“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
General : Süýji ýalan bary bir ajy hakykata öwrülýär

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Pul ber oglum ejeň bir ýyl ýaşasyn
 Özümiziňki
 halmyradov [off]
 14.03.2024 / 11:21
 Durmush doly yenil kelleden#

Käbäň ýatyr keselhanada dertli,
Ýygýan döwri geçdi, bugdaý hoşasyn,
Lukman, ömrün saklap biläýjek şertli,
Pul ber oglum, Ejeň bir ýyl ýaşasyn!

Bir ýyl ýaşatmaga umyt bar ýaly,
Operasia talap, edip dur jany,
Gerek bolsa satyp, bar dünýe maly,
Pul ber oglum, Ejeň bir ýyl ýaşasyn!

Elli müň dollar bes, ýeke ýyl ömre,
Pul baýlygy ejeden eziz görme!
Ýaýdanma perzendim, boýnuňy burma,
Pul ber oglum, Ejeň bir ýyl ýaşasyn!

Ulaldypdy seni, ysyy mähirläp,
Beýgeldiň, han bolduň, şäherde ýerläp,
Rak-a uçrap, käbäň hor ýatyr derläp,
Pul ber oglum, Ejeň bir ýyl ýaşasyn!

On ýyl ýygnasamam, pensiam ýetmez,
Karz alsam üzmäge, ömrüm milt etmez,
Bir ýyl başyň sypap, hiç zyýan etmez,
Pul ber oglum, Ejeň bir ýyl ýaşasyn!

Ynha, otuz ýyldyr öýden gaýdanyň,
Bizi ýeke goýduň, etmän aýdanyň,
Wah, dert tapaýdyda ýaşar öýdenim,
Pul ber oglum, Ejeň bir ýyl ýaşasyn!

Otuz ýylda soramadyk bir şaýlyk,
Pensiamyza iýdik, ýyrtyjak geýnip,
Geldim çäre tapman, öňüňe eglip,
Pul ber oglum, Ejeň bir ýyl ýaşasyn!

Diýdi ogul: "Mende pul barmy näme?"
Münýän mersedesi, altmyş müň däne,
Maşyna dözenin, dözmedi jana,
Ýöne bir janam däl, Eje ol Käbe!
Gynanýan, pul söýmek öwrülýär däbe,
Ataň bu haýyşy uçdy asmana,
Pul ber oglum, Ejeň bir ýyl ýaşasyn!



#Kerim_hally


143

14

3

6

0

0

2
Teswirler:
 Gerekli
 Adminka [off]
  Жизнь шутит а мне не смешно
 14.03.2024 / 11:25

+2

tasirli

 Täzeje
 Diamante_08 [off]
  Yalnız olmak yanlış bir kalpte olmaktan iyidir.
 14.03.2024 / 13:13

+1

yetirip dur

 Täzeje
 BerdiB [off]
 15.03.2024 / 00:05

+1

Başyny, we sonunyn iki setirni okap bildim! Eje hakda gynançly zadlary okap bilemok gowy gynançly

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Üýtgeşik bir zat aýdyp, ýazyp orta çykyp gepläp bilmejegiňi bilýän. Türkmen telewideniýesinde okalýan goşgylary diňlär ýaly däl. Sen hem şolaryň...dowamy...

Başsyz gurjaklar/ hekaýa


Birhileklaý...dowamy...
Erkin mowzuklar | Başsyz gurjaklar/ hekaýa
афганка (Şugün, 10:12)

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Nahili gechdi sohbetdeshlik...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
афганка (Şugün, 10:07)

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Nahili gechdi sohbetdeshlik...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
афганка (Şugün, 10:06)

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Blaaa gecip gitda indi hacan berilya yaylyma...dowamy...

ARZYLY GÜN


Shu oglanam gowy yazyan eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | ARZYLY GÜN
MG8 (Düýn, 22:45)

Goşgy_1


Gowy shahyr gowy goshgy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Goşgy_1
MG8 (Düýn, 22:42)

JESET OGRUSY. 7-nji bölüm


Ay nahili bolday...dowamy...

Maňa sabyr ber Allam!!!


Temasy gowy eken...dowamy...

Soltan Jelaleddin. Ikinji garpyşyk


W.yanyn eseri...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->