“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
Ýürekdeş sözler!
Relax : Ölen adamlar barada Hakykaty aýdýarlar.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Owadan gyzyň maňlaýy... (Hekaýa) Dowamy, 4-5-nji bölüm...
Premium
 Huzur [off]
 Düýn, 21:32

Bäş günden soň Nurtäç geldi. “Baldyzjygymyň içi gysýandyr, bir göreýin-le diýip gaýdyberdim” diýdi. Humaý begenmedem, gynanmadam.
— Gowy edipsiň – diýdi.
Nurtäç jibrinip gepledi:
— Nähili edenim-ä özüm gowy bilýän-le. Öň bilmändirin. Bilen bolsam gaýtmazdym. Atam direlip gelýänem bolsa gaýtmazdym.
— Näm boldy, gyz, beýle?
— Wah, bilmedik bolan bolýa-da. Öldüm-ä men seň tünegiňi tapjak bolup. Hakyt masgara bolaýdym-da, gyw. Görmedigim görde galandyr-la… Özüňiz bir kösenmän tapýaňyzmy, gyz? Ýa daşarygam çykaňzokmy? Çykýanam dälsiňiz siz. Ýaýdanyp duransyňyz. Bir çyksaň münmek işdir. Münseňem düşmek. Ýaňy özüm itiň günini gördüm-ä.
Humaý ýeňňesine çaý berdi. Nurtäç täzeden tükezzibana tutduryp ugrady:
— Goňşularyňyzy bir tanaýaňyzmy, gyz? Tanaýan dälsiňiz-le. Siz-ä tanaýan ýok ekeni şu töwerekde. Ýaňy gelýäkäm öňümden çykandan soraýan. Soraýan welin birem bilenok-da. “Kyýas bilen Humaýdyr. Göçüp gelenlerine bir ýylam bolanok. Ýaş maşgaladyr” diýip, näler düşündirip aýdýan welin, gyran degenleň birem bilenok. “Göçüp gelen eriň gursun” diýip, arasynda saňa-da gargynýan. “Aýnadan dagyň kellesini
çykarmazmyka” diýip, aýagaldygyna äpişgelere-de seredişdirýän. Eger-eger…
Ýeňňesi Humaýyň ýüregine dagyn düşdi. Onuň içini it ýyrtdy. Çydamady.
— Onsoň nätdiň – diýdi.
— Wiý, nätmekden Hudaýjanyň özi saklasyn. Gapjygymda allanäme adres ba. Seň ýazyp beren adresiň. Şo ýadyma düşäýdi. Bir gyzjagazyň eline tutdyrdym welin, şart-murt, derrew getiräýdi. Men, aňkasy aşan aýlanyp ýörüpdirin-dä şu jaýyň daşynda.
Biläýmändirin-dä… Ynansaň bar-a, gyz, şu kösenşime tapmadyk bolsam, göni gaýtjakdym yzyma. Ikiňizem ýüzüňizi Babaly görsün diýjekdim. Kyýasyňam, seňem…
Nurtäç dymyp oturyp bilmez. Obadan ýöriteläp gelensoň, burny deşilen ýaly sesini çykarman otursa niçik bor?! Onda gep kändir. Ol entek geplär. Näçe ýokuş görse-de, ýeňňesini diňlemäge Humaý boýun boldy. “Mugt gürrüň. Diňläýin oturaýyn” diýdi. Kalba giňlik salmagyň iň arzan emeli şu.
— “Etaž jaýyň tuwaledem içinde bormuş” diýip kän eşidipdim. Heýç ynanamokdym-da şonda. Ine, gözüm bilenem görüp otyryn ind-ä. Bolsa-da, gyz, mynyňyzdan ys-a gelenok. Ýa gireňzogammy?.. Aý,
ýok, tuwalede girmän-ä onuň bilmersiňiz, ä? Ýöne ys gelmez ýaly bir zat edensiňiz siz…
