“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Ýürekdeş sözler!
Perhat_Sabirovv : Ýetip bilmeýän adamlarymyz bize üýteşik ýaly gelýä. Ýöne ýetensoñ üýtgeşikligi galanok. #Perhat_Sabirovv

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Siz näderdiñiz?
Premium
 Belki [off]
 22.03.2024 / 13:24
 "Bilirim ki... Bilirim ki asla caymazsın benim olmaktan..."

Salam agzalar!Size bir soragym bar:Sagdyn däl adamyny söýüp bilermisiñiz? Bu soragy bermekdäki maksadym pikriñizi bilmek däl.Çünki,hemmäñiziñ biragyzdan "Ýok"diýip jogap berjekdigiñizi bilýärin.Meniñ başdaky soragym diñe giriş sözlemi.Men bu gün size döşünden aşagy ysmaýan ýigde aşyk bolan gyz hakdaky romany gürrüñ bermekçi.Bu Jojo Moyesiñ "Senden önce ben" romany.Okan romanlarymyñ arasynda iñ uly täsir galdyranlardan biri.Romanda söýgi duýgusy mümkin bolan iñ romantik dilde beýan edilýär.Hatda,hakyky söýgiñ nämedigine bu romany okaman düşünmersiñiz diýesim gelýär.
Roman Louisa Clark atly gyzyñ ofisant bolup işleýän kafesiniñ ýapylmagy bilen başlanýar. Gün-güzeranyny agyr dolaýan maşgalanyñ gyzy bolan Louisa özüne täze iş gözlenip ugraýar.Şeýlelik bilenem näsag ýigit Will Traynora seretmek maksady bilen Traynorlaryñ baý,kaşañ jaýlaryna işe alynýar.
Traynorlaryñ ýeke ogly Will Traynor baý,owadan,işewür ýigit.Onuñ her güni täze başdan geçirmelerden dolup durka,ýagyşly günleriñ birinde motosikl heläkçiligine uçraýar.Şondan soñ döşünden aşagy ysmaýan,barmaklarynyñ diñe bir-iki sanysyny hereket etdirip bilýän,ömrüni maýyp tigirçeginde geçirmäge mejbur bolan ynsana öwrülýär.Will şol ýagdaýda iki ýylyny geçireninden soñ Louisa Clarky oña gözegçilik etmek üçin işe alýarlar.
Will bilen Louisanyñ ilkibada jyny jyñkyryşmasa-da soñabaka olar iki ýakyn dosta öwrülýär.Williñ agyr kesellidigine garamazdan degişgenligi,alçaklygy,garşydaşyny ýañsylaýşy Louisany ýuwaş-ýuwaşdan özüne çekip ugraýar.Will Louisa ýürekgysgynç durmuşyny taşlap,täze hünärler öwrenmegi,dünýäni gezmegi maslahat berýär.Biri-biri bilen edebiýat,aýdym-saz,kino sungaty barada içgin pikir alyşýarlar.
Şeýle günleriñ birinde Louisa Williñ Dignitasa (Dignitas -özüni öldürmek isleýän adamlara añsat ölüm eçilýän ýer) gidip,ömrüni soñlandyrmak isleýändigini eşidýär.Ony bu gelen netijesinden dändirmäge synanyşýar.Onuñ üçin her dürli syýahatlary,gyzykly başdan geçirmeleri gurnaýar.Şeýle gyzykly başdan geçirmeleriñ birinde bolsa ol özüniñ Wille aşyk bolandygyna düşünip galýar.Indi Williñ ölümi Louisa üçin diñe bir dostuñy,hojaýynyñy ýitirmek däl,eýsem hakyky söýgisini-de ýitirmek boljakdy.Louisa öñküsindenem güýçli depgin bilen ony bu netijesinden dändirmäge synanyşýar.Eýsem,Louisa muny başardymyka?
Agzalar,mundan añyrsyny gürrüñ berjek däl.Sebäbi okajaklara soñuny aýtdygym bolar.Ýöne şu romany size çynym bilen maslahat berýärin.
Sözümiñ soñunda size şeýleräjik sowalym bar:Siziñ bir ýakynyñyz Williñ ýagdaýyna düşse,şeýle netijä gelse,siz ony gelen netijesinden dändirmäge synanyşarmydyñyz?Ýa-da onuñ iýjegi-içjegi we beýleki hajatlary özgä bagly bolan durmuşda ýaşanyndan ýaşamany gowy diýip,gelen netijesi bilen ylalaşarmydyñyz?

