“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
👉 Tanyşlyk Chat (üstüne bas)👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Söýgüli chat
Ýürekdeş sözler!
Aymelek : durmuşda gyzlar hiçkime ynanmaň biri bilen gepleşyanizmi soygilinizin yanyna joranyzy eltman sebabi joran senin soygini alar

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Mynasypmy? Barladyk! 1-nji bölüm.
 Özümiziňki
 IDEALLIDER2 [off]
 16.11.2025 / 22:37

Mynasypmy? Barladyk!
Ir-säher, guşlarlaryň jürküldisi, güneşiň mylaýym ýylgyrşy, myýmyk şemal, gamly oglan Umydyň göwnüni galkyndyranok. Söýgi!? Ýooook söýgidäl. Ýöne bu oglan aramlyk(normalny) maşgalada dogulansoň öý-hojalyklary gatybir öwerlikdäl. Has dogrysy biraz garybyrak. Maşgalasynda gyz jigisi we ejesi bilen gün-güzeranyny ýarym-aýlap, gazanç, eklenç bilen başagaý bolan ýigidiň kellesinde söýgi nämişlesin!? Ol bolmaşynada gullukdan ýaňy gelen. Belki ýüreginde beslän gyzy bardyr. Mümkin. Ýöne wakamyz bu zatlar barada däl. Şeýle durmuşda ýaşasada Umyt birjigem ejizlemän, başyny dik tutýar. Şeýdibem gün-güzeranyny hasda beter gowlandyrmak üçin Umyt hergün gapyma-gapy aýlanyp, firmadyr-magazinlere, kärhalardyr-ymaratlara baryp özüne iş gözlenýär. Ahyry hem bir magaziniň gapysynda Umydyň maňlaýyndan bir iş tapyldy, aýlygy öwerlikdäl ýöne gömerligemdäl. Agşamky garawul. Işe girdi. Gülýaly gatnap başlady. Şeýle günleriň birinde, okuwa taýynlanmak üçin iş ýerinde kitapdyr depderlere gümra bolup otyran Umydyň ýanyna bir it geldi. Ýapyk jaýda, hemmeler gaýdanyndan soň garaňkylykda nähilidir bir "IT". Umyt:
-Oho, ýeri gel. Item bolsaň myhmanym bol. Näme eýäň seni ýatdan çykaryp gitdimi?-diýip iti sypalajak boldy. It it hem bolsa asylly eken, Umydyň el uzadyp sypalamagyna garşy bolup durmady. Umyt ite öz naharyndan berdi, ýatara ýer goýdy, özi bolsa kitaplara güýmendi. It bilen, kitaplara güýmenip agşamyň nähili geçenihem duýmadyk Umyt ertesi ir bilen, başlygy gelmänkä iti çykaryp, daşaryk göýbermek isledi. Itiň ýatan ýerine bardy, it ýok "Belki gidendir" diýen pikiri edip Umyt işini tabşyryp öýüne dolandy. Bu ýagdaý birnäçe gün gaýtalandy. Şeýdip günler geçip dur. Şeýle adaty günleriň birinde ýene işe gelip, gapylary gurplap, garawulçypygyny dowam edýän mahaly, asuda oturan Umydyň asudalygyny, magaziniň gapynysynyň güýçli kakylmagy bozdy. Howsalaly gapyny açan ýigidiň öňünde bir ýaş gyz:
-Salam, giç ýagşy
+Salam, gelen ýagşy...
-Aaaa neme, men şu ýerlerde ýolda ýöräp gelýärkäm, garaňkyda çukury görmän oňa ýykyldym, onsaň ine! - diýip gyz üsti-başy sallam-sajak, ýyrym-ýyrtyk hapa köýnegini görkezip, sözüni dowam etdi:
-Men şu golaýdaky opşitde bolýan. Agşam sagat 22:00-dan soň gapyny gulpaýalar. Onsaň meň barara ýerim bolmansoň, belkideeee... - diýip gyz ýygrylyp utandy. Umyt bolsa gyzy magazina saljagynam, salmajagynam bilmän aljyrady. Aljyramazýalamdäl, gyza kömek gerek, ýöne gyzy magazina salsa munyhem başlygy bilse, onda ýigit işden kowulmagam mümkin. Her-hili pikir etjek adam bar, elbetde köpler "gyza ýagşylyk edýär" diýip düşünmän "agşamlaryna işine loly getirýär" diýip şugullarlar. Şu zatlardan howatyrlanyp Umyt töwekgellik edip:
-Aaa howwa, elbetde. Giriň giriň. Geliň geçiň. - diýip gyzy içeri saldy. Gyzy öz oturýan otagyna ugrukdyrup, oňa ýyly eşiklerinden uzatdy. Gyz:
-Ýok ýok, sagboluň, birhili men yssylaýan. Mmmm bu ýerde ýuwunulýan otag barmy? Men bu görnüşim bilen siziň komnadyňyz hapalamagym mümkin!? - diýip gyz eýlesine-beýlesine garanjaklady. Umyt:
- Wii howwa, bar, ana şol koridordan iň soňky çepki gapy. - diýip gyza aýtdy. Gyz şol komnata ýöredi. Nirdendir bir ýerlerden düýnki it hem çykdy. Ol it gelip, Umydyň otyrýan komnatynyň, gapysynyň öňünde otyryberdi. Muny gören Umyt güler ýüz bilen:
- Heýýý sen ýene geldiňmi!? Gel gel, ýogsada seň adyň ýokmy!? - diýip Umyt iti güler ýüz bilen garşy alyp, itiň iki gulagyny sypalap, oň boýnundaky aşennikden(itiň boýnuna dakylýan zynjyr, koža, remen) itiň adyny gözledi. Aşennigem ýok, ady hem ýok. Şonda Umyt az wagt pikirlenip:
-Oh seň adyňam ýokýalyla. Men saňa "Baddi" diýsem bolara!? Garşy bolmarsyňa Baddi? - diýip iti öz komnatyna saldy. Şolwagt hälki gyzhem ýuwunulýan otagdan çykdy. Ol gyz Umydyň ýanyna golaýlanynda Umyt oňa:
-Neme, ýatara başga jaýlara sowugrak, siz diwanda ýatyberiň, men ýatmalydäl. Irden sizi näçede oýarmaly?
+Aýý 6 töweregi oýaraýyň
-Bolýa, nämedir birzatlar iýermisiňiz
+Ýok ýok, minnetdar. Men size uly ýük boldum öýdýän!?
-Ýokla, aýdýanyňyz näme!? Meň ýerime sizem şeýle ederdiňiz!? Ýada etmezdiňiz sebäbi siz gyz! Ine geliň geçiň. - diýip Umyt gyzyň ýatmaly ýerini görkezdi. Agşam-ara gyz, oglanyň özüne ýakynlamagyndan howatyrlanyp uka gitdi...