Ýeňňesi gürrüňden gürrüň ýasaýar. Asyl sepinem bildirenok. Bildirmezem. Nurtäjiň şondan başga işi bamy nä?! Bar işi – gaýynlary bilen äriniň, onsoňam çagalarynyň nanyny, naharyny bişirmek, kirini ýuwmak. Galan işi – gybat. Gybat bolmasa dünýe onuň gözüne türmeden enaýy görünmez. Ýanynda adam bolmasa bi aýdyp oturan gürrüňleri onuň gursagyna sygmaz, içini byjyklar. Nurtäç çydamaz, öler. Şu gutulgysyz hakykat.
— Astyňyz-üstüňiz, dört tarapyňyz biton-la, gyz, siziň. Ölmän nädip ýaşaýaňyz?! Sadagasy gitdigim, adam pahyryň jany gaty berkden-ow. Hiý, gör, myny, bitonyň içinde-de ýaşap ýör-dä, gyz, birenaýy bolup.
Nurtäç aladasyz aýal. Näme diýse-de ondan geň däl, gelşip dur. Ondan kine saklamak aňy ýukalygyň alamaty. Şuňa akly çatyp durka, Humaý ýeňňesinden göwün etmez. Humaý aňynyň ýuka bolanyny islänok.
— Hakyt pilite-dä, gyz! Bir seret myňa… Hökümet diýýän-ä, şuň dagyn alajyny tapyp bilenokmyka?! Adamlara ýamanlyk diýib-ä edýän däldir ýogsa şuny. Çig kerpiçden salmal-a şuňňaly jaýy dagyn. Ana, obada gül ýaly jaýlary dikeldip ýörler-ä çig kerpiçden. Ýa arzan düşýämikä şu hazan almyş beton-piliteler. Aý, ýok, arzana düşmeli däl. Düýn dälmidi Magtym çekimçiň: “Simunt gymmatlaýa, simunt” diýip, ulukjyn alyp ýöreni. Simuntdan ýasalýandyr-da şu pilitelerem. Gyran degen höküwmediňem ugry gaçyp ýör öýdýän. Nurtäç biriniň körpe oglunyň keýwanysy. Äri iýjegini-iýjegini getirip dur. Dört çagasy bar, dördüsem ogul. Gaýynlary bilen agzyny alartman ýaşaşyp bilýär.
Äri bilen harçaňlaşyp duranyny gören ýok. Emma ärinden nadylsyran bolýar. Oňam sebäbi belli. Ile öýkünýär. Hemme erkekler şeýledir öýdýär. Onuň gyzyl ýaly äri bar. Tapylgysyz. Humaý: “Dünýede şundan mes ýaşaýan ýok – diýdi. – Kem zady ýok, bi heleýiň”. Eýse, onuň ýeňňesi ýaly bolasy gelmedi.
Nurtäjiň gününi arzuw etmedi.
— Sagat näçe bolduka, gyz? Bir seret-le… Bu-uw, eýýämmi? Turdum onda men-ä. Üçdäki awtobusa ýetişjek bolaýyn. Salgy bir ber, gyz! Nirden nädip gitmeli? Yzyňy tapmagam gara görgüdir, ýene soraşdyryp ýörmelidir. Humaý salgy berdi.
— Öýe aýtjak-goýjak zadyň bamy, gyz? Men-ä gitdim.
— Salam aýtsaň bolany. Sag-aman bar, gyz, gitseň. Özüňem gelip dur. Indiki gelende Röwşen janam alyp gel.
Nurtäç yzyna öwrülip hekgerdi.
— Asyl geläýmen. Kim gelse şo gelsin. Men-ä gelmen. Oba göçýänçäňiz Nurtäj-ä gapyňyzy açmajak bolar. Şuny bek bilip goýaý.
Humaý ýeňňesiniň oýnudygyna-da, çynydygyna-da düşünmedi. Düşünjegem bolmady. Näme etsin düşünip?! Çaky, ýeňňesiniň jaýa pisindi oturmandyr. Ol şuňa düşündi. Ýeterlik dälmi şunuň özi?!
Humaý göwresinde çaga galandygyny Nurtäje aýtmady. Aýtsa, kän oturyp, kän ýaňrar öýtdi. “Onsuzam az geplänok” diýdi.

5.

