“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : Arzuvymyzdaky gyz bor diýen bolsady bizem xemme gyza kör bolardyk

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Aýalyň ikilik etse eliňden näme geler
 Täzeje
 Mishel [off]
 Şugün, 19:11

Müň bir gije dessanyndan bir parça

«Biler bolsaň, eý, meniň alyjenabym — diýip, ol oglan gürrüň bermegä başlapdyr: — Meniň atam şu şäheriň patyşasydy. Onuň adyna gara adalaryň hökümdary Mahmyt diýerdiler. Ol şu dört dagda ýaşap, ýetmiş ýyllap patyşa bolup gezipdir. Ondan soň meniň atam öldi, menem onuň ýerine patyşa-soltan bolup galdym. Onsoň men öz daýymyň gyzyna öýlendim, ol gyzam meni tüýs ýürekden söýdi, hatda men bir ýaňa çykaýsam dagy, tä men ýanyna dolanyp gelýänçäm, ol iýmek-içmekdenem kesilýärdi. Ol gyz meniň bilen bäş ýyl ýaşady, ine, onsoň günlerde bir gün ol hammama gitdi weli, menem biziň üçin agşam iýer-içer ýaly bir zat häzirle diýip, aşpeze gyssagly buýruk berdim. Onsoň men özümiziň ýatýan jaýymyza bardym, iki sany gyzyňam gelip, biriniň aýagujumda, beýlekisiniňem başujumda oturmagyny buýurdym-da, öz ýerime geçip gyşardym. Men aýalymyň ýanymda ýoklugyna bozulyp, gözlerim ýumuk, janym sag bolsa-da, hiç ukym tutmady. Onsoň men başujumda oturan gyzyň aýagujumdaky oturan gyza: «Masuda diýýän-ä, biziň jenabymyza haýpyň gelýär, onuň ýaşlygyna haýpyň gelýär! Biziň hanymymyz, ol kemçin, bu ýigidiň ýüzüni ýere saljak-da!» diýenini eşitdim. Beýlekisi bolsa: «Hawa-la, ärini aldap, görene göz bolup ýören lolulary Allanyň özi ýazgarsyn-da!
Biziň jenabymyz ýaly ýaş ýigit bilenem kanagat etmän, her gije ýabany ýatyp ýören jelebem bolar eken-ow!» diýdi. Onsoň başujumda oturan gyz: «Wah, biziň jenabymyz juda ynanjaň, onuň başy aýlanan ýaly, aýalynyň nädip ýörenini biljegem bolanok!» diýdi. Onda beýleki gyz: «Aý, sen diýsänim, biziň jenabymyz bilip durmuşmy näme ýa-da ol loly ondan sorap gidýärmişmi näme? Ýok, ol näme-de bolsa jenabyň her gün agşamyna içgi käsesine bir zat edýär, oňa adamyň başyny aýlaýan beýhuş dermanyny goşýandyr, ana, onsoň ol ýatyp galýar, näme-nämeleriň bolýanyndan bihabar, aýalynyň nirä gidip, näme iş edýäninem bilenok. Aýaly bolsa ony beýhuş edip ýatyrýar-da, eşiklerini geýip, onuň ýanyndan çykyp, daň atýança ýok bolup gidýär. Onsoň gelýär-de, jenabyň burnunyň aşagynda bir zady kükedýär weli, şondan soň ol ukudan oýanýar» diýip gürrüň berdi.
