“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
💥New chat..🗨
Ýürekdeş sözler!
Adamata : Habyl bile Kabyl ene garnynda, olar hem dünýäge gelende bardyr

Forum | UMUMY BÖLÜM | Dünýä täzelikleri

Pul barada 20 sany gyzykly fakt
 Öwreniji
 Orazik [off]
 06.11.2025 / 00:41
 ,,Gaty arkayyn Buba"

Biz gazanýarys, töleýäris, başga biriniň hasabyna geçirýäris, harçlaýarys, hatda howa sowurýarys... emma aslynda welin, puluň näme zatdygyny anyk bilmeýäris. Dogrusy, pul dogrusynda örän täsin maglumatlar bar.


Pul barada çagalaryň hem-de uly ýaşlylaryň ünsüni çekip biljek 20 sany gyzykly fakty okyjylaryň dykgatyna ýetirýäris.


1. Gadymy döwürlerde töleg hökmünde merjenler, balykgulaklar, öý haýwanlary, däneler, balyklar, ýüňler we şular ýaly beýleki zatlar kabul edilipdir.


2. Dollaryň «$» nyşany ABŞ-nyň walýutasynyň döremeginden has ozal, hatda ABŞ-nyň ýurt hökmünde ýüze çykmagyndan-da öň peýda bolupdyr. «$» belgisi ABŞ-nyň walýutasyndan öň köp ulanylan Meksika pesosyny aňlatmak üçin gysgaça bolan «Ps» harplarynyň birleşmesidir. Bu belginiň ABŞ-nyň çäginde giňden ornaşdyrylmagy bilen, amerikan dollarynyň ulanyşynda hem dowam etdirilipdir.








3. Banknotlar — ýokançlaryň köpelip bilýän ýeridir. Alymlaryň pikiriçe, dünýädäki pullaryň 94%-i özünde bakteriýalary saklaýar. Oksford uniwersitetiniň ylmy gözlegçileri mikroblar üçin birnäçe walýuta nusgalaryny barladylar we 100 ýuanyň iň hapa puldugyny, onda 180 000-den gowrak bakteriýanyň bardygyny anykladylar. Has arassa banknoty bolsa özünde ortaça 11 000 bakteriýany jemleýän ýewro diýip hasaplamak bolar.


4. Kagyz banknotlarynyň ulanyş ömri 3-5 ýyl diýlip kesgitlenilýär.


5. Doly zyňaýmaly ýagdaýa gelýänçä bir pul serişdesi 30-50 müň adamyň elinden geçýär. Ýeri gelende aýtsak, banknotyň nomeri näçe kiçi bolsa, şonça-da tiz könelýär.








6. 100$-lyk ABŞ dollaryndan düzülen 1 million dollaryň agramy takmynan 10 kilograma barabar.


7. Gadymy grek dekadrahmalary seýrek arheologiki tapyndy bolup, iň gymmat pul birligi hasaplanýar. Dekadrahma Afinada, Sirakuzada we Akragantda, şeýle hem Aleksandr Makedonskiniň döwründe (b.e.öň 336-323 ýý.) neşir edilipdir.


8. ABŞ-da pul birligine häzirki wagtda ýaşa ýören adamlaryň şekilini ýerleşdirmek kanuny taýdan gadagandyr.


9. Gadymy Rim tegelek teňňeleriň zikgelenip başlanan ilkinji döwleti hasaplanýar.


10. Ilkinji kagyz pullar Hytaý Imperiýasynda, Tan dinastiýasynyň hökümdarlyk eden döwründe (b.e.öň 618 — 907 ýý.) ulanyşa girizilipdir, emma olar diňe hususy maksatlar bilen peýdalanypdyr. Pullar döwlet derejesinde bolsa ondan soňky döwürde — Sun dinastiýasynda (970 - 1278) ulanylyp başlanypdyr.


11. Dollar pulunyň 100$ görnüşinden başga ählisinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidentleriniň şekili ýerleşdirilipdir. Olaryň hatarynda diňe iň uly dollar görnüşinde şekillendirilen Benjamin Franklin prezident bolmandyr.


12. Meşhur stol üstünde oýnalýan Monopoliýa oýnundaky pullar adaty dollar pul birliginden 30 esse köpdür.








13. Dollar bilen 2005-nji ýylyň Azerbaýjan manadyny ilkibada tanamak ýeňilem düşmändir. Munuň sebäbi bolsa, olaryň ikisini-de şol bir adamyň — awstriýaly dizaýner Robert Kalinanyň ýasandygydyr.


14. Häzirki wagtda Ýer ýüzünde 159 sany resmi walýuta bar diýlip kesgitlenilýär.


15. 1966-njy ýylda bankda ilkinji bankomat patentlenildi. Şotlandiýaly inžener Jeýms Gudfello müşderileriň identifikasiýasy üçin PIN koduny oýlap tapdy. Doly anyk bolmadyk bir maglumata görä, başda PIN kody alty sandan ybarat bolupdyr. Şeýle-de bolsa, oýlap tapyjynyň aýalynyň diňe 4 sany ýatda bilýändigi sebäpli, Gudfellow kody gysgaltmaly bolupdyr.


