“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
Betow : Durmuşda dine ulunjak zadyny ulanmaly.........Betow

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

KABUL EDILMEDIK SÖÝGI (BOLAN WAKA)
 Özümiziňki
 Daniel [off]
 18.11.2025 / 09:54
 Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!

Güýz paslydy...

Men öz ýanymdan Aýşagülden soňra başga gyzy söýmerin diýýädim näme güýziň ajaýyp günleri hem köp zady ýatlatýara. Öz işlerime gümra bolup ýörün ýatdan çykarmak maňa aňsat düşenokdy üste üstine güýziň howasy hasam ýüregimi lerzana getirýädi

Ençe ençe arzuwlarym köýdiren
Aýagymdan badak atan durmuş sen
Söýgüm alyp öňüňde dyz çökdiren
Zalymlygyň öňün çeken durmuş sen

Elbetde her bir işde haýyr bardyr belki gowlyk bolsunda. Gullygy dynyp işe ýerleşdim. Işe gitýän işden gelemsoň dostlarymyň ýanyna çykaýmam bardy. Indi oňa da höwes ýokdy köp zatdan sowaşypdym. Kä wagt telewizora seredäýmesem oňa da kän bir ünsim ýokdy.Günler yzly yzyna aýlanyp durdy.Birgünem Maksat dosdum ýör birýerlerik gezelenje gideli diýdi meniň höwesim ýokdy bolmasada Maksadyň göwnüni ýykmaýyn diýip bolýa gideli diýip gezelenje çykdyk. Soňra ýolda Maksat meniň el telefonymdan jaň edäýin diýdip sorady men bolsa el telefonymy berdim. Öýe geldik o gün ýatdym irräkden ertesi işe gitmeli bolansoň. Ertesi işdekäm bir nätänyş belgiden el telefonyma jaň geldi
---Alo Salam
---Salam
---Düýün jaň edipsiňiz welin tanamadym sizi
---Bilemokda menem bu belgini tanamok
---Bolýa onda ýalňyş düşülendir diýip goýduk telefony. Birsalymdan telefony görsem düýün Maksadyň jaň eden belgisi eken. Men yzyna jaň edip bolşi ýaly edip aýtdym Maksadyň jaň edenini ol gyz bolsa Maksadyň krusdaşy eken, men ol gyzyň telefon belgisini belläp goýdum ertir Maksadyň ýanyna baramda görkezer ýaly hem aýdaryn diýip. Soňra ýaňky belgi meniň internet sahypamdan çykdy. Soňra bir gün işdekäm men ol gyza Salam edeýin hem-de Gurban baýramyny gutlaryn diýmek üçin ýazdym. Ol hem şo wagt ýatmandyr bahym jogap berdi.Biz ikimiz epesli wagt ýazyşdyk. Wagt giç boldy men Merjene ýatjakmy diýip soradam ol hem ukysynyň ýokdygyny aýtdy şeýdip has hem ýakyndan tanyşdyk. Ertesi gün hem Gurban baýramy başlaýan günüdi. Ertesi oglanlar bilen gezelenje çykypdym aýlansamam hiç keýpim ýokdy. Agşam ara öýe gelip internet sahypama girip görsem Merjen ýazypdyr maňa men hem derrew jogap berdim şol gün hem epesli wagt ýazyşdyk. Men soňra Merjene telefonda gürleşip bilýämidigini soradym ol hem garşy bolmady. Birdalym gürleşdik telefonda Merjen bilen biziň ýaşaýan ýerimiz o diýem uzagam däldi. Her gün diýen ýaly men Merjen bilen ýazyşdyk hem arasynda da gürleşýädik. Maňa Merjen has hem ýarap başlapdy. Epesli wagt şeýle aramyz gowydy soňra bir gün men Merjene.

Soňra bir gün men Merjene
Arzymy aýdaýyn Merjen gyz saña
Gara gözleñ bilen söýdürdiñ meni
Ýürek doly aýtjak sözlerim saña
Aýtmankam bagladyñ özüñe meni.

