“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
Diamante_08 : Yalnızlığı çok seversek, bir gün o da çekip gider mi?#Diamante

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Seniñ salamyñam almak islämok…
Premium
 Huzur [off]
 10.11.2025 / 13:48
 Akylyň öýi)

Salamda Tañrynyñ ady bar diýrler,
A señ salamyñam almak islämok.
Unudyldy seni söýlen döwürler,
Indi adyñy-da bilmek islämok.
Elbetde ki, haýyr bardyr şer işde,
Saña aklym haýran, añym dürüşde.
Nädip, syr bildirmän aýnap bilýärsiñ,
Bir oýnam söz bilen oýnap bilýärsiñ.
Maña hasap berjek bolma mönsüräp,
Gyşda didelemde buz bolup doñan,
Gursagymdan syzlyp gan bolup dömen
Bir bigäne geçmez ýaly ýañsylap.
Ýuwdunan gözýaşlam özümki bolsun,
Hasabyñ-hesibiñ özüñki bolsun.

Çekseñ bir özüñ çek, biwepalygyñ,
Ýükün atjak bolma özgäñ omzuna.
Barmyş, bary-ýogy bir sapalygyñ,
Sen bilýänem dälsiñ, gussañ deñzine.
Agy kylyp, bokurdakdan ýuwdanym,
Dünýämi gark eýläp taşlap gaýdanyñ.
Nätseñ şeýt, ýol seniñki her işde,
Kebzäñden tutanda Duman perişde
Aljyraman berseñ bor-la hasabyn.
Eger dalda isläp baksañ her ýana,
Kim bolarka şonda saña perwana
Men ýeñledip bilmen ýöne azabyñ.
Şol wagt özümi diläp Hudaýdan,
Daş bolaryn seniñ kimin gedaýdan.

Hem-de begenerin Iblisiñ ogşan,
Alkymyña basmanyma eñegmi.
Syratyñ myhmandyr bir günde lagşar,
Ýer gysymlar göge tutan temegñi.
Maña duşan taýsyz ýalanam bolsañ,
Ýalandan ýüzüme gülenem bolsañ,
Çözlüp durmasa-da her salan düwnüñ
Gamly pursatyñda gamlanar göwnüm.
Ýogsa-da aýtsana, kim gurdy hile,
Almasam-da seni Tañrydan diläp
Haçan seni menden aldylar dolap?
Ýañy geljek bolup durkañ bu ile.
Geldiñem, başgady ýöne görjegiñ,
Mähriñi mugtuna özgä berjegiñ.

Del demlerden alan mähir-hyrujyñ,
Gizlärin öýtdüñmi synçy gözümden.
Ýa tapmaz öýtdüñmi başga alajyn,
Men añypdym ilki aýdan sözüñden.
Duýdum gijem bolsa ýene bir zady,
Ger söýseñ panyda bir perizady
Hakyñ söýgüsini unudyp bir dem
Ýalan söýgülere göwün ýüwürden
Men ýala beriljek jezady meger
Razy Ýaradandan bu jeza bilen
Kalbyma sanjylan bu yza bilen
Soñlap, gelejegmi ýagtyltsa eger.
Girmänime sebäp eýlär keremne,
Bu dünýäniñ Şetdat salan Eremne.

Sen ýene gel, geler öýtme gaharym,
Miltem etmez, kalbym duran ýerinden.
Gonalgañda howasyn sor şäheriñ,
Hakyñ yşky geçip durka serimden.
Öz dünýäme gümra bolar gezerin,
Men ýazaryn, ýöne bir zat ýazaryn.
Yşk nedir bilene, çakaryn çawuş,
Diýerin: — Bu ýalan, durmuşy ýalñyş.
Bakmañ göz-gaş kakyşyna Iblisiñ
Berjegi bir posa, bir oýnam şygyr,
Bolmak islemeseñ misli güñ, sagyr,
Gaçyñ deñesinden beýle müflisiñ.
Bu yşka düşenden düşmäniñ ýegdir,
Kalbyna erk eden soltandyr, begdir.

