“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
Baby_girl : Bedenim ýašaýa ičinde özüm ýok

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

"KAKAMYŇ GYZY"
 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 01.11.2025 / 09:28

Uzaklara dikip gamgyn nazarym,
Hasaplaýan gussalarmyñ çakyny.
Men hazir şeyle bir göresim gelýä,
Eli pilli ýer agdarýan kakamy.

Çagakam hemmeler sorardy menden,
Sen ejeñ gyzymy ýa kakañ gyzy.
Şol soragy häzir maña berseler,
Pikirlenmän diýjek: "Kakamyñ gyzy!"

Mahal-mahal gazma dutar heñ eder,
Gezekleşip dişlärdik oñ sapyndan.
Sen saz çalyp ýeñledipsiñ ýüregñi
Oýlanmadyk sen ýüregiñ hakynda.

Maý tapaýsañ çalyp altyn birini
Ezizow deý tarypladyñ gyzlarñy.
Her niçigem bolsa bagyşla, kaka,
Dogulamda men gyz bolup doglanmy.

Geçen sapar öýe baryp gaýdamda,
Bileje çaý içdik argyndy ýüzüñ.
Sen hernäçe syr bildirmän dymsañam,
Saña kyn düşýänni duýupdy gyzyñ.

Wah, gartaşan göwräñ mätäç goldawa,
Aýtmasañam okap bolýa gözüñden.
Gynanyan hiç hili peýda ýetenok,
Şahyr gyzyñ yazan goşgularyndan.

Käte çagalygmy aýlap serimde,
Uludan dem alyp gamgyn dymýaryn.
Kaka saña goldaw beresim gelýä,
Ýöne diñe goşgy boldy ýazýanym.

Ogulnur Ataýewa


151

10

2

4

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Nikli [off]
 01.11.2025 / 09:34

+1

Gyz bolup dogulanyna pushman etmegi bolmaya ogul bolandada ne peyda erteki gun garasachlyn yzyna dushjek bolsa


Özümiziňki
Gulmahrem  (01.11.2025 / 09:41) 

Nikli,Oglan dogany bolmadyk, gyzlar kemsinegen bolýalar. Şondan göwnüne gelenini ýazandyr şahyr


Täzeje
Nikli  (01.11.2025 / 09:42) 

Gulmahrem, belki

 Özümiziňki
 Fantom [off]
  Wagtyňyzy manysyz geçirmäň, çünki her bir pursat altyndan gymmatlydyr...
 01.11.2025 / 18:32

+1

Gowy. ýalňyşmasam gaýybanada okapdym şuny

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Gyrrygyz'ymyz


Agsam acdynmay men gormandirin uzak yaşa...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Vector_Pro (Şugün, 11:40)

Gyrrygyz'ymyz


Garrymy ya gyyrry...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
rexha (Şugün, 09:39)

Gyrrygyz'ymyz


uzak yaşasyn kimin doglan güni...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Miss_minnosh (Şugün, 08:58)

Toba.(Hekaya)


Geliň şu hekaýadan ugur alyp biz hem eden ähli günälerimiz üçin toba geleli, Allahymyň toba gapysy kyýamat gününe çenli açykdyr...dowamy...
Erkin mowzuklar | Toba.(Hekaya)
Perhatsabirovv (Şugün, 01:24)

Toba.(Hekaya)


Toba günäni kemelder - diýýärä...dowamy...
Erkin mowzuklar | Toba.(Hekaya)
Orazjan (Düýn, 16:09)

Toba.(Hekaya)


gowy ekeni...dowamy...
Erkin mowzuklar | Toba.(Hekaya)
SerdarG (Düýn, 14:42)

Hudaýsyzlar (bolan waka 5- nji bölümi)


yzy yokmy...dowamy...

“Mydama çörek berjek hünär” / durmuşy tymsal


Gynandym sonuny okap. Okanyna degyan hekaya eken. Serdar aga salam bolsun!...dowamy...

Eren Ören s dnyom rozhdeniye jigimjan


Uzak yaşa saýtdaş🎂🎉...dowamy...

Eren Ören s dnyom rozhdeniye jigimjan


Eren jak uzak yaşa, moşşym!...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->