“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
Sebap : Her el uzadana dostuňdyr öýtme adamlaryň ikidenem ýüzi kändir

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

KÄBÄM!
 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 05.11.2025 / 10:50

Waspyña şygyrlar ýazasym geldi,
Dert başymdan agyp geçdi-le käbäm!
Dostlaryñ ahwaly gijiräk belli,
Köp kişi ynamdan gaçdy-la käbäm!

Mätäjem öwüt ber sypap saçlarym,
Sen bar ahyr özgä syrym açmaryn.
Baglarda saýran nije guşlaryñ,
Gadyry bilinmän, uçdu-la käbäm!

Çarhypelek bat berdi-de çarhyna,
Aýlady daşyma gamdan çarçuwa,
Yrýa saýdym yş görünse şam çyra,
Eregen şem bolup, öçdü-le käbäm!

Baglar güllese, galkynyp göwnüm,
Menem bolar öýtdim ömrümde öwrüm,
Ýagşy niýetleri ýüregme göwdüm,
Armanlar saralyp, bişdi-le käbäm!

Uludan dem alsam geñirgenmegin
Ýokuş gördüm, dünýäñ hilegärligin,
Ökünçli bar bolsa biri mendirin,
Ýalançy aýbyny aşdy-la käbäm!

Suraý AMANAKOWA


132

10

0

6

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️

...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->