“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
Ýürekdeş sözler!
Gerceknazar : Müňlerçe goşgular ýazandan eger, Ýekeje goşgy hem baryna deger. @Gerçeknazar

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Jan hekaýa
 Täzeje
 Fantom [off]
 Şugün, 10:21

Şäheriň kän adam-gara barmaýan künjeginde her hili gudrat
görkezip bilýän garry derwüş ýaşaýar diýen gürrüň gulagyma
degdi. Meniň gündogar gözbagçylarynyň görkezýän oýunlaryndan
habarym bardy. Ýöne olara kän bir pitiwa etmezdim. Aýdylýan
geplerden çen tutsaň, bu derwuş beýleki bolgusyz gözbagçylaryň
çaky dälmiş. Ol ölüp giden hanlaryň janyny-da çagyryp getirip
bilýärmiş. MunymeniňýaşaýanöýümiňeýesiOrazhem
tassyklaýar. Garry ony birçak aradan çykan kakasynyň ruhy
bilen duşuryp, uzak wagt gürrüňleşdiripdir.
Garrynyň öýüni tapýan bir ýigit bilen ýokarsyna boýra ýapylan
bazaryň uzyn hataryny syryp, ýola düşdük. Adamdan ýaňa hyň
berýän bazaryň içi bilen her ädimde diýen ýaly büdüräp,
çakyşyp zordan ýöreýäris. Bazarçylaryň her dürli reňkdäki
geýimleri gözüňi gamaşdyrýardy. Howa bolsa durşuna guradylan
temmekiniň, gowrulan goýun etiniň hem ýanan ýagyň garyşyk
ysyndan doludy.
Ahyrsoňy iki tarapyndan köne jaýlar uzalyp gidýän darajyk köçä
düşdük. Ýoldaşym bir kiçijik gapynyň öňünde aýak çekdi-de,
batly-batly kakmaga başlady.

Gapyny jambörügini ýeňserägine
geýen uzyn donly oglan açdy-da, içeri girmege mürähet etdi.
Soňam şadyýan görnüşde içki howlyň öňündäki eýwana halyça
ýazdy. Kerpiç düşelip, käýerinde gül ekilen howlyň ortasynda
kiçiräk howuz bardy.
Tizden köwşüni gowaldan geýen ala donly hor ýaşuly ýanymyza
geldi. Başyndaky ak sellesi, bilindäki gök guşagy onuň öwlat
neslindendiginiaçyk- aýdyňsubutedýärdi. Ýaşulynyň
hereketleri çalasyndy, gözleri ýeserlik bilen oýnaklaýardy.
Hamy dartylşyp duran hor, garört ýüzi «Neşeden habary bar
bolaýmasa» diýdirýärdi.
Oglan ýoldaşymy bir çete çekdi-de, eline suwçilim tutdurdy.
Menemhalynyňüstündegyşardym. Edilöňümdedyzlaryny
gujaklap, çommalyp oturan garrynyň iki gözi mendedi.
Men habarymy berdim.
– Elinden gelýän bolsa, maňa ölen adamyň janyny çagyryp ber.
Birden oňaýsyz ýagdaýa düşen garry ellerini daldalatdy:
– Aýdýanyň näme? Ýatan bende azar bermek külli günädir. Ýöne
nähili däri-derman gerek bolsa aýt. Isleseň, bedeni gar ýaly,
tylla saçly näzenin bilenem duşuryp biljek.
Men öz eňegime tutdum.
Garry hem aňsat boýun bolarly däldi:
– Diri gezip ýörenleriň haýsyny görkez diýseň, men bar. Ýa
bolmasa, şeýle bir mürepbe bererin welin, sen özüni şa
tagtyndamykam öýdersiň. Daşynda hüýr-periler aýlanyşar. Goşun
serkerdesi bolasyň gelse, ýa-da jadyly-mukam diňläýin diýseň,
ony aýt. Meniň her hili ýagdaýdaky adamlar üçin dermanym
taýyn… Hasratyň her neneň çökderem bolsa, meniň ýanyma gelseň,
ähli zady unudyp, gül-gül açylarsyň, keýpiň çag bolar…
Bu hoş sözler meni pikirimden dänderip bilmedi. Şol bir
diýenimi tutdum oturdym. Gabadyna getirip: «Oraza-ha çagyryp
beripsiň» diýemde, garrydabanynaotýapyşanýaly
zowzuldaberdi:
– Diliniň eýesi däl eken-ow bi Oraz. Hiç ýerde aýtma diýip,
gulagyndan-burnundan çekip sargasanam… Me saňa gerek bolsa.
«Haýyşymy bitirseň, aklygyňy ýetirin» diýenimden soň garry
biraz gowşady. «Oýlanyp göreýin. Ýöne gün ýaşmasa, hiç zat
edip bilmen. Az-kem garaş» diýdi.


