam ýa meniň goşgudan gözleýän zadym başgaçarak zatdyr, garaz her kime her hili goşgy ýaraýar. Awtora Üs...dowamy...
Erkin mowzuklar | 💎💎💎💎
Hyyalbent (Şugün, 14:08)

💎💎💎💎


Tarypyna söz yok juda gowyy...dowamy...
Erkin mowzuklar | 💎💎💎💎
Hanogul (Şugün, 12:50)

💎💎💎💎


Malades...dowamy...
Erkin mowzuklar | 💎💎💎💎
Akademik3 (Şugün, 12:41)

Ýüregimiň armanydyr


Brawooo...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýüregimiň armanydyr
Akademik3 (Şugün, 12:40)

c/c++ programma dilinde ilkinji programma


İslenilip capa cykan gornusi bu suratda yerlesdilen...dowamy...
Programmirleme dilleri | c/c++ programma dilinde ilkinji programma
Akademik3 (Şugün, 12:16)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика