Ýürekdeş sözler!
TOÝ ETSEM, SAŇA AÝTMARYN
Gulmahrem [off]
01.11.2025 / 09:05
Toý etseň, maňa aýtma...
(Aýdymdan)
Meni jan-dilden söýüpdiň
Indem söýmersiň öýtmerin.
Toý etseň «Aýtma» diýipsiň,
Toý etsem, saňa aýtmaryn.
Çykyp yşkyň meýdanyna,
Ynanyp seň idäniňe,
Zar bolsam-da didaryňa
Toý etsem, saňa aýtmaryn.
Seret, söýgüde bir şert bar,
Yşga düşen kişi mert bor,
Aýtsam, dert üstüne dert bor,
Toý etsem, saňa aýtmaryn.
Ykbala bagty bagladyp,
Duşmanyň keýpin çagladyp,
Çyn dostlary gan agladyp,
Toý etsem, saňa aýtmaryn.
Soňky sözümi aýdyp men,
Bilýän, gelmerin gaýdyp men,
A sen gelersiň öýdüp men,
Toý etsem, saňa aýtmaryn.
Bir sen küýüm-küçäm bolar
Bilmen heran-haçan bolar
Syryň ile peçan bolar,
Toý etsem, saňa aýtmaryn.
Başarmadym köňül bermän,
Ýok ekeni yşga derman,
Galdyryp içde müň arman,
Toý etsem, saňa aýtmaryn.
Şähribossan GELDIMÄMMEDOWA
123 |
18 |
1 |
7 |
1 |
0 |
1 |
Teswirler:
Fantom [off]
Düşünjäň düşünjäm bilen deňleşende düşünersiň... 👋
01.11.2025 / 18:25
+1
Bu şo Hangeldi toýlyýebyň aýdymyna jogapmy ýada başga zady gözegine tutylanmy?
Ajaýyp bolupdyr, menä haladym.
Gulmahrem (01.11.2025 / 19:41)
Fantom, hawa, şoňa jogap edip ýazypdyr. Şahyryň öz okamagynda-da diňläp gördüm. Şonda özi aýdypdy.
Soňky teswirler
"Iki Gapy we Iki Sakçy" (Klassiki Logika)
Dogry gapyny tapmak üçin islendik sakçydan aşakdaky soragy soraýarys: "Beýleki sakçydan 'Bagtlylyk gapysy haýsy?' diýip sorasam, ol maňa haýsy ga...dowamy...
Oglanlar owadanmy ýa-da gyzlar?
Gyzlar üçin gyzlar owadan, sallah oglanlar üçinem gyzlar owadan...dowamy...
Emeli aň baradaky soraglar.
Bu ýerde ullakan syýasat ýatyr. Emeli aň zyýanly diýip aýydýanlar öz ýurdynda emeli aň ulgamyny ösdürmek üçin millirdlap pullary sarplaýarlar hem...dowamy...
Oglanlar owadanmy ýa-da gyzlar?
Siz birhili soraga yalnys dusunipsinizmi namemi ) yuregi owadan bolsun pisintli jogaplar beripsiniz. Yone sorag bu yerde owadanlyk mohummi ya dal...dowamy...
>>>>>
Gowy gylyk-häsiýet aýdylypdyr durmuşdaky hemme adama gerekli ýöne gynansakda her kimde ýok...dowamy...
Oglanlar owadanmy ýa-da gyzlar?
Oglana owadanlyk däl-de erkege mahsus hàsiýeti owadan bolsun ýeterlik. Gyzda şeýle. Özüne mahsus owadan häsiyeti bolsun ýeter. Owadanam...dowamy...
Oglanlar owadanmy ýa-da gyzlar?
Kä bir gyzlaň ýaşajak bolşy dertlaý ýöne. Kasmetika harytlaň arasyna girip dagy seretseň .. Pamada, ten, haýlaýtr, pudur,tanalny,gaş,kirpik,ma...dowamy...