“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
👉 Tanyşlyk Chat (üstüne bas)👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Söýgüli chat
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : “I just confessed my feelings to you. Is it okay if I like you?”

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Owadan gyzyň maňlaýy... (Hekaýa). Soňy..
Premium
 Huzur [off]
 04.11.2025 / 21:35
 Akylyň öýi)

Kyýas düýş görüpdir. Bir ýerlerde uly köl, kölüň orruk-ortasynda çaklaňja adajyk, adajygyň üstünde-de aýaklayny suwa salyp Kyýas otyr diýýä. Kyýasyň elinde çeňňek bolup, ol balyk tutmakçy bolýamyş. Çeňňege ilki bir balyk düşüpdir. Asyl ol balygam däl diýýä. Balyk sypatyna giren adamyň hut özümiş. Edil ertekidäki ýaly adam dilinde gürläp ýatyrmyş. Onuň näme diýip gepleýändigi Kyýasyň hakydasynda galmasa-da, adam dilinde sözleýändigi çyn diýýä. Kyýas: “Ertekidäki tylla balygy tutdum” diýip begenipdir. Çeňňege ikinji balyk düşüpdir. O-da adam dilinde gürleýär diýýä. Kyýas: “Onda bu näme?” diýip geň galypdyr. Geňem galmandyrda, birhili gorkjak bolupdyr. Soňam: “Hä-ä, bildim, bi tylla balygyň dogany bolmaly” diýip, öz ýanyndan çak urupdyr, rahatlanypdyr. Onsoň üçünji balygy tutypdyr. Olam ýaňkylar ýaly adam dilinde gepläp başlapdyr welin, Kyýas: “Bu-da bir dogany” diýipdir. Soň başga-başga düýşler başlanypdyr…
Humaý düýşi gowulyga ýordy.
— Balyk gören bolsaň ogluň boljakdyr – diýdi.
— Men üç balyk dagyn gördüm, how. Göremogam, asyl tutdum. Näçe balyk görseň. Şonça ogluň bolýamyka ýa? Ä?
Kyýas muny howsala bilen aýtdy. Ýöne onuň äheňinde ahmyr duýulmady.
Humaý:
— Şeýle bolaýmasa – diýdi.
— Mysal üçin, men on sany balyk tutsam, on sany oglum bolarmy?.. Aý, ýok, oňňaly bolmaga haky ýok…
— Bilmedim onda men-ä.
— Be-eý, walla!.. Aý, ýok, bolýa…
Humaý: “Şu zatlar gowulyk bilen gutarmaz” diýdi. Ol Mergeni halys ýürekden ýigrendi.

7.

Kyýas işe gitdi. Humaý penjiräniň öňünde söýenip kän durdy. Näme etmeli? Oýlandy, ölçerdi-de, ol ahyry öýüne gidermen boldy. Ýöne näme üçin? Näçe günlük?
Humaý öz-özüne jogap bermäge gyssanmady. Bu şäherden – bu namutlykdan çykmaga howlukdy. Ol girelgäniň agzynda Mergene sataşmady. Sataşmandygyna-da begendi. Muny ajaldan gutulan adamyň soňky ömrüne barabar gördi. Ýoluň iki gyrasy durşuna bagdy. Tomsuna bu baglaryň kölgesi örän goýry bolýardy. Howur ýerden asmana göterilýärkä bu agaçlar gözüňe dürtüler durardy. Häzir welin olarda gözilginçlik ýok.
Neşelendirilip geýdirilen mahmal donlar ütüm-ütüm edilipdir. Şahalardaky apbasy ýapraklar selçeňleşipdir. Ýalaňaç çybyklaram bar ýaly… Hawa, gyşam ýetip gelýä-dä.

8.

