Ýürekdeş sözler!
Kaka, diýsem bolarmy? (Hekaýa)
Huzur [off]
02.11.2025 / 18:16
Akylyň öýi)
Ejemdir kakamyň dawalaşmalary uzaga çekdi. Ejemiň aýdyşyna görä, men bäş ýaşymda, «eýýäm ullakan adam” bolsamam, olaryň näme sebäpden beýle goh-galmagal edip, käýineşýändiklerine düşünip bilemok. Aslynda ulular näme üçin şeýdip uruşýandyklaryna hiç düşünemok, hemme zat owadan-a dünýäde, gök asman asuda, arassa howamyz bar, içmäge suwumyz bar, ýaşamaga öýümiz bar, hat-da üçegimize gonýan guşjagazlaram bizi begendirmek üçin saýraýara, jigim bilen men syrkawlamadyk, bezzatlyk etmedik, iýmäge nanymyz bar. Şonda-da ejem bilen kakamyň sesleriniň ýetdiginden gygyrşyp, bir-birine aýdyşýan sözleriniň manysyna düşünmesemem, ýakymsyz sözlerdigine ejemiň gözýaş edip, maňlaýynyň ýygyrtlaryny artdyryp, ellerini öňüne tutup, bir zatlar düşündirmesinden bellidi. Kakamyň bolsa, gözleri gyzaryp, hanasyndan çykaýyn diýýärdi, olam ellerini hereketlendirip, bogazyny ýyrtyp gygyrdy, eýwan otagyň çüňkünde olary synplap çugutdyryp, butnamaga gorkup oturan jigim bilen maňa bolsa üns berýän ýokdy. Kakam ejemiň soňky sözlerine gaty gahar etdi öýdýän, aýagyna ilen meniň tekerli oýnawajymy pyzyp goýberdi-de, eşiklerini ýygnap öýümizden çykyp gitdi. Şol günden bärem anyk bilemok welin, göwnüme gaty köp wagt geçen ýaly, kakamy görmedim, diňe ejem we jigim bilen ýaşap başladyk.
Soramaga çekinýän bolsamam bir gün ejemden kakam barada soradym, şonda ol «kakaň ýok, indi hiç haçan bolmazam” diýdi. Ejemi gynandyrmakdan gorkup, syr bildirmedim, ýöne ýüregim kakamy küýsedi. Sebäbi, köçede taýak dikdi oýnap ýörkäk, Aşyr bilen Myrat dagylar maňa «seniň kakaň ýok” diýip çekeläpdiler, «kakasy ýoklar oýuna goşulmasyn” diýip itekläp meni gyra çykarypdyrlar ahyry. Gözlerimiň ýaşyny akdyryp, seniň giden ýoluňa seredipdim, kaka, birden geläýsediň, birden yzyňa geläýsediň, şu oglanlara göz edip, seniň bilen daşarda pökgi oýnardym heziller edip. Bize bildirmejek bolsa-da, ejemem ýaşyrynça otagyna geçip, kellesini ýassyga çümdürip aglaýardy, bilýän olam seni küýseýändir. Bir günem, mugallymymyz «Kakaňyz barada düzme ýazyň” diýdi, men saňa nähili garaşýandygymy ýazdym kaka, şonda bäşlik alypdym, ýöne saňa buşlap bilmedim, ejeme-de aýtmadym, sebäbi seniň adyň tutulan wagty ejem hapa bolup oturýardy, şoň üçinem ujypsyzja bäşligim bilen ejemi gynandyrmak islemedim.
Bir günem dükana gidenimde, kakasy bilen aýlanyp ýören oglanjyk dükandaky iň gowy oýnawaç awtoulagy alypdy, kakam bolan bolsa maňa-da şol oglanjygyňky ýaly ullakan awtoulag alyp bererdi, ýöne maňa ejem oýnawaç däl-de, jigime köke almaga ugradypdy. Aslynda, kakalar näme sebäpden çagalaryny taşlap gidýärkeler, beýtmek bolmaz ahyry, biz bezzatlygam etmedik, kakamyň gaharynam getirmedik, şonda-da ol bizi taşlap gitdi. Kakam şeýdip ejemi kösändir öýdýändir, ýok ol ilki bilen kaka mährine mätäç galan jigim bilen meni jezalandyrdy. Näme üçin, şu soragyň jogabyny tapyp bilmedim.
