Ýürekdeş sözler!
Ogrynyň ölümi
Perman [off]
13.03.2024 / 00:39
Käte ýeke çykyp gijeden-gije,
Käte şägirtlerin yzyna tirkäp,
Gijeler ogurlap towukdyr jüýje,
Bir ogry ýaşanmyş obany çürkäp.
Asyl bir oba däl onuň çürkäni,
Köp ýerlere ýeten eken yzasy.
Ahyr bir gün…
Ajaýyp bir ýaz güni
Dolanmyşyn o bendäniň kazasy.
Üýşüşip bir ýere ilen-çalany,
Däbe görä öwenmişler öleni:
- ýatan ýeri ýagty bolsun pahyryň,
Ahyretde hemra bolsun imany.
Arman, ýöne tapylgysyz ýigitdi,
Hiç bilmezdi iliň hakyn iýmäni.
Daýysy, dogany, ýegen, ýeňňesi,
Däbe görä öwenmişler hemmesi.
Ýasa gelen garryja bir ýaşulyň
Ýeke özi galanmyşyn seretse.
Onsoň bu-da öwenmişin özüçe:
“Ogrujady, ogrujady, neresse…”
Halyl Kuleýew
157 |
22 |
5 |
7 |
0 |
0 |
1 |
Teswirler:
Perhatsabirovv [off]
Ýoldaşy Allah bolan - Ýolda galmaz...!
13.03.2024 / 02:21
+1
Ýaşuly gowy edip taryplapdyrow:yahoo:
Burning (14.03.2024 / 17:47)
Perhatsabirovv, ,,Halk seniñ aýnañdyr..." diýen ekenler könelermiz.
BerdiB [off]
13.03.2024 / 04:04
+1
Halyl Kulyyew Güyçli şahyr goşgulary okasan Lezzetli
Burning (14.03.2024 / 17:49)
BerdiB, anyk, juda zehinli şahyrdygyny goşgylary suwt etýär
Akademik2 [off]
13.03.2024 / 09:25
+1
Agam mana yazdynmay bu gosgyny dz gyz alyp gacanymam yazmalydyn:lol:
Burning (14.03.2024 / 17:51)
Akademik2, ýokhow awtory bar ana... päheý, sañada ,,şutga" gerek:d
Dreamfull [off]
Каждому нужен кто-то, кто его выслушает.
13.03.2024 / 17:50
+1
Dine olsen sheydp owyalermika gy
Burning (14.03.2024 / 17:52)
Dreamfull, adamyñ gadyry öleninden soñ bildirýär...
yurekdes (14.03.2024 / 22:07)
Dreamfull, biz olsek yzymyzdan
"Dalijedi dalijedi neresse" diyerler ekizim 🤣
Dreamfull (14.03.2024 / 23:04)
yurekdes, :ha:soso
Adminka [off]
Жизнь шутит а мне не смешно
14.03.2024 / 10:34
+1
Bravo,yetrip dur
Burning (14.03.2024 / 17:53)
Adminka, nesip bolsa, boldugyndan
Soňky teswirler
Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
Üýtgeşik bir zat aýdyp, ýazyp orta çykyp gepläp bilmejegiňi bilýän. Türkmen telewideniýesinde okalýan goşgylary diňlär ýaly däl. Sen hem şolaryň...dowamy...