“❤️ Saýtdaky reklamalary aýyrmak isleseňiz PREMIUM hasapdan peýdalanyň.❤️ ”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Yeketak.ru - ýenede siz bilen
Ýürekdeş sözler!
Yağmur gibi sev beni. Kaçmak mümkün olmasın

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Düzme
 Betinden
 rexha [off]
 11.03.2024 / 23:54
 Рaзочарована, но них*я нe удивлена🗿

Arkadag şäheri nusgalyk şäher.
Meýilnama:
1.Dilleriň dessany.köňülleriň bossany.
2.Arkadag şäheriniň "akylly şäher" diýip atlandyrylmagy.
3.Arkadag şäheri-şäher gurluşygynyň täzeçil nusgasy.
4.Arkadag şäheri-ýaşlygyň we gözelligiň şäheri.

1.Dilleriň dessany köňülleriň bossany bolan Arkadag şäheri türkmen halkynyň bagtydyr, bagtly döwranydyr.Döredijiligiň, abadançylygyň we beýik ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan türkmen halkynyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak wakalaryň biri bolup geçdi, ýagny binagärçiligiň merjeni bolan «Arkadag» şäheriniň açylyş dabarasy boldy. Täze şäheriň diňe bir sebitde däl, eýsem, dünýäde nusgalyk şäherdigine aýratyn bellärlikli. Çünki “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen ajaýyp şäherde sanly ulgamyň iň döwrebap nusgalaryny görmek bolýar. Şu ýerde “akylly” öýler hakynda durup geçsek, ylymyň şeýle ýokary derejede ösýän döwründe iň täze tehnologiýalaryň durmuşa ornaşdyrylmagy, ýaşaýşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülmegi döwrüň batly gadamlar bilen öňe barýandygyny görkezýär. Bu gün diňe bir bina däl, desga däl, eýsem, döwrebap şäher kemala gelýär, şäheriň ulgamlary döreýär, adamlar üçin giň mümkinçilikler ýola goýulýar. Bularyň hemmesi belent waspa mynasypdyr, alkyşly sözlere eýedir.

2.Merdana pederlerimiz guýy gazmagy, köpri gurmagy, bina galdyrmagy parz we sogap iş hasaplapdyrlar. Asyrlaryň dowamynda türkmeniň zandyna ornan bu ilhalar ýol-ýörelge Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da rowaçlanýar.Gahryman Arkadagymyzyň ýiti paýhasynyň, ilhalar syýasatynyň miwesi bolan, dünýäniň meşhur kompaniýalarynyň kämil enjamlary bilen abzallaşdyrylan bu şäher «akylly şäher» adyny ýöne ýere alanok. Çünki ähli desgalar, ymaratlar ösen tehnologiýaly enjamlar arkaly dolandyrylýar. Şeýle bolansoň ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň hili-de, höziri-de aýrybaşgadyr. Iň döwrebap, häzirki döwrüň ähli mümkinçiligini özünde jemleýän “akylly” şäheri kemala getirmek, gurmak ykdysady taýdan kuwwatlygy, durnukly ösüşi, berk binýady aýdyň beýan edýär. Bu günki günde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty has-da pugtalanýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygider ýokarlanýar. Şäherde häzirki zaman wideogözegçilik ulgamy, gaz, suw we energiýa üpjünçiligi, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň döwrebap serişdeleri hereket edýär. Bu bolsa gulluklaryň işine gözegçilik etmäge we hojalygy döwrebap derejede dolandyrmaga, bilim, saglygy goraýyş, beýleki möhüm pudaklarda öňdebaryjy sanly çözgütleri peýdalanmaga mümkinçilik berýär.Halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmagy baş ýörelgesi hasaplaýan Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde sähel wagtyň içinde täze şäher guruldy. Täze ýylyň öň ýanynda bu şähere göwün islegimiz nazarda tutulyp, Arkadag adynyň dakylmagy kalbymyza şatlyk nuruny çaýdy.

