“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
Madi : gozlerin gozlerimin gozledigi gozleri gozleseydi gozlerinle gozlerim goz goze gelirdi guzel gozlum

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Ilkagşam çalaja ýadyma düşýär...
Premium
 Huzur [off]
 28.10.2025 / 11:58
 Akylyň öýi)

Beýle-de bir uzak gije bolarmy,
Ilkagşam ýadyma çalaja düşýär.
Ýüregim çolardy, dünýäm çolardy,
Bu gije göýäki gutarmaz puşman.
Aň-hyýalym gurtlar bilen çeýneşen
Günlerini ýada salýan köpek deý
Irkilipdir
Maňa rehm eýle sen
Gaýratym, şuglaňy köňlüme sep-de.

Seniň bilen öwünmedim hiç haçan,
Şygrym, seni täze don deý geýmedim.
Şoň üçin ýaz gelip çilämi açar,
Ýöne häzir boşap galdym, neýleýin?!

Bu dünýede algymam ýok, arymam,
Bar gazabym boş galgaýan ganatda.
Umydym bar, sen gelersiň zaryma,
Zalym ajal demlerimi sanatsa.

Ak buludyň ýüzüp geçen asmany,
Ýaprak bolup, başa gonan güýzlerim.
Uzaklarda garyp galan dost ýaly,
Siziň bilen gussam, ünjüm, düýrmegim.

Gijäm, gara gijäm, harapmy halyň,
Takdyr dertli bilen dertlini goşýar.
Süýji düýşler ýaly, oglanlyk ýaly,
Ilkagşam ýadyma çalaja düşýär.

Mämmetnazar BABANAZAROW.


146

13

1

3

1

0

0
Teswirler:
 Özümiziňki
 Mishel [off]
 02.11.2025 / 16:01

-1

Kim söýsün seni

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Kän garaşdyñmy?


Su murapbag gosgynyn nam cun her bendinin arasyny acyp yazanok?...dowamy...

Gyrrygyz'ymyz


Agsam acdynmay men gormandirin uzak yaşa...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Vector_Pro (Şugün, 11:40)

Gyrrygyz'ymyz


Garrymy ya gyyrry...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
rexha (Şugün, 09:39)

Gyrrygyz'ymyz


uzak yaşasyn kimin doglan güni...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Miss_minnosh (Şugün, 08:58)

Toba.(Hekaya)


Geliň şu hekaýadan ugur alyp biz hem eden ähli günälerimiz üçin toba geleli, Allahymyň toba gapysy kyýamat gününe çenli açykdyr...dowamy...
Erkin mowzuklar | Toba.(Hekaya)
Perhatsabirovv (Şugün, 01:24)

Toba.(Hekaya)


Toba günäni kemelder - diýýärä...dowamy...
Erkin mowzuklar | Toba.(Hekaya)
Orazjan (Düýn, 16:09)

Toba.(Hekaya)


gowy ekeni...dowamy...
Erkin mowzuklar | Toba.(Hekaya)
SerdarG (Düýn, 14:42)

Hudaýsyzlar (bolan waka 5- nji bölümi)


yzy yokmy...dowamy...

“Mydama çörek berjek hünär” / durmuşy tymsal


Gynandym sonuny okap. Okanyna degyan hekaya eken. Serdar aga salam bolsun!...dowamy...

Eren Ören s dnyom rozhdeniye jigimjan


Uzak yaşa saýtdaş🎂🎉...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->