Ýürekdeş sözler!
Gitsek gideli onda
Mishel [off]
Şugün, 09:38
Är-aýal çaý başyna geçdi. Her haýsy bir çeýnek çaýyy alyp. Äri bir gysym şekeri gyzgyn çaýa guýyp içjek çaýyny mazalandyrdy. Aýaly bolsa ortada duran kagyzly kemputdan birini agzyna atdyda sýýji bilen çaýyň lezzetini alyp otyrdy.
Bir meýdan dymdylar. Çaýyň mazasy olaryň tenine siňdi. Indi gepleşip çaý içselerde bolar.
Aýaly başlady.
-Hemmeler gidip durlar. Bizem gimesek bolmaz.
Äri
Näme üçin. Gitmände bolanokmy.
Aýaly
Hemmeler gitse bizem gitmeli bolarys. Olardan yza galsak bolmaz. Ýogsa adamlar aýdar, olar gidip bilenak diýip.
Äri
Adamlar biz barada gidip bilenak diiýse biz hem olara, olar gitdi diýip aýdarys. Bolar şu. Deňme deň bolýas
Aýaly
Ýöne gitdi diýseler has abraýly bolýar, gidip bilmän otyr diýenden.
Äri
Onda birinji bolup sen git. Seniň gideniň adamlar üçin ýeterlik bolar. Olar şonda, anha pylanyň aýaly hem gidip barýar diýip aýdarlar.
Aýaly
Men gidip sen gitmän galsaň gelişiksiz bolýar. Aýaly gitdi ari gidip bilenak diýerler. Iň gowysy ikimiz birbada gidip has abraýly bolýar. Adamlar, anha olaryň ikisäm gitdi diýip aýdarlar
Äri
Nätdiňäý muny . Ýaşar ýaly etmediňä bu ýeri. Diňe gidip galmakdan abraý gazanmak nämä gerek. Abraý gazanmak diňe şu gidip galmakdan barmy. Başga ýoly ýokmy abraý gazanmagyň
Aýaly
Ýok. Şu wagt diňe gidip galmakdan abraý bar. Başga bir abraýlar indi abraý hasaplanmaýar
Äri
Kim oýlap tapypdyr bu hili abraý gazanmagy
Aýaly
Hiç kim. Onuň ady belli däl. Emma diýeni belli. Gidip barýanlar begenip gidýäler. Galýanlar bolsa gynanyp galýalar.
Äri
Onda men gynanamok. Gitmeýänligim üçin. Tersine gidip barýanlar üçin gynanýan.
Aýaly
Bu wagtlaýyn. Tizara sen hem galýanlygyň üçin gynanyp başlarsyň. Gidýän bolsaň begenip başlarsyň gidýänligiň üçin.
Äri
Onda şol döwüre çenli şu ýerde ýaşabereli. Bizi bu ýerden kowýan ýok.
Aýaly
Ýok. Haçan gidip bilmän biabraý bolanymyzdan soň gitsek barybir biabraý bolarys. Gowysy entek biabraý bolmankak gideli.
Äri
Içen çaýymy bir tin etdiň. Gitseň gidip dyn emma men gitmerin. Bu ýer meniň dogdyk mekanym. Ýurdymy taşlap gitjek däl. Ol ýere baranymdan soň mäňä näme üçin sen biziň ýurda geldiň diýseler men näme diýeýin. Hamala kowylan kişi ýaly bolup duraryn. Ýada bolsa öz ýurdymda gün ötelge tapmadk ýaly bolaryn.
Aýaly
Haçan sen gitmeklige karar etseň barjak ýerň seniň ýurdyň ýaly duýgysy dörär
Äri
Ýok diýdimmi ýok. Men özümde başga bir duýgynyň döremegini islämok çünki ähli duýgylar wagtlaýyn.
Aýaly
Diýmek onda maňa bolan duýgyň hem wagtlaýyn bolan ekendä. Irteräk aýytsaň bolmadymy duýgylaryň sönüp galanyny
Äri
Kellämi agyrtma. Gitseň anha ýol. Emma men hiç ýere gitjek däl. Pul üçinem, abraý üçinem.
