“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
Belki : Öñler gamlananymda ýylgyrmagyma sebäpdiñ, indi ýylgyranymda gamlanmagyma sebäpsiñ. #Belki

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Şahyra
Premium
 Belki [off]
 11.01.2024 / 17:58
 "Dilerim ki... Dilerim ki asla caymazsın benim olmaktan..."

ŞAHYRA.
Kakamyrat Rejebowa bagyşlanýar.

Şahyr ýigit!
Bir pursat ýazmañy goýup,
Daşlaşyp ýöntemje pyşyrdylardan,
Ýene-de birini okap beräý-dä
Şol çuññur manyly şygyrlaryñdan.

Galamyña buýsanyp, joşgunly oka!
Sesiñ bilen däl-de, ýüregiñ bilen.
Magtymguly Meñlisini ýatlasyn,
Kerim aga gelsin Geregi bilen.

Sesiñden güýç alyp, owsunsyn şemal,
Ygşyldasyn başy gök derekleriñ.
Tutuş ýer ýüzüne ýañlanyp owaz,
Pyşyrdysy bolsun päk ýürekleriñ.

Oka bu durmuşyñ öñki hem soñky
Çekdiren jebrinden ar alýan ýaly.
Göýä şygyr diñlän wagtym gussalar
Mendenem çalarak azalýan ýaly.

Menem edil sen dek aşyk poeziýa,
Gijeler syýamdyr,gündizlem kagyz.
Bu ugurda ýanyp, köýmeli bolsa?
Gör,näçe gezekler köýmäge kaýyl.

Elimizde galam ,dilimizde söz
Gutarýança sözläris muny bilýän
Başga hyjuw orun tutmaz ýürekde,
Şygyr ýazmak üçin indik bu dünýä.

Tamdyr deýin gyzyp doganda günler,
Aý bukulup garanynda tüýnükden.
Şahyr ýigit!
Oka,şygryñy oka
Şeýdip, bu gün kämilleş sen düýnkiden.

2017ý.

                   Mahym Nurgeldiýewa


119

15

3

4

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Lirika [off]
  Öýkelämde sesiñi eşidip ýazylýan...
 11.01.2024 / 18:01

+0

Hmm birhilirak yazylypdyr oza

 Täzeje
 Lirika [off]
  Öýkelämde sesiñi eşidip ýazylýan...
 11.01.2024 / 18:02

+0

Kakamyrat aga has gowy gosgulara mynasyp


Premium
Belki  (11.01.2024 / 18:14) 

Lirika, howwa öwrenjekäm ýazypdym. Şu wagt biri sorady şoñ üçin mowzuk edip açdym


Täzeje
Lirika  (11.01.2024 / 18:15) 

Belki, entak Ol adamy has yakyndan tanasañyz hasam gowy duzup baslarsynyz


Premium
Belki  (11.01.2024 / 18:16) 

Lirika, tanaýan


Täzeje
Lirika  (11.01.2024 / 18:16) 

Belki, nace wagtdan bari?


Premium
Belki  (11.01.2024 / 18:17) 

Lirika, 3 ýyl


Täzeje
Lirika  (11.01.2024 / 18:18) 

Belki, hazir sizi tanarmyka ozunden sorasam...


Premium
Belki  (11.01.2024 / 18:21) 

Lirika, soraý. Seýitmyrat halypadan, Aýgülden, Gurbanjemal gelnejeden, Laçyn Pürjedenem sorap bilersiñ.


Täzeje
Lirika  (11.01.2024 / 18:23) 

Belki, men name diyyan dutarym name diyyar. Men olardan dal Kakamyrat agadan sorasam hazir seni tanarmy diyyan


Premium
Belki  (11.01.2024 / 18:24) 

Lirika, ondanam sora. Ondan başgalardanam sorap bilersiñ diýýän.


Özümiziňki
Fantom  (11.01.2024 / 18:40) 

Belki, Eger mümkin bolsa beýleki goşkularyňyzam göräýsek!!!

 Gerekli
 Dreamfull [off]
  Каждому нужен кто-то, кто его выслушает.
 11.01.2024 / 21:50

+0

Xmmm birnem tanamok


Täzeje
Lirika  (11.01.2024 / 23:29) 

Dreamfull, hm

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

JAŇ EDIŇ!


hokman...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | JAŇ EDIŇ!
SerdarG (Şugün, 05:31)

Durmuş Sapaklary


buň stili näme?...dowamy...

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Üýtgeşik bir zat aýdyp, ýazyp orta çykyp gepläp bilmejegiňi bilýän. Türkmen telewideniýesinde okalýan goşgylary diňlär ýaly däl. Sen hem şolaryň...dowamy...

Başsyz gurjaklar/ hekaýa


Birhileklaý...dowamy...
Erkin mowzuklar | Başsyz gurjaklar/ hekaýa
афганка (Düýn, 10:12)

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Nahili gechdi sohbetdeshlik...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
афганка (Düýn, 10:07)

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Nahili gechdi sohbetdeshlik...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
афганка (Düýn, 10:06)

Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!


Blaaa gecip gitda indi hacan berilya yaylyma...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
Vector_Pro (20.06.2026 / 23:58)

ARZYLY GÜN


Shu oglanam gowy yazyan eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | ARZYLY GÜN
MG8 (20.06.2026 / 22:45)

Goşgy_1


Gowy shahyr gowy goshgy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Goşgy_1
MG8 (20.06.2026 / 22:42)

JESET OGRUSY. 7-nji bölüm


Ay nahili bolday...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->