“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
Baron : Saňa iň köp mätäç boldugym, şu wagt gel! Ýaşamak bolsaňam gel, ölmek bolsaňam gel!

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Men şahyr däl...
 Täzeje
 Lirika [off]
 11.01.2024 / 03:21
 Öýkelämde sesiñi eşidip ýazylýan...

Men şahyr däl...  

Men şahyr däl, ýönekeý bir goşguçy,
Gähi ýazýan gelse ylham melegi.
Emma goşgym dürre kimin tankytdan
Geçmän dursa, yzladýar ol ýüregi.  

Ol – men däl-ä,
Ol köňlümiň tawuşy.
Uruň meni!
Lekin goşgyma degmäň!
Bu günde kötekläp, saba ýene-de:
«Berekella» diýip, ýaýaplap öwmäň.  

Men Ony ýerden däl, kitapdan başlap,
Pikir ummanyndan getiren zadym.
Her sözüň üstünde ilgezik işläp,
Gijelermi bidar ötüren zadym.
Kä yşkyň oduna tibidim dişläp,
Gyza sözlerimi ýetiren zadym
Ýa eňräp başlasa, gözlerin ýaşlap,
Hüwdi aýdyp berip ýatyran zadym.  

Diýipdirler: «Goşgy tankytsyz bolmaz,
Diňe poeziýa bolar belliksiz».
Düşüniň siz: beýle çökder daramaň!
Ýepbeklemäň ahyr ýumşak elliksiz.  

Aýdyň kemçiligni,
Gaty gygyrman!
Iň soňy gulagmyň şol bir eşdişi.
Ýazyp bilmesemem, okap gezerin
Men şahyr däl, ýönekeý bir goşguçy...

Baýramberdi GELDIMYRADOW 30.01.2023 ý.


118

13

3

7

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 zveezda [off]
  Adamly günlerden aramy açdym, adaty günleriň gyzygy gaçdy
 11.01.2024 / 03:22

+0

:thumbsup:


Täzeje
Lirika  (11.01.2024 / 03:26) 

zveezda, dur heniz uytgedip otyrdyma. Indi uytgetdim

 Gerekli
 Dreamfull [off]
  Каждому нужен кто-то, кто его выслушает.
 11.01.2024 / 06:48

+0

Shahyrlyk hokman dal ynsan bol ilki
Aldama,yaýrama cykma ceniñden!
Yuregin name aytsa setire gecir
Inha shuna diyyan,shahyr riyip men.


Özümiziňki
yurekdes  (11.01.2024 / 09:58) 

Dreamfull, agyyyy bolly edayda nama sms e jogap berenok sen

 Özümiziňki
 yurekdes [off]
  Her dünýäñ öz dünýasi bar, dünýäde💕
 11.01.2024 / 09:57

+0

Paylas diydima men sana:thumbsup:


Öwreniji
Akademik2  (11.01.2024 / 10:44) 

yurekdes, dogry

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

JAŇ EDIŇ!


hokman...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | JAŇ EDIŇ!
SerdarG (Şugün, 05:31)

Durmuş Sapaklary


buň stili näme?...dowamy...

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Üýtgeşik bir zat aýdyp, ýazyp orta çykyp gepläp bilmejegiňi bilýän. Türkmen telewideniýesinde okalýan goşgylary diňlär ýaly däl. Sen hem şolaryň...dowamy...

Başsyz gurjaklar/ hekaýa


Birhileklaý...dowamy...
Erkin mowzuklar | Başsyz gurjaklar/ hekaýa
афганка (Düýn, 10:12)

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Nahili gechdi sohbetdeshlik...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
афганка (Düýn, 10:07)

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Nahili gechdi sohbetdeshlik...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
афганка (Düýn, 10:06)

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Blaaa gecip gitda indi hacan berilya yaylyma...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
Vector_Pro (20.06.2026 / 23:58)

ARZYLY GÜN


Shu oglanam gowy yazyan eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | ARZYLY GÜN
MG8 (20.06.2026 / 22:45)

Goşgy_1


Gowy shahyr gowy goshgy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Goşgy_1
MG8 (20.06.2026 / 22:42)

JESET OGRUSY. 7-nji bölüm


Ay nahili bolday...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->