Aýaly
Onda meni aýryla . Men gitmekçi
Äri
Sen kim bolupsyň ol ýurtlara baryp özüňi tutar ýaly. Ol ýerde sen ýa hajathana arassalarsyň ýada biriniň aýagyny ýuwarsyň
Aýaly
Barybir men gitjek. Maňa rugsat ber
Äri
Saňa menden rugsat ýok. Gitseň meni depeläp gitdigiň bolar. Şoňa garaşyk men bu ýerde men iş tutaryn.
Aýaly.
Barybir giderin. Indi men seniň bilen ýaşamak islämok/
Äri
Irteräk şeý diýseň bolardy. Ol ýurda gitmegi bahana edip meni taşlap gitmegi niýet eden ekeniň. Nämä gerekdi. Ol ýurda gitsek abraý bolardy diýmek. Hany indi abraý bolup başladymy.
Abraýyň ornuna biabraý bolup başladyk.
Aýaly
Emma barybir ol ýurda gidenleri abraýly hasaplaýarlar.
Äri
Çendenaşa köp gepläp başladyň . Men seni diňläsim gelenak, çünki sen maňa indi öz sözüňi dälde başga birleriniň saňa aýydan sözlerini maňa ýetirýärsiň.
Aýaly
Bolupdyr. Men ýol gamymy iýip başlaýan. Sen bu ýerde galýaň.
Äri
Men saňa aýytdym. Seni bu ýerden kowýan ýok.
Aýaly
Çünki men seniň bilen gidesim gelýär
Äri
Onda näme üçin sen bu ýerde meniň bilen bile galasyň gelenak.
Aýaly
Ikimiz bile gitsek iliň içinde has abraýly bolarys.
Äri
Bolupdyr onda, goý gitsek gideli.
7 |
6 |
1 |
0 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Fantom [12s]
Şugün, 12:12
+0
Haçan sen gitmeklige karar etseň barjak ýerň seniň ýurdyň ýaly duýgysy dörär
emeli aňa oňartýaňmy?
Soňky teswirler
Gitsek gideli onda
Haçan sen gitmeklige karar etseň barjak ýerň seniň ýurdyň ýaly duýgysy dörär emeli aňa oňartýaňmy?...dowamy...
ADAMLARYŇ ARASYNDA
Nirde ene, nirde ata, Hak ýolunda etme hata... Tawut diýlen agaç ata, minmezlige çäre barmy???...dowamy...
IDEALLIDER-iň toplan söýgi setirleri 1.
Yagysyn her bir damjasy gulusune gosulsanda gosgy emele geler. Muny bir men bilyan, birem asman. Jemal Süreyya....dowamy...
"Kőýten nalasy"
Bekge Pürliýewiň "Dowzahdan çykan gyz" romany hem hakykatda bolan, başdan geçirilen waka esasynda ýazylan eken....dowamy...
"Kőýten nalasy"
Çaklaňja kitap eken. Menem okapdym. Kinosam bardy. Kinosy bilen kitapdaky käbir ýerler gabat gelmeýä. Kitapda Ýaňylyň çagasynyň kellesine çagasy...dowamy...
"Kőýten nalasy"
Türkmen ýazyjylarynyň, şahyrlarynyň her biriniň diňe adyny agzap çykjak bolsaň, ummasyz sanaw bolýar. Olaryň ýazan eserleriniň gysgajyk mazmunyny...dowamy...
"Kőýten nalasy"
Dogry, waka gyýnançly, ýöne näme üçin siz oňa 1 tarapdan seretýärsiňiz? her dögür bir dögür diýilýär. Ine aýdaly o dögür dini kanun ýöräpdir, ada...dowamy...
"Söýgi" romany hakda
Täzeje dabir [off] Düýn, 08:55 Käbir “edebiýata ýakyn adamlaryň” Aman Kekilowyň “Söýgi” romanyny ýöntem sýužetli, şygryýet gymmatlygy pes eser...dowamy...
"Kőýten nalasy"
Allanur Bathyzyň (Allanur Çaryýewiň) "Ýetişiksiz okuwçynyň gündeligi" kitabam mähirli, mylakatly eser eken....dowamy...