Gyzlaryň bu gürrüňlerini eşidenimden soň, meniň gözlerimiň öňi garalyp, ýüregim agzymdan çykara geldi, agşam düşenine zordan ynandym. Ondan soň meniň aýalym hammamdan dolanyp geldi, bizem saçagy ýazyp nahar edindik, hemişekimiz ýaly oturyp gürrüň edişdik. Onsoň aýalym meniň ýatmazymdan öň içýän dermanymy getirmegi buýurdy, getirip berenlerinden soň bolsa, käsäni maňa uzatdy weli, menem hemişeki içişim ýaly eden bolup, ony ýalandan içen boldum-da, hemmesini ýakamdan goýberdim, ondan soň bolsa ýerime geçip, şol minutyň özünde uklan bolup, ýalandan hor çekip başladym. Ine, onsoň meniň aýalym birden maňa bakyp: «Uzynly gije oýanman ýatasyň, düýbünden galman ýatasyň-da! Allanyň haky üçin, men seni itden beter ýigrenýän, asla seniň mysalaňy görsem, aňrym bärik gelýär, asla seniň bilen bir ýerde bolmakdan halys iripdirin, heý, sendenem bir dynmak barmyka, haçan Alla seniň janyňy jähenneme ibererkä!» diýdi. Ondan soň ol ýerinden turdy-da, özüniň iň gowy lybaslaryny geýnip, üstüne atyr döküp, onsoňam bir zady kükedip ys ýaýratdy-da, meniň gylyjymy alyp, biline baglady, onsoň köşgüň derwezesini açyp çykdy-da gidiberdi. Menem haýdan-haý ýerimden turaga-da onuň yzyna düşdüm. Ol bolsa köşkden çykyp, şäheriň bazarlaryna aýlandy-da, şäher galasynyň derwezesine baryp ýetdi, şol ýerde hem bir zatlar okap sanady weli, men onuň nämeler diýýänine-de düşünmedim, emma onuň şol sözlerinden soň derwezäniň gulplary paýyrdaşyp aşak gaçyp, derwezeler açyldy duruberdi. Meniň aýalym derwezeden daşyna çykyp ugrady, menem çykyp, onuň yzyna düşdüm (onuň bolsa mundan habary ýokdy). Ol gidip barşyna hapa dökülýän ýere ýetip, haýadyň ýanyna bardy, haýadyň aňyrsynda bolsa kerpiçden salnan bir hütdüjek tam bar ekeni, onuň-da
gapysy bardy. Meniň aýalym şol gapydan girdi weli, menem ol tamjagazyň üstüne çykyp, şol ýerden yşyklap görsem, meniň daýymyň gyzy, ýagny aýalym şol ýerde bir garaýagyz (negr) guluň ýanyna bardy. Ol gara belanyň bir dodagy ýorgan ýaly, biri hem köwüş ýaly bolup, ol dodaklary bilen daşlaryň ýüzündäki gumgusurlary ýalmap ýuwudýardy. Ol gara (negr) guluň şol bolşuna-da heýwere keseli bar eken, şonuň üçinem çiňrik palaçlarynyň üstünde, sal-sal bolup giden köne letdelerden enaýy bolmadyk ýyrym-ýyrtyk eşikde ebtini agdyryp ýatyrdy. Meniň aýalym onuň gaşynda eglip tagzym edip, onuň aýagynyň aşagyndaky topragy öpdi, onsoň ýaňky gul başyny galdyryp: «Häý, äteňet diýsänim, näme beýle gijä galyp geldiň? Bu ýerde ýaňy biziňkiler, garalar oturyp şerap içdiler, onsoň her haýsy öz gezýän aýalyny alyp çykyp gitdiler, men bolsam sen zerarly iýmän-içmän oturdym» diýdi.
Onda meniň aýalym oňa: «Wah, meniň jenabym, meniň söýgülim, meniň gözlerimiň röwşeni, gaharlanma ahyry, meniň öz daýym ogluna äre berlendigimi sen bileňokmy näme, ony ýigrenýänimi, onuň bilen bir öýde ýaşanyma nätjegimi bilmeýänimi özüň bilýäň ahyry! — diýip jogap berdi. — Eger men seni gaýgy etmeýän bolsam, onda men onuň ýüzüne günüň şöhlesi düşmez ýaly etmezmidim, onuň şäherini baýguşlaryň gugurýan harabalygyna, gargalar gagyldaşyp, tilki-şagallaryň uwlaşýan çölüstanlygyna öwrüp, daşlaryny, kerpiçlerini Kap dagyndan aňyrlygyna aşyryp goýbermezmidim!»
Onda gul: «Sen ýalan aýdýaň, deýýus! — diýip gygyrdy. — Garalaryň edermenlikli şan-şöhratyndan ant içýän, biziň mertligimiz akýagyzlaryň mertligi ýalydyr öýtmegin, eger sen indikile-de şu günkiň ýaly öz öýüňizde köp oturyp eglenseň, hut şol günüň özünden beýläk seniň bilen oýnaşlygymy keserin, öz bedenimi seniň bedeniňe-de ýanaşdyrmaryn. Özüň-ä biziň bilen keýp çekip, öz islegiňi kanagatlandyrjak, ýene-de gijä galjakmyşyň, ganjygyň biri ganjyk, akýagyzlaryň porsy äteňedi diýsänim!» diýip käýindi.
Men onuň bu aýdanlaryny eşidenimde, men olaryň bolup oturyşlaryny görüp hem eşidip otyrdym ahyry, gözümiň öňi garalyp, dünýä tüm garaňkylyga öwrüldi, men özümiň nirede, näme işläp oturanymy-da unudypdyryn. Meniň daýymyň gyzy bolsa ol guluň öňünde sazanaklap hem aglap ýalbaryp durdy: «Eý, meniň söýgülim, eý, meniň göwnümiň guwanjy, eger seniň maňa gaharyň gelse, onda kimiň maňa rehimi geler? Eý, meniň söýgülim, gözlerimiň röwşeni, eger sen meni kowsaň, onda kim meni öz penasyna alar?»