Atasy öýünde ony ýeňňesi garşy aldy. Nurtäç saglyk-amanlyk soraşmady.
— Hä-ä, gördüňmi? Bildim-ä men. Ol hazan almyş bitonyň içinde içiň gysjagyny. Şo gün aýtmadymmy?
Dowzah-a siziň onyňyz barypýatan. Şäherde köşgüň bolanda-da, ataň öýüňden enaýy däldir. Oba ýeri-dä. Senem şeýdip geliberseň asyl gidesiňem gelmez. Geple ýalanam bolsa!..
Humaýyň ýeňňesine hä diýesi geldi. Diýmedi.
— Ejem dagy ýokmy – diýdi.
— Ejeň bilen kakaň-a Kemman agsaklaň hudaýýolusyna gitdi. Soňurrak gelerler. Jigileňem okuwda. Resulam işe gitdi. Oň-a bu gün isminidirem. Ertir günortandan bäri…
Humaýyň ýüzi asyl-asyl. Gaşlary bürjeşip dur. Gözleri öçügsi. Nurtäç welin muny duýarly däl.
Ýeňňesiniň kütekligine Humaý begenmedi, geň galdy.
…Humaýyň: “Şu zatlar oňlulyk bilen gutarmaz” diýen pikiri ýene bir gezek tassyklasy geldi. Ýöne gaýrat tapmady.
…Adamlar ýeriň aşagynda ýylan gäwşese-de bilýärler. Kyýasam bu zatlary biler. Ir-u-giç biler. Onsoň näm bolar?..
Humaý: “Hemmesi düz bor” diýdi. Umyt etdi. Ýöne eýýämden ol ähli zada kaýyl gelipdi. Ol öz günäsini bimöçber saýdy. Özüni ölüme rowa gördi. Ol indi ölmäge-de taýyndy.

• Sözsoňy ýerine

Ýöne birwagtlar-a Humaý çaksyz owadan gyzdy. Gujak gerip duran ýyldyzly garaklarynda egsilmez dogum bardy. Gözleriniň ýokarsynda garlawajyň ganatlary allanäme ýazylyp ýatyrdy. Maňlaýyna çyzyk çekmäge aýlar-a däl, ýyllaram milt edip bilmändi.
Humaýyň dodaklaram ýukady, ýumşakdy, ykjamdy, bal ýalydy. Ýüzünde halka gurap, Aý ýalkym atardy. Alkymynda, bileklerinde gögerçiniň höwesi bardy… Ol şeýle gyzdy.
“Gurjakdan-da görmegeý” diýip, adamlar onuň owadanlygyna baha keserdiler. “Tüweleme, göz degmesin” diýmek hiç kesiň huşunda ýokdy. Olaryň huşunda başga bir zat bardy: “Şuňa öýlenen-ä gönener, bagtly bolar”.
Älhepus, owadan gyzdy.


158

12

0

1

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Söýgümiziň synagy


Ylhamy getirýän diri aýralyk oguşýa. Kakalykam "kakasyzlygyň yzasy" maňada az ýazdyrmandy......dowamy...

Söýgümiziň synagy


A Şasenemiň ejesi näme üçin onna Garybyň ýüzüne söýgü ýok diýip gaýta gaýta urýaka? Beýle söýgü ba bolsa şo aýalam beý diýmezdi ahyry.....dowamy...

Ogry oglum / hekaýa


Asgyraymarsyña ogurlyga gideñde:D...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ogry oglum / hekaýa
афганка (Düýn, 22:28)

Söýgümiziň synagy


Onsoñ yarashdynmy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgümiziň synagy
афганка (Düýn, 22:16)

Söýgümiziň synagy


Uzak wagt hiç zat ýazmadyň. Emma bu gün ýene şol köne söýgüliňi ýatladyň bu ýerde. Şeýlede bolsa geleniňe begenýän. Eger çyksa biz çalarak dost e...dowamy...

Söýgümiziň synagy


äriňden aýrylyshdyňmy sen? . we inni ýarashdyňmy?...dowamy...

Erkek eşek (mi?)


Çopan: "aýlan geçi" -diýä weli määä-ää edýädä ana. 10ň3ň bilen seň.. Bendäň çagasy....dowamy...

Söýgümiziň synagy


Şu wagt ýaraşdyňmy...dowamy...

Bilim, filosofiýa, din we maglumatlaryň görnüşleri


Bar bolan zatlar ylym bilimiň üsti bilen açylandygyna esaslanyp, mowzugyň başyndaky tehnologiýany garyşdyrmaň diýeni soňuna ýetinçäm böwrüme sanj...dowamy...

Söýgümiziň synagy


Eliňe köp sms gelýämi şolar ýaly...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->