Gijelerne görküñ aý ýüzün ýapar
Aý uýalyp senden janyny ýakar
Gündizler nurly gün gaşyny kakar
Aşyklygyn aýdyp dil açar saña.

Bu dünýe bir ýana, senem bir ýana
Dünýäñ ýüzi ýetmez seniñ bahaña
Indi sen deý gelmez ýagty jahana
Bir dilegim nazar degmesin saña.

Seň üçin gursagym arzuwdan doly
Aýdyp bilmäm galdym wagty däl häli
Başga waspyň ýazan barmy meň ýaly
Bar bolsa bagyşla diýeýin saňa

Şeýle setirleri ugratdym birsalymdan soň jogap geldi
---Sagbol Kasym goşgyňa begendim diýdi. Merjen bilen her gün diýen ýaly ýazyşyp gürleşýädik biri birimize öwrenşipdik hat-da biri birimize jaň edenimizde işli bolup alyp bilmesek gaharlanýadyk. Bir gün hem men ony gezelenje çykalymy diýip soradym. Ol hem garşy bolmady. Agşamara bolansoň daşaryk gezelenje çykdym. Merjenleriň ýanyna bardym jaň etsem häzir barýan diýdi az salymdan geldi.Ikimiz gürleşip epesli gezelenç etdik soňra Merjen wagtyň giç bolanyny gaýtmalydygyny aýtdy men Merjene sorag berdim
---Merjen seniň halaşýan ýigidiň göwün bereniň barmy diýip soradym
---Ýok Kasym näme boldy
---Ýokla ýöne sorasym geldide soraýdym
---Hä bolýa
soňra Merjen öýüne ugradyp men bolsa öýe tarap ýöräp gaýtdym ýol boýy pikire çümüp gelýädim Merjenim gürleýşi şeýle mylaýymdy ýuwaşdy özü hem öýe gelip Merjen bilen az salym ýazyşdyk soňra maňa ýatjakdygyny aýtdy we sagbollaşdyk....

Dowamy bar

Awtor: Nowça Alyýewa


135

18

0

5

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Bagana telpekli adam


Bäh, ýatlatdyňaý......dowamy...
Erkin mowzuklar | Bagana telpekli adam
MaD_B (Şugün, 19:46)

Ykbal Sazagy


Sen su adamlara samsykdyr oydyanmi? Emeli ana yazdyran bolgusyz gosgularyndan doldurylyan yer dal barsi. Indi seytsen pozjakdyryn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ykbal Sazagy
Belki (Şugün, 17:48)

Hudaýsyzlar (bolan waka ) 1- nji bölumi


Dowamyny okajak...dowamy...

Goşgy_1


Jana❤️...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Goşgy_1
Zinnush (Şugün, 05:28)

Dünye


Gowy goşgy eken welin.. " pişini" diýeni nämekä?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünye
Orazjan (Düýn, 19:57)

Maňa sabyr ber Allam!!!


" Sabyr soňy salamat."...dowamy...
Erkin mowzuklar | Maňa sabyr ber Allam!!!
Orazjan (Düýn, 19:46)

JESET OGRUSY. 7-nji bölüm


вахей...dowamy...
Erkin mowzuklar | JESET OGRUSY. 7-nji bölüm
Ейжежик (16.06.2026 / 23:58)

JESET OGRUSY. 6-nji bölüm


ызны хачан гойжак...dowamy...
Erkin mowzuklar | JESET OGRUSY. 6-nji bölüm
Ейжежик (16.06.2026 / 22:41)

Goşgy_1


👍gowy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Goşgy_1
Aixcam_nx (16.06.2026 / 14:49)

IDEALLIDER-iň toplan söýgi setirleri 4.


Şasenemiň ejesi näme üçin söýgi ýok diýip Garyp çagaň ýüzüne mälçilledip urýaka? Bu ýazylan aýdylanlardan hawary ýokdumyka o bendäň çagasy...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->