Meniň aýalym tä gul bagyşlaýança, oňa ýalbaryp aglady. Ol bagyşlandan soň bolsa, meniň aýalym begenip ýerinden turdy-da, egin-eşiklerini çykarynyp: «Wah, meniň jenabym, öz gyrnagyňa iýer-içer ýaly bir zadyň ýokmy?» diýip delmurup durdy. Ol gul bolsa: «Hol jamyň agzyny aç, şonda syçanyň gaýnadylan süňk-saňky bardyr, şolary iýersiň, beýleki küýzede bolsa agyzdan galan piwo bardyr, şony içip goýber» diýip jogap berdi. Ine, onsoň olam şol zatlary iýdi-içdi, onsoň elini ýuwdy, agzyny çaýkady, ondan soň turup, onuň ýanyna bardy-da, çiňrik palaçlaryň üstüne geçip, guluň gujagyna doldy, özi-de ýalaňaçlanyp, onuň ýapynyp ýatan köne letdeleriniň aşagyna girdi. Men daýymyň gyzynyň edýän zatlaryny görüp özümi ýitirdim, onsoň tamjagazyň üstünden düşdüm-de, olaryň ýanyna girip, daýymyň gyzynyň alyp gelen gylyjyny alaga-da, olaryň ikisinem çapyp öldürmek maksady bilen gylyjy gynyndan sogurdym. Ilki bilen gylyjy guluň boýnundan saldym-da, olary gutardym hasap etdim...»
Gürrüňiň şu ýerine gelende, daň atypdyr-da, Şährizada hem özüne ygtyýar edilen möhletiň gutarmagy bilen gürrüňini bes edipdir.
«Meniň eşitmişime görä, bagtyýar patyşahym, jadylanyp maýyp edilen ol ýaş ýigit, patyşaha şeýle gürrüň beripdir: «Men ol guluň kellesini kesip taşlamak maksady bilen, gylyjy boýnundan saldym welin, men onuň boýun damaryny kesip bilmändirinde, bokurdagynyň hamy bilen etini kesipdirin, şeýdibem ony öldürdimmikäm öýdüpdirin. Ol erbet-erbet harryldady weli, aýalym hem birden gymyldap başlady, menem yzyma öwrüldim-de, gylyjy öňki ýerinde goýup, şähere bakan ugradym. Onsoň öz köşgüme gelip, ýerime girdim-de ertire çenli gyşaryp ýatdym. Onsoň daýymyň gyzy gelip, meni oýaran boldy. Onsoň bir görsem, ol saçlaryny ýaýyp, ýas lybasyny geýipdir. Şonda ol maňa: «Eý, daýym ogly, sen meniň edýän zatlaryma päsgel berjek bolma. Meniň eşitmişime görä, meniň enem pahyr aradan çykypdyr, atam bolsa mukaddes söweşde wepat bolupdyr, iki doganymyň bolsa birini ýylan çakyp öldüripdir, beýleki biri uçut gaýadan aşak gaçyp heläk bolupdyr, şol zerarly-da meniň ýas tutup aglamaga hakym bar» diýdi. Men onuň bu sözlerini eşidip, sesimi çykarman saklandym, soňundanam: «Sen öz

göwnüňe gelenini ediber, men seniň edeniňe däl diýjek gümanym ýok» diýip jogap berdim. Şondan soň ol bütin bir ýyly başyndan aýagyna çenli aglap hem ýas tutup geçirdi-de, bir ýyl geçeninden soň, maňa: «Men seniň köşgüňde hüjre ýaly bir gümmez saldyryp, şol ýerde hem ýekelikde öz gaýgymy çekip oturjak. Özümem onuň adyna «Gam öýi — gamhana» diýip at berjek» diýdi. Menem oňa: «Öz göwnüňe ýaranyny et» diýip jogap berdim. Ine, onsoň ol özi üçin gam öýüni saldyryp, onuň ortarasyndan hem tabyt goýmak üçin gümmezli hüjre saldyrdy-da, guly hem şol ýere göçürip getirip, şol jaýda ýerleşdirdi. Guldan bolsa oňa hiç hili delalat ýokdy, onuň şerap içmekden başga işi hem ýokdy. Men ony ýaralan günümden soň, ol dilden-agyzdan galan dek, hiç geplemeýärdi, emma onuň jany bardy, sebäbi entek onuň ajaly ýetip, ýaşamak möhleti gutarmandyr. Ine, onsoň meniň aýalym ertir-agşam onuň ýanyna baryp, gümmeziň aşagyndaky tabyt jaýyna girýärdi, onuň alnynda dik durup aglaýardy hem doga okaýardy, oňa ertir-agşam şerap süzüp berýärdi, aş berip naharlaýardy, ol tä bir ýyl geçýänçä şeýdip gezdi, men bolsam onuň bu edýänlerini sabyrlylyk bilen başdan geçirip, oňa edýäniň näme diýmeýärdim. Emma günlerde bir gün men birden onuň ýanyna baryp görsem, onuň: «Sen näme üçin meniň gözüme görünmejek bolup gizlenýärsiň, eý, jigerimiň guwanjy? Meniň bilen gepleşip göwnümi aç ahyry, meniň söýgüli dildarym, näme-de bolsa, garaz, bir zat aýdyp ber ahyry!» diýip, gula ýalbaryp aglap oturanyny gördüm. Ondan soň ol şu hili namany aýtdy:
Agýar mesgen tutmaz kalbym jaý edip, Unutsaň köýermen yşkdan waý edip.