Ertesi günortanlar gapy kakyldy. Kimkä bu? Kyýas-a däldir. Şol-a belli. Nurtäjem düýn gelip gitdi. Onuň-a indi “Humaý öýünden gyzyl paýlap otyr. Gapysyny kakana bir penje berýämiş” diýiläýende-de geljegine kepil geçip biljek ýok. Düýnki bolup oturyşy şeý diýmäge doly esas berýär. Onda kim bu?
Humaý çak urdy: “Mergendir”. Humaý ýaýdandy: “Açmalymy, açmaly dä?..”
Gapy gaýtadan kakyldy: tyrk, tyrk, tyrk..
Bu tyrkyldylarda dözüm ýok. Olarda ümsümligi bozmaga het edýän asudalyk bar. Humaý muňa üns bermedi. Dözümli kakylsyn, dözümsiz kakylsyn, tapawudy ýok, hemmesiniň soňy bir netijä syrygýar:
Gapynyň aňyrsynda biri garaşyp dur. Humaý şuňa pisint etdi.
Gapy üçünji gezek kakyldy:
— Kimsiň?
— Açsana, Humaý, men!
Şol! Humaý: “Aýtdym-a – diýdi. – Bildim-ä şodugny”. Onuň süňňi düşnüksiz galpylda duwlandy. Ol muňa pitiwa etmedikden boldy. Heşelle kakdy:
“Ýüregi gürsüldäp durandyr şumat. Agzyndan çykaýsam-çykaýsam diýýändir”. Şeýdip galagoplygy ýeňmegiň emelini tapandyryn öýtdi.
— Sen kim?
— Mergen – men. Eýýäm ýadyňdan çykaýdyňmy? Açsana gapyny.
— Açjakgä! Nämüçin geldiň?
— Açaýsana! Bir zat aýtjak. Gorkma!
— Aýdyber näme aýtjak bolsaň. Şo taýdanam eşdilýä.
— By taýda beýdip durmak birhili-dä, Humaý!
— Bar, gyýw, git, ärim gelmeli häzir.
— Ol-a bäşden bärde gelenok. Bilýän-ä men.
— Gelmese-de açjakgä.
— Açaýsana, Humaý! Derrew gitjeg-ä Gorkma… Elimi degirsem bar-a, söz bereýinmi, elimi degirsem, heleý boldugym.. Erkek adamyň sözüni berýän, Humaý, ynanaý!
… Humaý ynandy.
Ine-de, Mergen! Humaýy öldüren Mergen! Kyýasyň betbagtlygyny ölçeren Mergen! Ol öňküsinden görmegeýleşen ýaly. Onuň görkünde kemlik ýok ýaly.
Humaýyň ýigreneni – jüýkburun. Mergen jüýkburun däl. Humaýyň halamaýany – gür biten gaş. Mergeniň gaşlary gür däl. Humaýyň ýek görýäni süýrikelle. Mergeniň kellesi süýrem däl.
Ähtimal, şu tetelli zatlar onuň üçin Mergene sataşanyndan soň şeýledir. Humaýyň muňa hä diýesi gelmedi.
Mergen iki elini arkasyna tutyp, gapa söýendi. Boýnuny burdy. Oýurgandy. Humaýyň gözlerine göni garap:
— Meň gelmek niýetim ýokdy – diýdi.
Garşysynda durup, bedenindäki üznüksiz saňňyldyny bir ritme düzen Humaýyň: “Onda nämä geldiň?” diýip, heniz bermedik sowalyna-da ugrybir jogap berdi:
— Düýn palça gitdim. Neme diýdi, heniz öýlenmänsiň diýdi, basym bir Aý ýaly gelne öýlenersiň diýdi. Göni seň salgyňy berýä. Begenip gaýtdym…
Humaý: “Çypdyrýa – diýdi. – Çaklap urýa. Göwni islänsoň diýen bolaýýa. Palçam ýokdur häli görseň, beýlekem”.
— Men-ä entek oňňaly palçy görmändim. Eşidipdim, ýöne görmändim. Meň beren pulum-a halallap aldy şo. Palçy diýeniň şoňňaly bolaýsa…
— Halallap alanny näbilýäň?
— Wi-iý, bilmän näme?! Aýdýan zatlary hakykat.
— Waý, bar, git gyýw! Men seni tanamogam, bilemogam.
— Dur, dur, häzir gitdim, ine, gitdim… Wi-iý, neme, Humaý? …
Humaý onuň gözlerinde nälaçlyk gördi. Ýöne nebsi agyrmady. Asla nämüçin ol nebsini agyrtmaly?!
— Palçy heleý maňa ýene bir zat diýdi, aýdaýynmy?
Humaý: “Oňly zat aýtmaz bi” diýdi. Mergen onuň:
“Aýtma” diýerine garaşyp durmady:
— Näme diýdi, ikiňiz bir-biriňize mynasyp gaty bagtly ýaşarsyňyz diýdi. Goç-goç ogluňyz bolar diýdi.
Humaý arzuw etdi: “Kyýas geläýbilsedir şumat”. Şol bir wagtyň özünde-de: “Toba etdim, toba etdim, gelmäwersin, gelmäwersin” diýdi. «Geläýesi ýok-la entek” diýip, diwaryň ýüzünde arabaň tigirçegi kysmy sallanyp duran sagada seretdi. Sagadyň peýkamlary onuň göwnüne teselli berdi.
Mergen hut palçynyň özüne öwrüldi. Humaýyň nämeleriň pikirini edýändigine çenli bilip duran boldy.
— Bäşden bärde gelmeýä ol. Sagat ýaňy on iki bold-a.
Mergen Kyýasa ol diýýär. Ony Humaýyň äri saýmaýar. Onuňça Kyýas Humaýyň ýanynda ýaşap ýören bir biweç keseki. Belki, Mergen özüni Humaýyň äriniň ornunda goýandyr… Goýsa goýubersin. Onuň islegi şol. Ýöne ol isleg bitmez. Haýsy bir islän zadyň bolup dur?!
— Bar, gyýw, git, indi.
— Humaý, men ýene gelerin.
— Waý-eý, adamda utanç-haýa bolmasa…
— Gitdim, häzir gitdim, ine gitdim…
Mergen ynama kast etmedi. Gitdi.


