Ýürekdeş sözler!
Magtymguly Pyragy
imissyou [off]
27.03.2024 / 15:49
Sylag hemme kişä, söýgi laýyk bolana.
Adam bolup adam gadryn bilmeýen,
Ondan ýene otlap ýören mal ýagşy.
Sözlegende, söz manysyn bilmeýen,
Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy.
Hudaýym saklasyn şerden, gahardan,
Minnetli aş ajy bolar zäherden,
Eý, ýaranlar, bir bazarsyz şäherden,
Ondan ki bir guwlap ýatan çöl ýagşy.
Her kimiň özüne Müsürdir jaýy,
Ýadyndan çykmaýyr baýramy-toýy,
Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy,
Agşam ýatyp, ertir şükrün kyl ýagşy.
Bir biwepa ýara gülüp bakandan,
Şirin jany yşk oduna ýakandan,
Ýat illerde mysapyrlyk çekenden,
Ursa, sökse, horlasa-da il ýagşy.
Magtymguly, sözlegil sen her bapdan,
Bu dünýä tutdurmaz, çüýrükdir düýpden,
Aňyrsy gelmeýen gury, bad gepden-
Ondan ki bir şuwlap öten ýel ýagşy.
Magtymguly Pyragy
165 |
11 |
3 |
6 |
0 |
0 |
1 |
Teswirler:
Aydymcy_Jemile [off]
27.03.2024 / 15:53
+1
Magtymguly gosgularyna sozum yok yzy uzulmesin seyle dowam et
imissyou (27.03.2024 / 15:55)
Aydymcy_Jemile, saol
Aydymcy_Jemile (27.03.2024 / 15:55)
imissyou, axa
Ейжежик [off]
Бар затдан говн совая)
27.03.2024 / 15:53
+2
Гаты манылы гошгы
imissyou (27.03.2024 / 15:55)
Ейжежик, howa menem gowy görýän şu goşgyny
BAY-HAN (28.03.2024 / 09:24)
Ейжежик, hawa gaty manyly eken
Dreamfull [off]
Каждому нужен кто-то, кто его выслушает.
27.03.2024 / 18:20
+1
Adam bolup adam gadryn bilmeýen,
Ondan ýene otlap ýören mal ýagşy.
Gyzyla gaplap duvara asmali su sozni
imissyou (27.03.2024 / 18:26)
Dreamfull, howa
Soňky teswirler
Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
Üýtgeşik bir zat aýdyp, ýazyp orta çykyp gepläp bilmejegiňi bilýän. Türkmen telewideniýesinde okalýan goşgylary diňlär ýaly däl. Sen hem şolaryň...dowamy...