“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
---Kaktus : Süleýman ibn Musa şeýle diýdi: «Üç adam üç kişiden ar aljak bolmaz: «Mylaýym adam akmakdan, ýagşy adam ýaramazdan, mertebeli adam binamysdan».

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

OGLANJYGYŇ ARZUWY...
 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 01.11.2025 / 09:18

Bir oglanjyk çörek alyp gelýärdi,
Köçäniň çepinden, sagyna geçdi.
Köçäň gyrasynda lowurdap duran,
Täzeje maşyna, gözleri düşdi.

Hyýallar älemine, çümdi oglanjyk,
Täze maşyn, oň erkine goýmady.
Aňyrdan göründi, geýnüwli ýigit,
Oglanjyk oň geleninem duýmady.

"Saňa meniň ulagym ýarady öýtýän?"
Gele-gelmän, oglanjykdan sorady.
Soňrasynda üstjagazny timarlap,
Buýsanç bilen maşynyna garady.

"Meniň bir agam bar, işi şowuna,
Bu ulagam maňa, onuň sowgady.
Soňra jübüsinden aýna çykaryp,
Emaý bilen saçjagazny gowlady.

"Hawa ulagyňyz juda owadan,
Geljekde meniň hem..." diýeni şoldy.
"Şonuň ýaly dogan arzuw edýänsiň",
Ulumsylyk bilen üsdünden güldi.

"Ýok-ýok, beýle däl, meniň hem jigim bar,
Geljekde, şuň ýaly ulag sowgat ederin.
Seň ýaly guwanyp, güjeňläp ýörmän,
Seniň agaň ýaly zähmet çekerin.

"Geljekde jigim hem maňa guwanar" ,
Diýdi-de oglanjyk, öýne howlukdy.
Haýran galyp, ulagna sereden ýigit,
Buýsanmaň deregne , bu kez hopukdy.

Dawutmuhammet Muhammedow


143

14

3

6

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Nikli [off]
 01.11.2025 / 09:27

+1

Yerinde otyrdypdyr diymek oglanjykdan bir zat cykar


Özümiziňki
Gulmahrem  (01.11.2025 / 09:32) 

Nikli, hawa

 Özümiziňki
 Fantom [off]
  Wagtyňyzy manysyz geçirmäň, çünki her bir pursat altyndan gymmatlydyr...
 01.11.2025 / 18:30

+1

Nirden alýaňyz bunuň ýaly gowy goşgylary? saňa aýtmarn-a gözlegji tapmady :(


Özümiziňki
Gulmahrem  (01.11.2025 / 19:38) 

Fantom, göwnüme ýaran goşgularymy gören ýerimden alaýýan zametkama :)

 Öwreniji
 Orazik [off]
  ,,Gaty arkayyn Buba"
 05.11.2025 / 23:59

+0

On bir yerde okapdym

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Gyrrygyz'ymyz


Agsam acdynmay men gormandirin uzak yaşa...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Vector_Pro (Şugün, 11:40)

Gyrrygyz'ymyz


Garrymy ya gyyrry...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
rexha (Şugün, 09:39)

Gyrrygyz'ymyz


uzak yaşasyn kimin doglan güni...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Miss_minnosh (Şugün, 08:58)

Toba.(Hekaya)


Geliň şu hekaýadan ugur alyp biz hem eden ähli günälerimiz üçin toba geleli, Allahymyň toba gapysy kyýamat gününe çenli açykdyr...dowamy...
Erkin mowzuklar | Toba.(Hekaya)
Perhatsabirovv (Şugün, 01:24)

Toba.(Hekaya)


Toba günäni kemelder - diýýärä...dowamy...
Erkin mowzuklar | Toba.(Hekaya)
Orazjan (Düýn, 16:09)

Toba.(Hekaya)


gowy ekeni...dowamy...
Erkin mowzuklar | Toba.(Hekaya)
SerdarG (Düýn, 14:42)

Hudaýsyzlar (bolan waka 5- nji bölümi)


yzy yokmy...dowamy...

“Mydama çörek berjek hünär” / durmuşy tymsal


Gynandym sonuny okap. Okanyna degyan hekaya eken. Serdar aga salam bolsun!...dowamy...

Eren Ören s dnyom rozhdeniye jigimjan


Uzak yaşa saýtdaş🎂🎉...dowamy...

Eren Ören s dnyom rozhdeniye jigimjan


Eren jak uzak yaşa, moşşym!...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->