Ýürekdeş sözler!
Sen gitdiñ.....
Dreamfull [off]
10.01.2024 / 17:50
Каждому нужен кто-то, кто его выслушает.
Sen gitdiň. Men senden galdym aýrylyp, Gör, indi men nirde, sen nirde galdyň. Aýdym aýdýar aramyzda aýralyk.
Diňlemeli boldum,diňlejek däldim.
Indi asla eşdebilmen sözleriň,
Seňem meni görebilmez gözleriň.
Sen hoşlaşman gitdiň. Şeýdeniň üçin
Alkyşymam, gargyşymam dözmerin.
Indi bize iller ogryn garamaz,
Indi baga barmarys biz bileje.
Barmaklarym saçlaryňy daramaz,
Posadan soň bulaşanda çalaja.
Sen gidip, gör, jyda düşdüm, kän zatdan,
Elbetde, men ýitgim üçin gülmedim.
Sen gitseň-de, iň mukaddes bir zatdan,
Söýmeklikden mahrum edip bilmediň.
(G.Daşgynow)
108 |
8 |
0 |
2 |
0 |
0 |
1 |
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
Üýtgeşik bir zat aýdyp, ýazyp orta çykyp gepläp bilmejegiňi bilýän. Türkmen telewideniýesinde okalýan goşgylary diňlär ýaly däl. Sen hem şolaryň...dowamy...