10

6

0

0

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Owadan gyzyň maňlaýy... (Hekaýa) Dowamy.


Berekelaa...dowamy...

Owadan gyzyň maňlaýy... (Hekaýa) Dowamy 3-nji bölüm.


Brawaaaa...dowamy...

Saýydaky dostlama kömek


Yenede yatlayn sen isle mary bol ahal bol balkan bol lewap bol dasoguz bol men komek etyandirin milet parazlyk yok mende...dowamy...

Owadan gyzyň maňlaýy... (Hekaýa) Dowamy 3-nji bölüm.


Tova...dowamy...

Owadan gyzyň maňlaýy... (Hekaýa) Dowamy 3-nji bölüm.


Ol Kyýasy ogşady. Çem gelen erinden. Maňlaýyndan, gözünden, ýaňagyndan, boýnundan....dowamy...

Owadan gyzyň maňlaýy... (Hekaýa) Dowamy 3-nji bölüm.


Okayan adam yok barde...dowamy...

Kaka, diýsem bolarmy? (Hekaýa)


Hmm, täsin, gaty täsin. edil häzirki dögri alsak kim ejesiz kim kakasyz. aý indi o zatlar geňem görlenokla... diýjek bolýanym ideýa gowy, ýöne ga...dowamy...

Ene-ata:Kalbyň Nurly çyrasy(gysgajyk makala)


Biah... diýä Bagana... menem şoňa goşulýan....dowamy...

Öte söýgi... (Hekaýa)


Dogrysy başy bilen soňyny okadym. garaz düşinşmändirler ýaly. ýazyjy gowy ýazýar ýöne ýaman kän süýndirýär. meňem oňa dogrysy kanagatym ýetenok....dowamy...
Erkin mowzuklar | Öte söýgi... (Hekaýa)
Fantom (02.11.2025 / 20:05)

Ertirler seni gaýtaryp bermez...


hawa seniň alnyňdan hiç kim çykmaz ýeke ötersiň...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->