3.Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk täzeçil gurluşyk taslamasynyň, “akylly” şäher konsepsiýasynyň amala aşyrylmagy uzak geljegi nazarlaýan iri möçberli taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Bary-ýogy birnäçe ýylyň içinde Köpetdagyň ajaýyp künjeginde emele gelen ekologik taýdan arassa we owadan şäheriň ýurdumyzyň möhüm ylym-bilim, medeni, halkara merkezine öwrülmegi, oňa kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher derejesiniň berilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýetilen beýik sepgididir, uly üstünligidir.Giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasyny esaslandyryjy we bu taslamanyň başyny başlan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen täze şäher IT tehnologiýalaryň we häzirki zaman binagärlik çözgütleriniň nusgasyna öwrüldi. Ol dünýäniň şähergurluşyk maksatnamasynyň we milli binagärlik ýörelgeleriniň täzeçil meýillerini özünde jemleýär. Muňa şu günki foruma gatnaşyjylar hem aýdyň göz ýetirdiler. Forumyň çäklerinde ýörite sergi guraldy. Onda halkara maslahata gatnaşyjylar şäherleriň we sebitleriň durmuş ulgamynyň guralmagyna, gurluşyk-senagat toplumynyň ösdürilmegine gönükdirilen täzeçil tehnologiýalar bilen tanyşdyryldy. Munuň özi bu toplumyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň geljegi uly we sazlaşykly ösýän pudaklarynyň biridigini, energetika, himiýa pudaklarynda, ýol gurluşygynda amala aşyrylýan özgertmeleri giňden görkezýär.Şäheriň ekologik ýagdaýyna uly üns berildi. Şeýlelikde, daşky gurşawa zyýanly galyndylary we zyňyndylary azaltmaga, geljegiň ulagy hasaplanýan elektromobilleriň hem-de elektrobuslaryň ulanylmagyna hemmetaraplaýyn ähmiýet berilýär.

4.Arkadag şäheri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlup, onuň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 10-njy aprelinde badalga berildi. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, täze şäher sebitde iň iri we ekologiýa taýdan arassa şäherleriň birine öwrüldi. Şäheriň birinji tapgyrynda 336 sany bina we desga, şol sanda ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary, dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen çagalar sagaldyş dikeldiş merkezi, hassahanalar, orta mekdepler, çagalar baglary, edara binalary, inženerçilik ulgamlary we beýleki möhüm ähmiýetli desgalar gurlup ulanmaga berildi. Has takygy, bu iri şäheriň birinji tapgyrynda 11 sany jemgyýetçilik binasy, 25 sany edara binasy, 19 sany bilim edarasy, 258 sany ýaşaýyş jaýy, 9 sany saglyk we sport binasy guruldy. Olar bilen bir hatarda, inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň hem 14 sanysynyň gurulmagy taslamanyň örän giň geriminden habar berýär. 2023-nji ýylyň 16-njy iýunynda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryna badalga berildi. Şäheriň ikinji iki gatly ýaşaýyş jaý toplumy, seýilgäh, häzirki zaman kommunikasiýalar ulgamyna degişli döwrebap serişdeler zolaklary, ýol hereketiniň statistiki hasabatyny elektron ulgam arkaly tabşyrmagyň programma üpjünçiligini amala aşyrýan elektron resminama dolanyşyk ulgamynyň merkezleri bina ediler. Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry 2023 – 2026-njy ýyllarda amala aşyrylar. Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda her biri 720 orunlyk umumybilim berýän mekdepleriň 5 sanysy, 320 orunlyk çagalar baglarynyň 9 sanysy, saglyk öýi, ýangyna garşy göreş gullugynyň, Arkadag şäheriniň häkimliginiň edara binalary, muzeý, «Saglyk» seýilgähi, söwda we hyzmat ediş toplumy, her biri 30 öýli, 5 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 36 sanysy, her biri 40 öýli, 5 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 36 sanysy, her biri 42 öýli, 7 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 24 sanysy, her biri 54 öýli, 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 14 sanysy, Arkadag şäheriniň demir ýol we awtomobil menzilleri, şäheriň awto toplumy hem-de bellige alyş bölümi bina ediler. Şeýle-de bu şäher 415,4 kilometr agyz suw, suwaryş, sil suwlaryny sorujy akabalary, suwuň derejesini peseldiş ulgamyny we lagym geçirijilerini, 62,9 kilometr gaz geçirijini, 344,2 kilometr elektrik geçirijileri, 210 kilometr aragatnaşyk ulgamlaryny, 74,9 kilometr awtomobil ýollaryny öz içine alar. Ýatladyp geçsek, 2023-nji ýylyň ýanwarynda Arkadag şäheriniň baş metjidiniň düýbi tutuldy. Metjidiň umumy meýdany 34,5 gektara deň bolup, ol birbada 15 müňden gowrak adama namaza durmaga mümkinçilik berer. Onuň sadaka jaýy bolsa 1500 adama niýetlenendir. Baş metjidi her biriniň beýikligi 104 metre ýetýän minaralaryň 4 sanysy bezär we olarda ýokary tizlikli liftler oturdylar. Minaralaryň biriniň içinde dürli dolandyryş otaglary, şol sanda duşuşyklardyr gepleşikleri geçirmäge niýetlenen ýörite otaglar ýerleşer. Minaralaryň birinde 97 metr belentlikde syn ediş meýdançasyny gurmak göz öňünde tutulýar. Biz ýaşlara zähmet çekmäne, döredijilik bilen meşgullanmaga, bilim almaga, okamaga, öwrenmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lidermiz Gahryman Arkadagymyzyñ, Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.


