“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
Bayradot : Adamyň akyly goýalyşanda geplemesi azalýar.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

"ENE WE OGUL"
 Täzeje
 Shirin [off]
 27.03.2024 / 22:04
 《《Мама-свет моей жизни》》

" Ene we Ogul" 😢

Men gürrüň bereýin, gulak goý senem.
Hiç haçan adymy tutmazdy enem.

Köçelerde oýnap, oýnap günuzyn.
Gelemde diýerdi: açsyn sen guzym.

“Köşegim” diýerdi,  diýerdi “iner”, 
Diliňize gurban bolsañ eneler! 

-Eje! – diýenimde, diýerdi “jana!” 
Nan salyp, okuwçy mata bukjama, 

Meni ýatymlyga ugradýan dek ol 
Diýerdi “sag git-de, sag-amanja gel!”

Fronta ugraljak şol agyr günem, 
Meniň öz adymy tutmady enem . 

Goşhaltama salyp tapan tupanyn, 
Gördüm eli bilen ýüzün ýapanyn.

“Mert bol, eje”.. – diýip, yzyn ýuwutdym, 
Çaga däl – on ýedi ýaşan ýigitdim.

Bu söze has beter bozuldy käbäm: 
“Seni öýeribem bilmedim, balam”.

Ol maňa bakýardy, göýä ýazykly, 
Bu bakyş hem agyr hemem näzikdi. 

Men turdum... enem hem des-deň dikeldi, 
Gujaklanda bir dem demi tükendi.

Beýik hesret bilen birsellem dymdy,
Syrylan kelläme gözýaşy damdy.

-Nowbahar perzendim, nowça çynarym!
Diýip, bir ah çekdi – yrandy tärim.

Meň boýnuma bukaw boldy goşary,
Badaşan dek bolup çykdyk daşary.

Uruşdyr, kim galar, kimlerem öler.
Agram bolsa size düşýär eneler!

Moskwaň düýbünde, gazaply gyşda,
Bir ölüp direldim agyr söweşde.

Gardan kepen ýapylypdyr üstüme,
Dört sagatdan gelipdirin essime,

Gözüm açypdyryn, gijäniň ýary,
Otyr başujumda halatly biri.

Bir zat diýjek boldum – gurapdyr dilim,
Bolsa-da namartlyk etmändir ölüm...

Begendim: Ellerim bitindi bitin!
A, sag aýak saralgydy büs-bütin.

Ýazmalymy, ýokmy – bolan zat hakda,
Zäherli ok galan eken uýlukda.

Aýagy kesjekler, bu belli eýýäm,
Bir ýazaýyn, birem ýazmaýyn diýýän.

Ýüregimde arman, gözlerimde nem,
Muny hat-habarsyz duýupdyr enem!

Özümden öňürti ýazypdyr käbäm:
“Düýşümde bir dişim gopdy-la, balam.

Sen bolsa şeýle şat bir gülýämişiň,
Jan ogul, ne güne uçrady başyň?!”

Men gürrüň bereýin, gulak goý, senem:
Öýe gelsem eýýäm... ýok eken enem.

Öýde dyzym epmän ýanyna gitdim,
Çaga däl, on sekiz ýaşly ýigitdim.

Bardym mazarlyga pişegmi süýräp,
Süýndüm guburyna maňlaýy diräp.

Başujuny saklap, ýatdym günuzyn,
Seslenen bolmady: “açsyň sen guzym”.

A men tebsiräpdim hem örän açdym,
Sebäp, ejem ýaşdy, özümem ýaşdym...

Awtor: Berdinazar Hudaynazarow 📜


245

15

6

6

0

0

1
Teswirler:
 Gerekli
 Dreamfull [off]
  Каждому нужен кто-то, кто его выслушает.
 27.03.2024 / 22:06

+0

':cry:69gez okayshymo olip halayan gosgymo


Täzeje
Shirin  (27.03.2024 / 22:06) 

Dreamfull,
Goý dogan goý :(


Täzeje
BAY-HAN  (27.03.2024 / 22:10) 

Dreamfull, wah waheeý, 69 gezek

 Täzeje
 Orhideya [off]
 27.03.2024 / 22:20

+0

Öň okamandym bu goşguny

 Özümiziňki
 halmyradov [off]
  Durmush doly yenil kelleden#
 28.03.2024 / 05:01

+0

:best:

 Täzeje
 EpifiZ [off]
  "Life Without Reality"
 28.03.2024 / 14:52

+0

:thumbsup:

 Täzeje
 Ezi [off]
 28.03.2024 / 15:54

+0

........... duygylarny dogram dogram edyan goshgy!

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️

...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->