Oglan mana ajy çaý getirdi. Soňam çilim çekdim. Göwnüme
bolmasa, çilimiň tüssesinde bir zat bar ýaly boldy durdy.
Tizden gyşaryp ýatan ýerimde meýmiräp ugradym. Ýarym ukulam
bolsam, garrynyň howluda ýuwaşlyk bilen ikibaka gezim edýänini
aňýaryn. Soňam namaza başlap, gutar ýerde gutarmady.
Alasarmyk halda töweregimde gaýmalaşýan göwrelere gözüm
kaklyşýar, ýüpek geýimleriň şowurdysy, şaý-sepleriň şaňňyrdysy
gulagyma gelýär.
Howludaky daşdan sekä hem beýleki zatlara düşýän gyzgylt
şöhlelerden Günüň eňregini ýere berenini duýdum. Tizdenem
garaňky düşdi. Şol wagt garry ýanyma geldi-de, ýeňimden çekip,
«Yzyma duş» diýen terzde yşarat etdi.


Tirkeşip jaýa girdik. Darajyk koridoryň gutarýan ýerinde
penjiresiz-zatsyz, diňe ýokardaky deşikden düşýän ujypsyzja
yşyk bilen ýagtylanýan ullakan otag bar eken. Garry diwaryň
düýbüne bir topar ýassyk oklady-da, meni oturtdy. Özi bolsa
demirden ýasalan kiçiräk ojak getirip, jaýyň ortarasynda –
ýokarky deşikden düşýän ýagtynyň edil gabadynda gondy. Otagyň
beýleki ýerleri garaňkydy. Ojakda kömür köreýärdi. Garry ojak
bilen meniň aramda içine hoşroý ysly ullakan ak güller ekilen
gaby goýdy-da, özi bir çete çekildi. Onuň dine ojagyň üstüne
egilenaksellelikellesikämahalgözekaklyşýardy.
Gapdalyndada mis çüýleri öçügsi ýyldyraşýan agaç sandyjak
bardy.
Birden ol düşnüksiz labyzda burnuna salybrak doga okamaga
başlady. Aram-aram elini sakgalynyň üstünden emaý bilen
ýöredip goýberýärdi. Ahyry doga okap boldy öýdýän – maňa tarap
öwrüldi-de, barmagyny çommaldyp haýbat atdy:
– Indi sesini çykaraýma. Özüňem gymyldaman otur. Ýerinden
tursaň ýa-da gygyrsaň, jynlaryň birem gelmez. Olar gohdan
gorkýarlar. Özüm elinden tutup alyp gidýänçäm, ümsüm otur.
Men ähli zada taýýar bolanym üçin, aýaklarymy öňe uzadyp,
ellerimi döşüme gowşuryp, diwara ýaplanyp arkaýyn otyrdym.


Garry ýene pessaý ses bilen doga okamaga başlady, iki gezek
maňagözüniaýlady- d a , hoşallykbilenbaşatdy. Soňam
sandyjakdan bir gysym tohum alyp, jaýyň burçlaryna sepişdirdi.
Birden ýaňky tohumlar deri ýaly tutaşdy-da, başyny aýlap
barýan ýiti ysly goýy tüsse al-asmana galdy. Şagga derledim.
Endamymdan gyzgyn damjalar syrygyp başlady.
Töwerek henizem dym-dyrslykdy. Garry şindem öz jadyly dogasy
bilen gümrady. Şol wagt ýokardaky deşikden kimdir biri sereden
ýaly boldy. Onuň kölegesi ilki ortadaky ojaga, sonam garrynyň
sellesine düşüp, birdenem gaýyp boldy.
Men ýokaryk seretjek bolanymda, halys tapdan düşenimi duýdum.
Gymyldamaga sähelçe-de ysgyn-rowgatym ýokdy.
Garry ojaga nähilidir bir külke zatlar sepdi. Ondan göterilen
tüsse tiz salymda jaýyň içine dargap, ýitip gitdi.
Men gaty geň ýagdaýda galdym. Göwnüme bolmasa, töweregimde
tupan turýan ýalydy. Ol aýratynam çep tarapymda güýçlüdi.
Hatda barha möwjeýän şemalyň şuwwuldysyny-da eşidýärdim.
Soň harasat bütin töweregi gaplady. Men göýä jaýyň içinde däl-
de, demir ýolun üsti bilen garşymdan öwüsýän ýeliň tersine
aýylganç tizlik bilen okdurylyp barýan ýalydym.
Ýagdaýym her neneň erbedem bolsa, men ojakdan göterilýän
tüssäni, ullakan ak gülleri, gymyldaman oturan garany açyk-
aýdyňsaýgarýardym. Diýmek, nämebolsameniňbaşymda.
Töwerekdäki ähli zat asuda. Ýel turýany çyn bolsa, iň bolmanda
onuň dilleri tebil tapardy ahyryn…


