Ýürekdeş sözler!
Ertirler seni gaýtaryp bermez...
Huzur [off]31.10.2025 / 10:06
Akylyň öýi)
Ykbalymyň çygrygyndan çykypsyň,
Hereketiň anyklanok radarlar.
Duýgusyz göwrämi üşedenogam,
Ikimizi ysnyşdyran şo garlar.
Gül keşbiň tapanok müň gurra taşlap,
Şonça çüflese-de şol palçy mama.
Men indi otyryn alajyn tapman,
Nekotin şol yşgyň siňensoň gana.
Bizlere gudratam kömek etmeýär,
Hatda mugjyza-da berilmez peşgeş.
Sebäbi, şol bagty ugradan bizdik,
-Diýipdik: — Bu ýerde durma-da, geçç-geç.
Telefonum sesiň eştmän awara,
Hiç zada hoşy ýok, ýüzüni sallap.
Janhowly umydym göwünlik berýär,
Birinden hat gelse sen diýip aldap.
Iňrik ýere girýär, neneň aýylganç,
Keçpelek ýaňlanýar bagryňy dilýän.
Geljekde milýonlap nurly gün dogar,
Ýöne sen alnymdan çykmarsyň bilýän.
Ahmet ARAZOW.
151 |
14 |
1 |
5 |
1 |
0 |
1 |
Teswirler:
ÖzümiziňkiMishel [off]
02.11.2025 / 18:21
+0
hawa seniň alnyňdan hiç kim çykmaz ýeke ötersiň
Ayjahan (02.11.2025 / 18:22) Mishel, netiň päliň özüňe bolsun, Ämin...
ÖzümiziňkiMishel (02.11.2025 / 18:30)
Huzur, häli sen mollamy dileg eder ýaly hiç kim däl sen Allanyň öňünde
Ayjahan (02.11.2025 / 18:31) Mishel, gaty samsyk ekeniň
ÖzümiziňkiMishel (02.11.2025 / 18:32)
Huzur, hajathanadan ys gelýär
Soňky teswirler
Toba.(Hekaya)
Geliň şu hekaýadan ugur alyp biz hem eden ähli günälerimiz üçin toba geleli, Allahymyň toba gapysy kyýamat gününe çenli açykdyr...dowamy...
“Mydama çörek berjek hünär” / durmuşy tymsal
Gynandym sonuny okap. Okanyna degyan hekaya eken. Serdar aga salam bolsun!...dowamy...