1-nji bölümiň soňy.

Awtory: IDEALLIDER. Şu makalany awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerde paýlaşmak gadagan edilýär.


156

19

1

1

1

0

0
Teswirler:
 Öwreniji
 Mishel [off]
 17.11.2025 / 22:04

+0

üç ýaşly çaganyň gepini ýazdyňmy bize

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Söýgümiziň synagy


Ylhamy getirýän diri aýralyk oguşýa. Kakalykam "kakasyzlygyň yzasy" maňada az ýazdyrmandy......dowamy...

Söýgümiziň synagy


A Şasenemiň ejesi näme üçin onna Garybyň ýüzüne söýgü ýok diýip gaýta gaýta urýaka? Beýle söýgü ba bolsa şo aýalam beý diýmezdi ahyry.....dowamy...

Ogry oglum / hekaýa


Asgyraymarsyña ogurlyga gideñde:D...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ogry oglum / hekaýa
афганка (Düýn, 22:28)

Söýgümiziň synagy


Onsoñ yarashdynmy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgümiziň synagy
афганка (Düýn, 22:16)

Söýgümiziň synagy


Uzak wagt hiç zat ýazmadyň. Emma bu gün ýene şol köne söýgüliňi ýatladyň bu ýerde. Şeýlede bolsa geleniňe begenýän. Eger çyksa biz çalarak dost e...dowamy...

Söýgümiziň synagy


äriňden aýrylyshdyňmy sen? . we inni ýarashdyňmy?...dowamy...

Erkek eşek (mi?)


Çopan: "aýlan geçi" -diýä weli määä-ää edýädä ana. 10ň3ň bilen seň.. Bendäň çagasy....dowamy...

Söýgümiziň synagy


Şu wagt ýaraşdyňmy...dowamy...

Bilim, filosofiýa, din we maglumatlaryň görnüşleri


Bar bolan zatlar ylym bilimiň üsti bilen açylandygyna esaslanyp, mowzugyň başyndaky tehnologiýany garyşdyrmaň diýeni soňuna ýetinçäm böwrüme sanj...dowamy...

Söýgümiziň synagy


Eliňe köp sms gelýämi şolar ýaly...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->