Ýürekdeş sözler!
EJEMJANY GÖRMEK ISLÄP... ( POEMA)
Daniel [off]
07.11.2025 / 21:21
Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!
Hepde soňy dem alyşlyk .
Men bolsa elewräp barýan.
Uzak - uzak ýollar söküp ,
Ejemi görmage barýan .
Işde hars- hars eden bolup ,
Pikrim ýolda eňip barýan .
Işçileriň soraglarny,
"- Ladno" diýip ýeňip barýan .
Iş gutarar-gutarmazdan,
Hasanaklap basyp barýan .
Demir ýola bakan ylgap ,
Köçeleri asyp barýan ..
Garyn kar- kar ses etsede ,
Dişim pugta gysyp barýan .
Aldan gelýan adamlary ,
Öküz deýin süsüp barýan
"Poýezda ýetişdim": diýip,
Hiňlene eýlene barýan .
Oturanlar gybatlaşyp ,
"Bu nä boluş, beýle barýar".
Şol gidişde şäher - şäher ,
Tokaýlary söküp barýan .
Bir poýezdan başgasyna ,
Kenguru deý böküp barýan .
Howwada şeýle bir yssy ,
Kislorotsyz ýakyp barýar .
Adamlaram toda -toda,
Debseleýip ýykyp barýar .
"Biletçi gelýär ! " diýdiler ,
Köpçülik bukulyp barýar ,
Menem şolaryn yzyndan ,
Kowlaşyp, sokulyp barýan .
Şeýdip ýolda bäş sagatlar ,
Käte alty eçip barýan .
Bir mukaddes ynsan üçin,
Menzil-menzil geçip barýan .
Ýol azaby bolsada kyn ,
Men ýylgyryp gülüp barýan.
Birsi dürtüp: "oýan oglan!
Bu gidişde ölüp barýas"
Ajal gelse gider herkim ,
Sünnete eýermäge barýan .
Allahym özüň medet ber
Ejemi görmäge barýan!.
Awtor : DaýançKasym
151 |
7 |
0 |
3 |
0 |
0 |
1 |
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Outlier (30.07.2026 / 06:29)
Outlier (30.07.2026 / 06:29)
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Belki (26.07.2026 / 10:12)
Belki (26.07.2026 / 10:12)
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️