@Belki


242

54

16

7

2

1

1
Mowzugy vip edenler:
Burning - 10 sagat vip etdi!
(15.12.2025 / 18:52)
Teswirler:
 Täzeje
 Firuza [off]
 22.03.2024 / 13:45

+0

Men komek ederdm yasamagy ucin

 Täzeje
 Firuza [off]
 22.03.2024 / 13:46

+0

Yetirn durn gyzyklyja mowzuklary:kul2:

 Gerekli
 Dreamfull [off]
  Каждому нужен кто-то, кто его выслушает.
 22.03.2024 / 16:20

+1

Kinosuny gordim yalnyshmasam:)in halan kinomdy

 Gerekli
 Dreamfull [off]
  Каждому нужен кто-то, кто его выслушает.
 22.03.2024 / 16:22

+1

Soyen ynsanyn ysmaz bolmagy ya saglyk derejesi ona bolan garayshyny ozgerdmez dp bilian(oz dusunjam)sebabi sagdyny soysen nasag bolmagam ahmal ,nasagy soysen sagdyn bolmagam ahmal samy glavny ona bolan duygyn ozgermezligi

 Täzeje
 Muawiye [off]
 22.03.2024 / 23:18

+2

Belki (beýleki nikleriňi poz, ban berýärler) özüňem-ä heniz köp zad-a düşüneňok, bileňok, ondadam käbir goşgylara at dakyp, bilýänsirän bolýaň. Bary çykaryp bilen netijäň, söýgi we durmuş baradaky bary pikiriň şu bolsa, kitap okamandygyň gowy mundan.

Seniň bilmeýän zadyň, bu bir roman. Bir çeper eser, bu çeper eserler diňe çişirdilen zatlardan we ýalan-galp durmuş rollaryndan ybarat. Bu edebiýatyň tebigaty. Edebiýat tebigy taýdan ýalan bolmaga mätäç (adamlary terbiýelemek üçin). Mysal üçin söýgi diňe käbir himiki reaksiýalardyr ýöne muny edebiýatçylar gaty ulaldýar. Bulam şeýle. Eýýäm romany gürrüň berip başlanyňdan iň biderek, iň reallyga uzak, öz başarmajak zadyny ýazýan kişiniň romanyda 😁 Edil "Mujize aşk" filmi ýaly.

Bu zatlardan daşary bolsa bir kişi maýyp birinem (gaty az bolsa-da) söýüp-halap biler. Ýöne bu "hakyky söýgi" ýa-da "bu romany okamasaňyz söýgä düşünmersiňiz" ýaly zat däl.

Bu seniň halaýan zatlaryňdyr ýöne fantastiki zatlardan kän täsirlenýäň 😁


Premium
Belki  (22.03.2024 / 23:34) 

Muawiye, Candy nikimmi? :)) ýa başga niklerimem bilýäñmi?)) Bilýändeýt, muny arzuwçyl wagtym ýazypdym.Goşgulara berýän baham bilen bu temañ dahyly ýok.


Täzeje
test2  (23.03.2024 / 00:58) 

Muawiye, Белки Сиз гуйчли эдебиятчысыныз, маны тирмаге окдесиниз, гуйчли такытчысыныз, багышлан биз бир Сизин билен денешдиренде билиммиз эжиз ол барада шубхам ек, купур геплерим болса овалы Алла, сон бендеси багышласын.
Йоне билимим биринжи класын окувчысынын билиминден азам болса танкыды пикирини айтмага хак хукугы эдебият, дине эдебиятам дял, Бейлеки ылымларам хукук беряндир. йоне бир шерт билен, авторы кемситмезлик, ховесини гачырмазлык шерти билендир. Айдылян танкытларда гаты год


Gerekli
Aypipijik  (23.03.2024 / 05:34) 