Birdenemtöweregimtozanagaplandy- d a , herhiligeň
jandarlaryň şekili gözüme görnüp başlady. Dumly-duşumdan
dazlaşyp geçýän ol şekilleriň sany-sajagy ýokdy. Şol köwsar
urýan tozanyň arasyndan mahal-mahal köz ýaly ýiti gözler,
naýynjar ýylgyrýan dodaklar hem ap-ak dişler görnüp gidýärdi.
«Bu kimkä? – diýip oýlandym. – Garrynyň meniň ýanyma çagyran
janynyň şekli bolaýmasyn?! Belki, ol bu giden şekilleriň
birden-biri meni tanar ýaly ýa-da men olary tanaryn diýen
pikir bilen bilen şeýle edýändir…»
Dogrudanam, ol şekilleriň biri nazarymy egledi. Endamym
tikenekläp, ysytma tutýan ýaly gagşap ugradym. Edil ýarganat
ýaly daşymda köwsar urýan ol kölegäniň keşbi birhili tanyş
göründi.
Meniň edil öňümde ozalky ak güllere derek ýüpek köýnege
çolanan aýal otyrdy. Özem häzir gelene däl-de, giden oturana
meňzeýärdi. Başgazatgörmesem- d e , garrynyňamşu
töwerekdedigini syzýaryn. Altyn çaýylan kürsüde sarsman oturan
bu aýalyň arkasynda ak sütünleriň hatary uzalyp gidýär, bärik
gelýän mähelläniň aýak seslerini, gürrüňlerini üzlem-saplam
eşidýärin. Alys bir ýerden sazyň sesi gulagyma gelýär.
« Häzirmendogrudanam, tansedilýänullakanzalda,
töweregimde-de bir topar adam bar. Gabat garşymda ak köýnekli,
saçyna yhlas bilen timar berlen, ýüzüniň reňki öçük aýal otyr.
Ine, ol pessaý sesi bilen maňa nämedir-bir zatlar diýýär».
Meni iki hili duýgy basmarlap ugrady. Hem-ä onuň gürrüňiňe hä
beresim gelýär, şol bir wagtyň özünde-de onuň niredendigini,
adynyň nämedigini, nädip bu ýere düşenini anyklajak bolýan.
Ýöne sütünleriň aňyrsynda kimdir biri bardyr ýa-da garry
diňläp oturandyr diýen gorky dilime badak atýar.
Eden gürrüňimiz doly bolmasa-da, üzlem-saplamrak ýadyma
düşýär. Men şeýle diýdim:
– Ikimiz düýn derýanyň kenarynda gezelenç etdik. Howa-da
sowukdy… Siz meni henizem tanaňzokmy?
– Ol gezelençleň lezzeti aýry-la!.. Men sizi dogrudanam nirede
gördümkäm?
– Ýadyňdamy, biz gaty kän tanyşlarymyza-da duşduk. Ählisiniň
edil şol wagt gezelenje çykaýyşlaryny diýsene… Mundan ýedi ýyl
ozal geçirilen bir agşamda ikimiz tötänleýin tanyşypdyk. Az-
kem tansam etdik… Ol agşam diýseň ajaýypdy, açyk asman, sowuk
howa…
– Hawa-da, güneşli gün häli-şindi bolup durýan zat däl… Hä,
indi ýadyma düşdi. Meni siz bilen bir student ýoldaşym
tanyşdyrypdy… Bilýäňizmi, men şonda erbet sowuklapdym. Üç
günden soňam ýagty jahan biden hoşlaşdym. Iň soňky demimde-de
şol duşuşan agşamymyz ýadyma düşdi. Şeýle bir ýaşasym gelýärdi
welin… bolmady-da…
– Men sizi nädip halas edip bilerkäm? Siz häzir şeýle ýaş,
ajaýyp…
– Ýakyn günlerde ýene-de şo gezekki ýaly agşam guralyp,
ýigitler, gyzlartansetmegegelerler. Elbetde, sizem
gelersiňiz. Men sizi ol ýerde şatlyk bilen garşylardym welin,
arman… Şu garrynyň ygtyýarynda-da… Ol meni hiç ýere goýbermez.
Ýöne göresiň gelse, garry bizi duşuryp biler… Tansa hökman
geleweriň.
– Onuň gürrüňi bolmaz… Ýöne siz gitmäň. Eşidýäňizmi? Hemişe
bile bolaly… Hany, maňa eliňi ber…