16. Pullaryň saklanyp bilinjek ähli ýerlerinden (gapjyk, jübi we ş.m) ýitirilýän puluň bir ýyldaky ortaça möçberi 4,3 ABŞ dollaryna deňdir.


17. Funt sterling — häzirki wagtda hem ulanylýan dünýädäki iň gadymy walýutadyr. Iňlis walýutasy biziň eramyzyň VIII asyrynda ulanylyp başlanypdyr.



18. 1821 — 1825-nji ýyllar aralygynda Alýaskany dolandyrýan «Rus-amerikan» kompaniýasy düwleniň derisine çap edilen 10 000 sany banknoty çykarypdyr. Häzirki wagtda ol banknotdan takmynan 40 sanysy galypdyr.


19. Bagam adalarynda 2001-nji ýyldan bäri 1/2 dollarlyk nominaly bolan pul serişdesi dolanyşykda ulanylýar. Banknot numizmatlaryň arasynda giňden meşhurdyr.


20. Anyk bir taryhy maglumat saklanyp galmadyk bolsa-da, köp bilermenler rus dilinde ulanylýan «dengi» sözüniň türki diliniň sözlük düzümindäki «teňňe» diýen düşünjeden gelip çykandygyny belleýärler. «Kopeýka» sözüniň döremegi bolsa Iwan Groznynyň hökümdarlyk eden döwründe zikgelenen eli naýzaly (kopýe) atlynyň şekili bilen baglanyşdyrylýar

Turkmenportal.com


109

18

4

4

0

0

0
Teswirler:
 Öwreniji
 Orazik [off]
  ,,Gaty arkayyn Buba"
 06.11.2025 / 00:42

+1

Gyzykly zatlar yaltanmanjyk okan

 Täzeje
 Fantom [1s]
  Göwnüňdäki ýaly bolmagyny isleseň, özüň etmeli...
 06.11.2025 / 09:29

+1

Berekella!

Görýäňmi, aýallar nädäýýä...

 Täzeje
 FENX [off]
 06.11.2025 / 09:57

+1

Häzirem balykgulagy pul hökmünde ulanylmaly bolan bolsa, deňiziň töwereklerinde zat galmazdy

 Öwreniji
 Good [1s]
 06.11.2025 / 17:40

+1

Puluň köneligine garamazdan güýjüni ýitirmeýän özboluşly ysy barada nämeler bilýäňiz)

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Dogry düşün!


Gowy zat diýmek isläpsiň...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dogry düşün!
Ahmal (Şugün, 13:06)

Dogry düşün!


Gyz ozuni yeterlik derejede goramagy, erkliligi basarsa haysy niyeti bozuk oglan golayyna gelip biler? Ya-da oglan niyetini duzuw tutsa haysy nam...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dogry düşün!
Belki (Şugün, 11:35)

Dogry düşün!


Hazirki dowurde duygy, pikir, dusunje yaly zatlaryn ahlisi ayak asty boljak derejede ownady. Hazir dine materiya gyzykly. Ahlak,namys, mertebe bu...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dogry düşün!
Belki (Şugün, 11:31)

Geler


Gaty gowy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Geler
erkin1997 (Şugün, 11:14)

Dogry düşün!


Inda gyzam oz abraýyna özi seredenok gaýta 2-3 oglan bilen birbada gepleşip ýörler...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dogry düşün!
Minigim (Şugün, 05:41)

Человек без прошлого film barada


Alssgeýmer?!...dowamy...

Tebip rowaýat


Ýeri ýylan zäherini gudamyzyň tüýküliginden alsak, galanyny nirden tapjak?! Gyzykly tymsal....dowamy...
Erkin mowzuklar | Tebip rowaýat
IDEALLIDER2 (Düýn, 15:31)

1nji fewral täleýnama


Asmanda ýerleşen gök ýyldyzlary, Haýrana galdyrýar akly düzleri. Täleýiňi ýyldyzlardan agtarma, Çünki sergezdandyr olaň özleri. Omar Haýýam....dowamy...
Erkin mowzuklar | 1nji fewral täleýnama
Jennet_guli (Düýn, 12:05)

IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 5


57. Almaň şänikleri zäherli hasaplanylýar. Sebäbi almaň şäniginiň düzüminde sinil kislotasy bar. Şri Dewiniň baş roly oýnan "Eje" atly kinosyny...dowamy...

IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 5


56. Käte biz düýşümizde nätänyş adamlary görýärs, hem ol adamy biziň aň-düşünjämiz ýasandyr ýada başga sebäpleri bardyr öýdýäs. Emma bu beýledäl....dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->