Muawiye, goldayan

 Täzeje
 D_00 [off]
 24.03.2024 / 11:22

+0

Kinosy gaty gyzykly

 Özümiziňki
 Arzuw [off]
  Haýyşt saňa, Öňki meni gaýdyp ber!
 24.03.2024 / 13:13

+0

plan diýmek gaty kyn ýöne öň söýüp ýören oglanym şo ýagdaýa düşse (düşmesin welin) şonnada söýermikäm diýýän

 Özümiziňki
 Burning [off]
 15.12.2025 / 18:51

+0

Bu soraga häzirkiler nähili jogap bererkä, göreli hany, geliň şuňa:)

 Täzeje
 Pearl_ [off]
 15.12.2025 / 19:11

+0

Mowzugy okap, awstraliýaly Nick Vujicic ýadyma düşdi.
(Şol barada makala okapdym ozal)

 Täzeje
 arzy [off]
  Saglyk -iň uly baýlyk.
 15.12.2025 / 20:00

+0

Kinosy beletde türkçe gaty gyzykly hem täsirli


Täzeje
Olyam_mm  (16.12.2025 / 01:08) 

arzy, ady mm diyip çykya beletde?


Täzeje
arzy  (16.12.2025 / 01:42) 

Olyam_mm, довстречи с твой

 Öwreniji
 Fantom [off]
  Düşünjäň düşünjäm bilen deňleşende düşünersiň... 👋
 15.12.2025 / 20:33

+0

Aý, dogrysy, galýandan gitýänler kän. bu barada kän zat gürrüň berse boljak. ýöne häki soraga gaýdyp gelsek, Balkandan bir oglan Daşoguzdan bir gyýz bilen tanyşyp internetda kään gepleşipdir. Gürrüň şahsa geçip gyýz oglany görmek islände ol oňa 2 aýagynyň ysmazdygyny, ýäni kalýaskadadygyny aýdypdyr. Ýöne şondada gyýz oň bilen has ýakyn tanyşlyk açmak isläpdir. Garaz gepiň gyýskasy, ana şolara toý edip bile ýaşaşyp ýör diýdiler.

Ýöne gyýnansakda bu seýrek... Aýrlyşýanlar, taşlap gitýänler, örän-örän kän.

Aslynda, sagdyn adam bilen maýyp adamyň dü

 Öwreniji
 Good [off]
 15.12.2025 / 21:12

+1

"Size bir soragym bar:Sagdyn däl adamyny söýüp bilermisiñiz?"

Eger men ol adamda özümiň isleýän çyn duýgularymy tapyp bilen bolsam ol nähili bolanda-da men ony söýerdim. Aslynda, söýmek adam islese-islemese-de ýürekde dörän, Allanyň ynsana eçilen duýgusy. Çyn söýgi keşp, kesp, saglyk, näsaglyk... saýlanok. Allanyň bize taý edip ýaradanyny biz tapmankak özümizçe hyýalymyzda her hili şekillendirýäs. Ýöne wagty gelende Allanyň ýüregimize taý, ömrümize şärik edip ýaradanyny tapanymyzda onuň edil hyýalymyzdaky ýaly ynsan bolmazlyk ähtimallygy uly. Ýöne ýürek barybir şol adamy saýlaýar. Görke aňyrda dur diýýän, baýlygy hiç zatça görmeýän, keýpe erk bermeýän has içgin, has gözel duýgular berlen adama. Şony duýjak bolmaly.
Söýgi kalba rugsat sorap girenok. Adam ýaş bolsun, garry bolsun barybir ýürekdeş gözleýän eken. Ýüregiňe, göwnüňe düşünýän adamy tapmak, söýüp bilmek nähili bagt. Ol näsag bolsa-da sag bolsa-da barybir.

 Öwreniji
 Good [off]
 15.12.2025 / 21:18

+0

Her bir ynsan söýülmäge,söýmäge mynasypdyr. Siz şol ynsanyň ornunda bolanlygyňyzda özüňizi söýülmäge mynasyp görmezmidiňiz?

 Öwreniji
 Good [off]
 15.12.2025 / 21:28

+0

Sözümiñ soñunda size şeýleräjik sowalym bar:Siziñ bir ýakynyñyz Williñ ýagdaýyna düşse,şeýle netijä gelse,siz ony gelen netijesinden dändirmäge synanyşarmydyñyz?Ýa-da onuñ iýjegi-içjegi we beýleki hajatlary özgä bagly bolan durmuşda ýaşanyndan ýaşamany gowy diýip,gelen netijesi bilen ylalaşarmydyñyz?