Men tutmak üçin oňa topulamda, öňümde duran gülli gaba
büdredim. Garry ellerini asmana tutup, meni köşeşdirjek bolup
doga okaýardy.
Tüweleý turup, töweregimde ýene-de şol tutuksy şekiller
gaýmalaşyp ugrady. Soň şemal kem-kemden pessaýlady, hanlaryň
gowrudyr tans sazynyň sesi barha uzaklaşyp, ahyry düýpgöter
kesildi…


Jaýyň içi garaňkydy. Ýöne henizem tüssäniň ysy gelýärdi.
Ýokarky deşikden, damýan damjalar daşarda ýagyş ýagýandygyndan
habar berýärdi. Uzak bir ýerden gök gübürdisiniň sesi geldi.
Garry gahardan ýaňa sandyrap, ýuwaşlyk bilen:
– Men bu janlary öň nägünlük bilen çagyrdym. Bar azabymy puja
çykardyň – diýip, pyşyrdady.
Men ýerde ýassygy gujaklap, ýüzin duşup ýatyryn. Hasrat
ýüregimi mynçgalaýardy. Birçak – student döwrümde ak köýnekli
bir gyza duşup, ýarym sagat çemesi tans edenim ýadyma düşýär.
Onuň adam ýadymdan çykypdyr, ýüz keşbem hakydamda ýok. Hatda
häzir niredediginem bilemok. Ol bu ýurda, has beterem, bu
garryň öýüne nädip düşdükä? Indi maňa ony görmek miýesser
edermikä?
Şu zatlary serimde aýlap, gymyldaman ýatyryn. Halys tapdan
düşen bedenim edil ýenjilen ýaly owum-döwüm bolup dur.
Ol gyzy ýene-de çagyrmagyny garrydan haýyş etdim. Garry az
salymdan dogasyny okap boldy-da, elimden tutup, sessiz-üýnsüz
daşaryk alyp çykdy.

Gije bir çene barypdyr. Harasat ýatyp,
dolan aý asmanda nur saçyp dur. Men halynyň üstünde gyşaryp
ýatyşyma garra:
– Hany, aýt, sen ol gyzy nireden çagyrdyň? – diýdim.
– Duşuşan sen, gören sen. Şonuň üçinem, ony sen bilmeli. Meniň
hiç zatdan habarym ýok.
– Ýaşuly, meniň görmek isleýänim ol däldi-de, başga biridi.
Men ol gyzy çagyramok, özi geldi. Men seniň ýanyňda hepdeläp,
aýlap bolmaga-da taýyn. Ýöne şol gyzy ýene bir gezek görkez.
Garry ýüzüme ynamsyzlyk bilen garady-da:
– Bolmaz – diýdi. – Bir öwrenişseň zol göresiň geler durar.
Men beýdip biljek däl. Ugra öýüňe!


9

6

0

1

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

BAGT ÖZ ÝANYŇDA


Dogry...dowamy...
Erkin mowzuklar | BAGT ÖZ ÝANYŇDA
Nikli (Şugün, 15:03)

KEMSINME, EZIZIM!


Eh soyga galan yokla indi Soyguni epled dyk diya indi gozeller...dowamy...

Owadan gyzyň maňlaýy... (Hekaýa) Dowamy.


Berekelaa...dowamy...

Owadan gyzyň maňlaýy... (Hekaýa) Dowamy 3-nji bölüm.


Brawaaaa...dowamy...

Saýydaky dostlama kömek


Yenede yatlayn sen isle mary bol ahal bol balkan bol lewap bol dasoguz bol men komek etyandirin milet parazlyk yok mende...dowamy...

Owadan gyzyň maňlaýy... (Hekaýa) Dowamy 3-nji bölüm.


Tova...dowamy...

Owadan gyzyň maňlaýy... (Hekaýa) Dowamy 3-nji bölüm.


Ol Kyýasy ogşady. Çem gelen erinden. Maňlaýyndan, gözünden, ýaňagyndan, boýnundan....dowamy...

Owadan gyzyň maňlaýy... (Hekaýa) Dowamy 3-nji bölüm.


Okayan adam yok barde...dowamy...

Kaka, diýsem bolarmy? (Hekaýa)


Hmm, täsin, gaty täsin. edil häzirki dögri alsak kim ejesiz kim kakasyz. aý indi o zatlar geňem görlenokla... diýjek bolýanym ideýa gowy, ýöne ga...dowamy...

Ene-ata:Kalbyň Nurly çyrasy(gysgajyk makala)


Biah... diýä Bagana... menem şoňa goşulýan....dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->