“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : Name ucin soyguliler günü barda, soygulsizler güni yok na biz adam dalmi??

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

GÜÝZ GEÇMESIN!
 Özümiziňki
 Daniel [off]
 05.11.2025 / 09:43
 Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!

Tylla tarlaryny çözläp çar ýana,
Duýguçyl ýüregi salar lerzana,
Neneñ gözel görnüş -ýapraklar täne,
Çeker köñle kämilligiñ keşdesin,
Goý, bu güýzler hiç geçmesin, geçmesin!

Gül güýzüm,gujagy lälezar güýzüm,
Jadyladyñ,sende näme bar güýzüm?
Ömür kitabynyñ sahabyn düýrüp,
Bagt serpaýly günler basym ötmesin,
Goý, bu güýzler hiç geçmesin, geçmesin!

Ýassanyp ýarym-ýaş döken baglara
Sergezdan ýellere keýpim çaglaýa,
Men ýañadan aşyk boldum barlyga,
Hon-ha bulut typyp,seçdi pişmesin,
Goý, bu güýzler hiç geçmesin, geçmesin!

Dat edipdir darganjyran duýgular,
Ýagmyrynda ýagty oýlar durlanar,
Gül mekany öwzar saýan durnalar,
Toýnuk gurap,alyslara göçmesin!
Goý, bu güýzler hiç geçmesin,geçmesin!

Hyjuwlanyp-howalanyp howundan,
Owurtlapdyr aklym ylham suwundan.
Dideden daşlaşmaz,kalpdan kowulmaz
Göwne uçgun syçraýşyna teşne men,
Goý,bu güýzler hiç geçmesin, geçmesin !

Dile gelip bilmän, gursakdan ugran,
Sözlenmedik sözler şemal deý şuwlar,
Kalbymyñ gaý-tupanynda arzuwlar
Ýaprak kimin galgap,ýere gaçmasyn !
Goý, bu güýzler hiç geçmesin, geçmesin!

Gögele göwnümiñ galmaz armany,
Güýz bolup keşt etsem datly dünýäni,
Zemin zybalygy,arşyñ permany,
Tebigata berlen taýsyz peşgeşdir.
Goý, bu güýzler hiç geçmesin,geçmesin !

Sözlerden ymarat guran ýazarym,
Basan topragyna gurban nazarym,
Güýzüñ hak aşygy Gurbannazaryñ,
Damjalarda owazyny eşdersiñ:
"GOÝ, BU GÛÝZLER HIÇ GEÇMESIN, GEÇMESIN!"

Nowça Alyýewa


108

7

1

3

0

0

0
Teswirler:
 Öwreniji
 Good [off]
 05.11.2025 / 19:42

+1

Güýzüň waspçylary köp tüweleme. Owadan pasyl, oýlandyryjy pasyl...


Özümiziňki
Daniel  (05.11.2025 / 21:47) 

Good, Hawwa Shahyrlar uçin doretmage has bolan pasyl

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

"Iki Gapy we Iki Sakçy" (Klassiki Logika)


Dogry gapyny tapmak üçin islendik sakçydan aşakdaky soragy soraýarys: "Beýleki sakçydan 'Bagtlylyk gapysy haýsy?' diýip sorasam, ol maňa haýsy ga...dowamy...

Oglanlar owadanmy ýa-da gyzlar?


Bäh, tapaýýaňyzaý bir zat......dowamy...

Oglanlar owadanmy ýa-da gyzlar?


Gyzlar üçin gyzlar owadan, sallah oglanlar üçinem gyzlar owadan...dowamy...

>>>>>


Gowy ekeni...dowamy...
Erkin mowzuklar | >>>>>
SerdarG (Düýn, 22:26)

Emeli aň baradaky soraglar.


Bu ýerde ullakan syýasat ýatyr. Emeli aň zyýanly diýip aýydýanlar öz ýurdynda emeli aň ulgamyny ösdürmek üçin millirdlap pullary sarplaýarlar hem...dowamy...

Oglanlar owadanmy ýa-da gyzlar?


Siz birhili soraga yalnys dusunipsinizmi namemi ) yuregi owadan bolsun pisintli jogaplar beripsiniz. Yone sorag bu yerde owadanlyk mohummi ya dal...dowamy...

>>>>>


Gowy gylyk-häsiýet aýdylypdyr durmuşdaky hemme adama gerekli ýöne gynansakda her kimde ýok...dowamy...
Erkin mowzuklar | >>>>>
Minigim (Düýn, 13:01)

>>>>>


Ho-ol "galadyňdyr" diýen söz "galaňdyr"-mydyka?...dowamy...
Erkin mowzuklar | >>>>>
Senyorita (Düýn, 11:10)

Oglanlar owadanmy ýa-da gyzlar?


Oglana owadanlyk däl-de erkege mahsus hàsiýeti owadan bolsun ýeterlik. Gyzda şeýle. Özüne mahsus owadan häsiyeti bolsun ýeter. Owadanam...dowamy...

Oglanlar owadanmy ýa-da gyzlar?


Kä bir gyzlaň ýaşajak bolşy dertlaý ýöne. Kasmetika harytlaň arasyna girip dagy seretseň .. Pamada, ten, haýlaýtr, pudur,tanalny,gaş,kirpik,ma...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->