Ony bu pikirinden dändirmäge synanyşardym. Elbetde, adam keselbent wagty her hili erbet pikirler gelýär kellesine. Özümiňem başymdan geçen ýagdaý... Özüňi artykmaç ýaly, hemişe kesel bolup ýören ýaly duýýaň. Dünýäň hezilliklerinden mahrumlygyň, başgalaryň allanäme ýaşap ýörenligi kelläňde aýlanýar. Keýpiňi götermek üçin aýdylan gepler ýalan ýaly, nebsiagyryjylykdan aýdylýan ýaly bolýar. Özüňi ýakynlaryňa ýük bolýan ýaly duýýaň... Garaz, bu ýagdaýda ýakynlarynyň goldawy adam üçin has zerur. Esasanam, öz-özüňi goldamak, ruhyýetiňi arassa, päk, ynamly saklamak möhüm. Adam iň esasysy öz ruhyýetini kämilleşdirmeli, özüni tanap başlan gününden tä o dünýä gidýänçä. Allanyň beren amanat janyna kast etmeli däl, ejizlemeli däl.

 Öwreniji
 Good [off]
 15.12.2025 / 21:41

+0

Ýaponiýalylaryň "Umit tilsimi" (Один литр слёз) atly hakyky durmuşda bolup geçen wakalar esasynda düşüren serialy bar. Ondaky gyz Aýa Ikiuçi Willden has ýaşka arabada oturyp, özi arkaýyn heredip bilmek ukybyny ýitirýär. Ýöne ol indi öňküsi ýaly bolup bilmejegini bilse-de öz agyrylaryna, başgalaryň kemsitmelerine, nebsiagyryjylykly seredişlerine öz ruhyýetini kämilleşdirmek arkaly çydaýar. Soňky demine çenli başgalara görelde bolýar.

 Öwreniji
 Good [off]
 15.12.2025 / 21:43

+0

Belki,
"Senden önce ben"-iň kinosyny görmek isleýädiňiz, görüp bildiňizmi?)


Premium
Belki  (15.12.2025 / 22:26) 

Good, howwa

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Eger 18 ýaşym gaýdyp berilse... (Parodiýa)


Deň etmän duş etmez Pis pisi tapar, suwam pesi...dowamy...

Eger 18 ýaşym gaýdyp berilse... (Parodiýa)


Agşam 11 den gijä galaýsaňdagy bar onsaň hormatlylar....dowamy...

Eger 18 ýaşym gaýdyp berilse... (Parodiýa)


Şu zatlary 18-ýaşdakam okan bolsam bolmadymy. Iller özlerini aýap, oňarýan ekenler))...dowamy...

Eger 18 ýaşym gaýdyp berilse... (Parodiýa)


(@Fantom aganyň "Uzyn teswir ýazyp bilmezlik" wirusy maňa-da ýokuşaýypdyr öýdýän :) )...dowamy...

Eger 18 ýaşym gaýdyp berilse... (Parodiýa)


Maşgalaň gyzykly ýeri şozatlar...dowamy...

Eger 18 ýaşym gaýdyp berilse... (Parodiýa)


Öňler telewizorda türkleriň çykaran bir üýtgeşik kinosuny türkmençä geçirip görkezerdiler. Ady ýadyma düşenok welin biz Açar kino diýerdik. Şol k...dowamy...

Eger 18 ýaşym gaýdyp berilse... (Parodiýa)


Haýýý men bola...dowamy...

Bir arapdan_Bir şarapdan №9


Gahar usdi bilen diylen sozler edilen hereketler kawagt garshyñdakyñ yuzunem achayya oña näme diyjek hojam. Birem indiki temamyz yok diyip bilmey...dowamy...

Täze güýç bilen


Ap berekella...dowamy...
Erkin mowzuklar | Täze güýç bilen
Orazjan (11.03.2026 / 21:49)

Bir arapdan_Bir şarapdan №9


Şu döwürde adam bolmagam kynlaşýa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bir arapdan_Bir şarapdan №9
Orazjan (11.03.2026 / 21:46)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->