“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
erkin1997 : kynçylyk — bu täze bir mümkinçilik

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Futbol we futbol meydancalar
 Öwreniji
 Orazik [off]
 08.11.2025 / 22:30
 ,,Gaty arkayyn Buba"

Futbol tomaşaçylaryň aýratyn köpçüligini özüne çekýän oýun görnüşidir. Demirgazyk Koreýanyň paýtagty Phenýandaky Birinji Maý stadiony dünýäde iň uly futbol toplumy hasap edilýär. Ol özüne 150 müň adamy jemläp bilýär.

Hindistanyň Kalkutta şäherinde 1984-nji ýylda gurlan Hindi ýaşlarynyň stadionyna 120 müň adam ýerleşýär.

Şeýle köp adamy özünde jemleýän uly stadionlaryň ýene-de biri Meksikanyň paýtagty Mehikoda ýerleşýär. 105 müň 64 adamy özünde ýerleşdirip bilýän Asteka stadiony futbol boýunça dünýä çempionatlarynyň birnäçesini kabul etdi.

Angliýadaky «Uembli» futbol stadionynda türgenleşikleri geçirmek gadagandyr. Ol diňe futbol duşuşyklary üçin açyk.

Futbol taryhynda iň çalt pökgi 1995-nji ýylda «Adelaýda Siti» bilen «Sidneý United» toparlarynyň arasynda geçirilen oýunda tora girizildi. Oýun başlandan 3,67 sekunt soň, Adelaýda Siti» toparynyň awstraliýaly oýunçysy Damien Mori topy garşydaşyň pökgüsine geçirdi.

1950-nji ýyllaryň ahyrynda «Ýurgorden» ýaşlar toparynyň derwezeçisi tarapyndan täsin rekord goýuldy. Ol toparynyň 18:0 hasabynda ýeňiş gazanan oýnunda hiç-hili topa degmedi. Oýunda toparyň goragçysy iki gezek topy yzyna gaýtarypdyr.

1960-njy ýyllaryň ortalaryna çenli futbol duşuşyklarynda oýunçy çalyşygyny geçirmek gadagan eken. Eger derwezeçi şikes alsa, onuň ornuny meýdançadaky oýunçylardan biri eýeläpdir.

«Ýüzýyllygyň iň gowy goly» diýlip atlandyrylan pökgüni 1986-njy ýylyň futbol boýunça Dünýä çempionatynda Argentina bilen Angliýanyň milli ýygyndylarynyň duşuşygynyň 54-nji minutynda Diego Maradona tora girizdi. Ol şonda meýdançanyň ýarty böleginden hüjüme okdurylyp, 6 oýunçyny hem-de derwezebany geçip hasaby açmagy başardy.

Ilkinji jerime urgusy Irlandiýanyň futbol ligasynda hasaba alnypdyr.

1969-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň pleý-off oýunlarynyň saýlama tapgyrynda Gondurasyň milli futbol ýygyndysynyň Salwadoryň milli ýygyndysyndan asgyn gelmegi bu iki ýurduň arasynda 6 günlük harby hereketleriň başlanmagyna sebäp bolupdyr.

11 metrlik jerime urgusy irlandiýaly futbol eksperti Jon Penaltiniň hormatyna dakylypdyr. Ol 1891-nji ýylda jerime urgusyny oýna girizmegi hödürläpdir.

Russiýaly meşhur derwezeban Lew Ýaşin diňe futbol derwezebany däl, eýsem, hokkeý derwezebany hem bolupdyr. 1953-nji ýylda ol topary bilen hokkeý boýunça SSSR-iň kubogyna we ýurduň çempionatynyň bürünç medalyny gazanypdyr. Muňa garamazdan ol futboly saýlap, taryhda öçmejek yz galdyrmagy başardy

Internet cesmelerden


136

7

0

1

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️

...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->