Bir günem mekdepden gelýärkäk, synpdaşym Mekan kakasynyň pul berendigini aýdyp, buzgaýmak aldy, meňem şeýle bir iýesim geldi welin heý goýaý, ýöne ejem buzgaýmaga pul bermändi. Ýanymdaky ähli oglanlar kakalarynyň pul berendiklerini aýdyp, buzgaýmak aldylar, dostum Mekana «birje ýalap göräýeýin” diýdim welin itekläp goýberdi-de, «Kakasyzlar buzgaýmak iýmeli däl” diýdi. Okuw sumkamy elime alyp, öýümize tarap öwrüldim-de, gözýaşlarymy akdyryp, bagyryp-bagyryp aglap, öýümize ylgap başladym. Birdenem öýümiziň girelgesiniň öňünde gara penjekli adamyň ýüzüni gapymyza öwrüp durandygyny görüp, özümden biygtyýar gygyrdym:
— Men size kaka diýsem bolarmy, haýyş, Siz meniň kakam bolaýyňda…
Yzyna öwrülip, ýüzüme sereden adamy görüp akyp duran gözýaşlarymam doňdy öýdýän, sebäbi bu meniň öz kakamdy.
— Oglum, janym oglum, goç ýigit bolup gidipsiň-ä, hany gözýaşlaryňy süpür, erkek oglan aglamaz, aýyp bor…
— Aýyp bolsa bolsun kaka, kakasyz geçiren günlerimiň yzasyny gözýaşlarym barybir ýuwup bilmez -diýip kakamyň berdaşly boýnundan gujaklap, horkuldap-horkuldap agladym…
BIBIGÜL ÝAGŞYMÄDOWA.
104 |
15 |
2 |
0 |
1 |
0 |
1 |
Teswirler:
Fantom [off]
Düşünjäň düşünjäm bilen deňleşende düşünersiň... 👋
02.11.2025 / 20:19
+0
Hmm, täsin, gaty täsin. edil häzirki dögri alsak kim ejesiz kim kakasyz. aý indi o zatlar geňem görlenokla... diýjek bolýanym ideýa gowy, ýöne gaty sada dilde ýazlan. Bilseňiz iň zalymlar çagalardyr. olarda duýgydaşlyk we ýaranjaňlyk ýok. siz maňa ynansaňyz adam kemsitmek wagşylyk olaryň ýanda hiýç zat. onsaňam diňe oň kakasy ýok däldirä how? özü ýaly kakasyzlar bilen oýnasada boljak. wagyt möçberini bilip bilmedim. näçe wagyt gelmändir oň kakasy? soňa
Gulmahrem (03.11.2025 / 00:48)
Fantom,
Soňky teswirler
"Iki Gapy we Iki Sakçy" (Klassiki Logika)
Dogry gapyny tapmak üçin islendik sakçydan aşakdaky soragy soraýarys: "Beýleki sakçydan 'Bagtlylyk gapysy haýsy?' diýip sorasam, ol maňa haýsy ga...dowamy...
Oglanlar owadanmy ýa-da gyzlar?
Gyzlar üçin gyzlar owadan, sallah oglanlar üçinem gyzlar owadan...dowamy...
Emeli aň baradaky soraglar.
Bu ýerde ullakan syýasat ýatyr. Emeli aň zyýanly diýip aýydýanlar öz ýurdynda emeli aň ulgamyny ösdürmek üçin millirdlap pullary sarplaýarlar hem...dowamy...
Oglanlar owadanmy ýa-da gyzlar?
Siz birhili soraga yalnys dusunipsinizmi namemi ) yuregi owadan bolsun pisintli jogaplar beripsiniz. Yone sorag bu yerde owadanlyk mohummi ya dal...dowamy...
>>>>>
Gowy gylyk-häsiýet aýdylypdyr durmuşdaky hemme adama gerekli ýöne gynansakda her kimde ýok...dowamy...
Oglanlar owadanmy ýa-da gyzlar?
Oglana owadanlyk däl-de erkege mahsus hàsiýeti owadan bolsun ýeterlik. Gyzda şeýle. Özüne mahsus owadan häsiyeti bolsun ýeter. Owadanam...dowamy...
Oglanlar owadanmy ýa-da gyzlar?
Kä bir gyzlaň ýaşajak bolşy dertlaý ýöne. Kasmetika harytlaň arasyna girip dagy seretseň .. Pamada, ten, haýlaýtr, pudur,tanalny,gaş,kirpik,ma...dowamy...