Ýürekdeş sözler!
,,Titanikden'' hem uly.Dunyadaki in uly syyhatcylyk gamisi yuzuše cykdy
Orazik [off]
06.11.2025 / 00:33
,,Gaty arkayyn Buba"
“Deňiz nyşany” atly dünýädäki iň uly kruiz gämisi Florida ştatynyň Maýami portundan Karib deňziniň adalarynyň ugry boýunça ýedi günlük ilkinji syýahatyna ugrady.
Gäminiň uzynlygy 365 metr. Bu rekord derejedir. Has dogrusy, rowaýata öwrülen “Titanik” gämisinden (269 m) takmynan, 100 metr töweregi uzyndyr. Gämini suwa goýbermek dabarasyna futbol boýunça dünýä çempiony, Argentinanyň milli futbol ýygyndysynyň kapitany, “Inter Maýaminiň” oýunçysy Lionel Messi hem gatnaşdy.
Ýolagçylaryň oňaýly dynç almagy üçin ähli şertleri özünde jemleýän, 40-dan gowrak restorana eýe bolan bu gämi 7,600 ýolagçyny kabul etmäge ukyplydyr. Şeýle hem tropiki ösümliklere eýe bolan uly bolmadyk seýilgäh, teatr, karaoke, tennis we woleýbol meýdançalary, çagalar üçin attraksionlar we akwapark ýolagçylaryň hyzmatynda.
Gämi Bagam adalarynda hasaba alyndy we 2 milliard amerikan dollary bahasy bilen Finlýandiýada guruldy. Bu ýüzýän “güýmenje seýilgähiniň” hereketlendirijileri suwuklandyrylan gazda işleýär. Bu bolsa daşky gurşawy goraýjylar tarapyndan metanyň atmosfera çykmagyna sebäp bolýandygy bilen tankytlanylýar.
“Cruise Lines” halkara birleşiginiň habaryna görä, gämi pudagy, esasan hem ýaşlary özüne çekýän syýahatçylyk pudagynyň iň çalt ösýän pudaklaryndan biridir. 2021-nji ýylda bu syýahatçylyk pudagy ABŞ-nyň 75 milliard dollary möçberinde dünýä ykdysadyýetine goşant goşdy.
Agramy 250,800 tonna we uzynlygy 365 metre golaý bolan bu gämi häzirki wagtda dünýädäki iň uly kruiz gämisi bolmagynda galýar
130 |
6 |
1 |
2 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Fantom [off]
Wagtyňyzy manysyz geçirmäň, çünki her bir pursat altyndan gymmatlydyr...
06.11.2025 / 09:24
+1
Şeýdiňä how. Bolmasa diýänä, hamana söýgi, ýandym, we şm. zatlardan ýadalandyrlaý indi.
Soňky teswirler
Hosting bilen domenin komegi programmada
android sudio - android studio urulu - url hada - hatda - ýaman ýaman ýaman dogry ýazýaňyz :D bagyşlaň welin teswirleme berjekdäldim. Okap bolam...dowamy...
Ilkinji edebiýat birleşmämiz ☺
Menem birleşme barada birzatlar ýazaýjakdym, Basmaçylardan ýaňa ýazjagyňam ýazyp bolanok, bar höwesiňi alansoňlar ýazasyňam gelenok. Oňarypsyň, ý...dowamy...
Ýatla meni...
Bir mowzugy, bir gezek halamak mumkin! Esasy Sada halkyň göwnünden tursa, ol seniň ýazan zatlaryňy ýyldan ýyla nämejik, asyrdan asyra geçirýär....dowamy...
Ýatla meni...
Poeziyada lenc edilen pikirlerden gacarak durmak gerek. Meselem, gysda yazda yatla diyen yaly. Gosgyn icindaki uytgesijek bir zatlar aytjak bolma...dowamy...
Ahwal
Umuman alanda gosgyn tehnikasy sagdyn, duygusam bar. Birhili Cary Yegenmyradyn gosgularynam yatlatman duranok. indi minuslaryna gelsem kabir kapy...dowamy...
Edebi söhbetdeşlik Taýmaz Seýidow bilen sorag-jogap
Tuweleme, gowy sohbetdeslik bolupdyr. Taymaz agan jogaplaryny men-a gaty haladym. Ayratynam 12-nji sorag we jogaby gaty yerine dusupdir. Ustunlik...dowamy...