Diñlänler tapylar, diñlemedigem,
Düşer sen tetelliñ guran toruna.
Jahan giñ, hiç zady geñlemedigem,
Elbet, bir gün her kes durar ýerine.
Ýöne ýene bir zat aýdaýyn saña,
Tötändenem bolsa sataşyp maña.
Gorjalanmaz ýaly pikir-oýlaryñ,
Gaşlañ bürüşdürmez ýaly roýlaryñ.
Men taşlap giderin bu ak şäheri
Ine-gana bärik geleriñ ýaly,
Ýalandan şat bolup güleriñ ýaly,
Ýaşat diýip geldi-geçer bahary.
Şemalladyp ýagyr bolan arkamy,
Hem atynyp bukup goýan hyrkamy.

Hydyr gören daglañ kemerlerinde,
Haky ýada salar gezer ýörerin.
«Enel-Hak» at salar damarlarymda,
Säher gözýaşymda ýüzer ýörerin.
Sabada syn edip Günüñ dogşuna,
Aglaryn goşulyp ýazyñ ýagşyna.
Hem şapagy synlap ikindinara,
Salam göndererin Gözel dildara.
Ýöne göz ýetirdim bir zada ilki
Seni öz dünýämden gyrkyp zyñmaly
Şeýtana el beren nebsi ýeñmeli,
Gözel dildar, şonda bagyşlar belki…
Şoñ üçin salamyñ almak islämok,
Hatda adyñy-da bilmek islämok…


189

26

4

9

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Mizan [off]
 10.11.2025 / 22:01

+0

Şoñ üçin salamyñ almak islämok,
Hatda adyñy-da bilmek islämok…

Adyny bilmeýärdiňizmi öň?


Özümiziňki
Fantom  (11.11.2025 / 03:17) 

Mizan, nemedä, türke ýenä gidip adyny zadyny üýtgedip gelýän biz üçin indi geň dälä?!

 Özümiziňki
 Fantom [off]
  Wagtyňyzy manysyz geçirmäň, çünki her bir pursat altyndan gymmatlydyr...
 11.11.2025 / 03:15

+0

bennäň sabyr käsesi dolypdyr ýaly...

"Hem şapagy synlap ikindinara,"

Bagyşlaň welin, ikindin nähiýli şapak bar? ýa siz закат ýäni güniň batyşyny gözegine tutdyňyzmy?

öňde biri: Säherler ýaldyrap şapak doganda, meni süýji arzuw bilen oýarýar diýädi...
ýa ol adam ikindin turaýýamykaraý?

mendä bir içi ýanyp gaharnam hiçkimden çykaryp bilmän derdini gizläp kagyz bilen paýlaşan adamyň h


Täzeje
Mizan  (11.11.2025 / 10:28) 

Fantom, günüň dogan wagty we batan wagty emele gelýän gyzyl owadan ýeriň adyna şapak diýilýär


Özümiziňki
Fantom  (12.11.2025 / 11:21) 

Mizan, minnetdar. kop sagbolun!


Özümiziňki
Fantom  (12.11.2025 / 12:11) 

Mizan, Dogrydyr, men zokatmy diýip ýäni güniň batyşyny gözegine tutýanyny soradym, ýöne ikindin wagty şapak barmy diýen soragma deňziň gyrasynda ikindi wagty, has dogrysy güniň ýaşmagna 45 minut galanyndan täää batyp şo jahan garaňka gaplanýança syýnlamak örän täsirli diýip maňa gürrüň berdiler.

 Täzeje
 Aylar77 [off]
 11.11.2025 / 06:58

+0

mlds

 Özümiziňki
 Daniel [off]
  Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!
 11.11.2025 / 09:12

+0

Salama jogap bermeli


Özümiziňki
Fantom  (12.11.2025 / 12:15) 

Daniel, Elbetde, waleýkum diýersiňle, emma bärde başgarak zady gözegine tutan bolmagy mümkin. Ýäni, gabatlaşmak islämmok, we şm...

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️

...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->