“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
Wepa : Herkimiñki özine, aý göriner gözüne.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Meni ýok-edip öldürüň.(1-nji bölüm)
 Özümiziňki
 IDEALLIDER2 [off]
 19.11.2025 / 10:05

Meni ýok-edip öldürüň.(1-nji bölüm)

Asmandan nähilidir bir asteroid gaçdy. Alymlar we döwlet işgärleri wakanyň bolan ýerine bardylar. Ine ot-ýalynýaly berk metaldan bir top. Şu durşuna hiçzadyny ellemän, bu ýalyn-alowly topy getirdiler labaratoriýa. Gizlin ministrler, başlyklar, prezident bahymrak bu topy açyp içinde nämeleriň barlygyny bilmek isleýärdiler. Topyň jaýyny 100%karantin izolýasiýa edip, robotlar bilen aýnanyň aňyrsynda topy açyp başladylar. Bir robot kesýär, beýlekisi gaňyrýar, ýene biri bölekleri aýyrýar. Açyldy ahyry top. Hemmeler sabyrsyzlyk bilen topuň içine seretdiler. Inede bir fleşka. Topda diňe ýekeje bir fleşka çykdy. Täzeden bu otagy analiz edip we dizinfirläp, fleşkäni görmek üçin otaga uly telewizor goýdular, fleşkäni telewizora sokup dörjeläp başladylar. Fleşkada ýekeje wideo-faýl bar. Üsdüne basanlarynda, ekranda bir üýtgeşik astranomiki fonda, gaýmalapýören oglan çykyp gürrüňe başlady.

Oglan uludan demini alyp "Salam" diýip eýlesine-beýlesine garaňjaklady hem ýylgyrdy we sözüni dowam etdi.

"Men Diýar Pirsýanow. Bolýa men başdan başlaýyn we gysgaça. Men 1996-njy ýylyň, 9-njy oktýabyrynda eneden bolupdurun, eger dokumentde ýazylanlar çyn bolsa. Soň birnäçe wagt geçensoň ejem-kakam meni taşlapdyr. Ýetimler öýde ulandym. Ýaňy 18-ýaşyma ýetenimde men ýetimler öýünden gaýdyp firmalaryň birinde ujypsyzja aýlykly işe başladym. Içemokdym, çekemokdym. Bir gün meniň ýanyma bir adam geldi. Ol adam 60 ýaşlarynda bolup, gara kostýum-balakly we gara galstukly, ak-köýnekde, howwa diňe gara-geýinen" diýdide bu oglan biraz pikirlenip gürrüňini dowam etdi.

"Ol adam gelip maňa "Sen gutarmaýan pully baý bolasyňgelýämi!?" diýip sorady. Ýene bir ala-sarmygyň biridirdä, hamala bu dünýede şularýalylar azýaly. Men razylygymy duýdurup kellämi ýaýkadym. Ol adam maňa bir bank kartyny, pasport we başgada köp resminamalary berip "Ine indi bu sen" diýdide öz-ýoly bilen ýöräpgitd. Ilki men haýsydyr bir aferanyň bir oýnawajydyryn öýdüp resminamalary kwartiramda bukupgoýdum, birden polisiýa soraýanda. Wah arman gaty samsyk bolupdurun" diýip oglan gözüne ýaş aýlap, gülüp ýene bir-az pikirlenip sözüni dowam etdi.

"Birgün hem pulum gutaryp, hiç çykalgam galmanda "Geleý karty barlapgöreýin, azajyk alanym bilen basaslary ýok" diýip dükana girdim. Alanym ýekeje çörek, kartda pul bar eken, pul ýetdi. Soň ýene kola, ýene iýer-içere zatlar alyşdyrdym. Hemmesine pul ýetipdur. Içimden "Barybir meňki ýaşaýyşdäl, edenimibir edip galaýyn, soň meni epläp nemelerine dykaýsynlar" diýip dükandan islänzatlarymy alyp kwartirama geldim. Hezil edip iýdim-içdim ukladym. Ertesi gün işede çykmadym, eklenjim bar ahyry. Bankomada baryp puly barlasam haýran galaýmaly, hasabymda 9-lyklar gutaranok. Men gorkup, howsala-düşüp, kwartirama ylgap baryp dokumenteleri dörüşdüripbaşladym...

1-nji bölümiň soňy.

Awtory: IDEALLIDER.

Şu makalany, awtoruň razylygyny almazdan, başga ýerde paýlaşmak gadagan edilýär.


133

18

1

3

0

0

0
Teswirler:
 Özümiziňki
 Daniel [off]
  Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!
 19.11.2025 / 13:11

+0

Ady gorkunç weli işden çykyp okaryn gyzykly öýdýän

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️

...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->