108

22

4

9

0

0

2
Teswirler:
 Betinden
 rexha [off]
  Рaзочарована, но них*я нe удивлена🗿
 12.03.2024 / 00:05

+2

Bir agzaň haýyşy boýunça ýazyldy,belki içiňizde käwiriňize gerekdir.


Täzeje
Taze-Yuz  (12.03.2024 / 00:07) 

rexha, 4nji meyilnamanam yazay 4 edayeli


Betinden
rexha  (12.03.2024 / 00:08) 

Taze-Yuz, şony sen ýazsaň näderkäraý


Täzeje
Taze-Yuz  (12.03.2024 / 00:11) 

rexha, Gayrat ed


Betinden
rexha  (12.03.2024 / 00:13) 

Taze-Yuz, ýazdym senem ýapyşdyrda ýazywer,şowly bolsun

 Özümiziňki
 Crazy-boy [off]
  Yamaçlarından sapsarı saçlarından avuçlarından A❤️
 12.03.2024 / 00:09

+0

bu name duzmesay?? dusunmedm 3 gezek okap cykdym eyyam bir gramam dusunmedm bu bletmi tkm dilinden?


Täzeje
Taze-Yuz  (12.03.2024 / 00:13) 

Crazy-boy, Yasyn yetende düşünersiň


Betinden
rexha  (12.03.2024 / 00:13) 

Crazy-boy, kelle düzüw däläý şuwagt ertir jogaplarn

 Gerekli
 imissyou [off]
  Ben kabuk tutan yaramı bir kez daha Kanatmam..!!!
 12.03.2024 / 00:20

+0

Bet Düzme bolupdyr mlds


Betinden
rexha  (12.03.2024 / 00:21) 

imissyou, Sau

 Öwreniji
 EpifiZ [off]
  "Hello Everybody, My Name İs..."
 12.03.2024 / 20:58

+0

Tûweleme


Betinden
rexha  (12.03.2024 / 20:59) 

EpifiZ, ok.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ýürekdeş.ru-nyň ýenede Real duşuşygy


mlds mn ag gouy pikir...dowamy...

Ýetim...


bravo...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýetim...
rexha (Şugün, 01:10)

Yshgyn guyji


Oňat👍...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yshgyn guyji
rexha (Şugün, 01:10)

Arym alan durmuş (hekaýa)


Tasirli...dowamy...

biçak ahmyrly ÿörkäm


Gowken👍👍🔥...dowamy...

Tohmediň pidasy bolan gyz hekaya


Goşulyan şoňa...dowamy...

Käte görünmeýär her bakýan ýeriň


Bravo...dowamy...

DURMUŞY ÝAŞAP ÖWRENMELI...


manyly...dowamy...

Belalım...


Taladro bilen aýtýany vara gaty gynanchlo...dowamy...
Erkin mowzuklar | Belalım...
rexha (Şugün, 01:05)

Näbelli tanşyñ!


yetirip dur dos gowy eken)...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Näbelli tanşyñ!
Diamante_08 (Şugün, 01:05)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика