Ýürekdeş sözler!
"Sünçäniň Suwy"
zveezda [off]
19.03.2024 / 00:00
Adamly günlerden aramy açdym, adaty günleriň gyzygy gaçdy
Bu nä gadymýetden gelýän adat deý,
Mydam akar durar Sünçäniň suwy.
Misli çaýa goşlan şeker - nabat deý,
Jana ýakar durar Sünçäniň suwy.
Çeşmeleriň belent dagdan gaýdarlar,
Tolkunjyrap şat aýdymlar aýdarlar.
Ahmal bolsaň, gujagyndan gaýdyrlar,
Ganat kakar durar Sünçäniň suwy.
Kim bilmeýär "Kyrkgyz atly" sakaňy,
Şondan dälmi daglaň bilniň bekäni.
Giňden açyp gül dakynan ýakany,
Gülüp bakar durar Sünçäniň suwy.
Gözel boýuň zowky - sapa jaýymy,
Bu Zemine berlen eşret paýymy.
Ýa - da Araz çaýynyň ekiz taýymy,
Dolup akar durar Sünçäniň suwy.
Ene ýapdyr mähir siňen mesgeni,
Şonuň bilen akar durar gös - göni.
Eziz obam, sensiň köňlüm bossany,
Güller ýakar durar Sünçäniň suwy.
Şyhmyrat Batyýew
Garagum Żurnaly 2012 ý
94 |
9 |
2 |
3 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Perman [off]
19.03.2024 / 06:21
+1
Tüweleme, gymmatly baýlyklarmyzyñ baryna şükür, gowy waspnama ekeni.
Soňky teswirler
Bir arapdan_bir şarapdan №12
Öňem bir tanyşlaň biri, maşgalasynyň gaşyna çenli elletmeýän aňryk gidip täze pikirde: türkleňki ýaly daňynsaň (hijap hem däl sözüň doly manysynd...dowamy...
Söýgümiziň synagy
Ylhamy getirýän diri aýralyk oguşýa. Kakalykam "kakasyzlygyň yzasy" maňada az ýazdyrmandy......dowamy...
Söýgümiziň synagy
A Şasenemiň ejesi näme üçin onna Garybyň ýüzüne söýgü ýok diýip gaýta gaýta urýaka? Beýle söýgü ba bolsa şo aýalam beý diýmezdi ahyry.....dowamy...
Söýgümiziň synagy
Uzak wagt hiç zat ýazmadyň. Emma bu gün ýene şol köne söýgüliňi ýatladyň bu ýerde. Şeýlede bolsa geleniňe begenýän. Eger çyksa biz çalarak dost e...dowamy...
Erkek eşek (mi?)
Çopan: "aýlan geçi" -diýä weli määä-ää edýädä ana. 10ň3ň bilen seň.. Bendäň çagasy....dowamy...
Bilim, filosofiýa, din we maglumatlaryň görnüşleri
Bar bolan zatlar ylym bilimiň üsti bilen açylandygyna esaslanyp, mowzugyň başyndaky tehnologiýany garyşdyrmaň diýeni soňuna ýetinçäm böwrüme sanj...dowamy...