Gitseň alyp gitgil jesedim-janym,
Bir ýerde depip kyl okyp imanym.
Soňra adym tutup, habar gat maňa,
Süňklerim şakraşyp jogap biýr saňa.

Onsoň aglap-aglap dowam etdi:
Wysalyň arzuwy derde dermanym,
Ýyrak gitseň dolar ajal-peýmanym.
Rakyp howpy on iki süňňüm çagşadar,
Wysalyňda ölüm howpam ýagşydyr.
Onsoň ýene şu namany aýtdy:
Göterlip ykbalym, oýanyp bagtym,
Hysrow şa dek besläp otursam tagtym,
Peşe ganatyça görmezdim baryn,
Gözläp oturmasam alkymyň garyn».
Ol gazal aýtmasyny hem aglamasyny goýan wagtynda, men oňa: «Eý, meniň daýymyň gyzy, sen beýdip gaýgy-hesretde oturmagyňy bes et ahyry! Aglamakdan ne peýda barmyş? Munuň hiç bir peýdasy ýok ahyry!» diýdim. Onda ol: «Sen meniň edýän zadyma päsgel berjek bolma! Eger sen maňa azar berjek bolsaň, onda men özümi öldürerin» diýdi. Onsoň menem sesimi çykarmadym-da, ony şol ýagdaýda galdyrdym. Onsoň ol şeýdip aglap-eňräp, gaýgy-gussa batyp oturyşyna, ýene bir ýyly başyndan geçirdi. Üçünji ýyla aýak basandan soň, men nämedir bir zada, belki, özümiň başyma düşen zada biçak gaharlanyp ýörmäşime, onuň ýanyna barsam (bu horlugyň özi biçak uzaga çekdi), meniň daýymyň gyzy gümmeziň aşagyndaky tabyt goýulýan ýerde aglap

oturan ekeni. Özi-de henizem öňküsi ýaly: «Eý, meniň jenabym, näme üçin sen maňa jogap bermeýärsiň ahyry?» diýýärdi. Ondan soň bolsa ol şu namany aýtdy:
«Eý gabyr, ýarym jemaly uçdumy?
Eý husun, häk içre şuglaň öçdümi?
Suýy asman ýa zemin däl sen, gabyr,
Sende nädip şems-kamar tapdy sabyr?»
Men onuň bu sözlerini eşidenimden soň, oňa hasam beter gaharym geldi-de:
«Älhepus, bu gaýgy-gussa, bu eňreşik ýene näçe wagta çekjekkä!» diýip, şu gazaly aýtdym:
«Eý, syýa ýüz, garalygyň soldumy?
Ýylçyr bet roýuňdan nyşan galdymy?
Hapa çukurmyň ýa batgamyň, gabyr?
Bu porsa sen nädip edýärsiň sabyr?»
Meniň daýymyň gyzy bu sözleri eşiden badyna, ýerinden laňňa galdy-da: «Häý, işi gaýdan itiň biri it! Şu işleri meniň başyma salan, meniň ýürekdeş söýgülimi ýaralap, meniň hem onuň ýaş ýüreginde dag goýan sen dälmi näme! Ynha, indi üç ýyldan bäri ol ne öli, ne diri!» diýip heňkirdi. Menem oňa: «Hawa, jelepleriň jelebi, ograşlaryňam iň bir hapysasy, gullara satylan kemçinleriň kemçini, hawa, men etdim şony!» diýdim-de, gylyjymy alaga-da, gynyndan sogrup, ony öldürmekçi bolup, oňa bakan ýöneldim weli, ol meniň bu sözlerimi eşidip hem-de özüni öldürmegi ýüregime düwenimi aňyp, jak-jak güldi-de: «Jähennem bol, itiň biri! Bolup geçen zatlaryň dolanyp geljek gümany bolmaz, ölenlerem direlmez! — diýip gygyrdy. Soňra: — Başyma bu işi salyp, meniň ýüregimde
hiç haçan öçmejek ody tutaşdyryp, kalbymy ýalyn bilen daglan adamy Allanyň özi meniň ygtyýaryma, hut elime getirip berdi!» diýdi.
Onsoň ol ýerinden turdy-da, düşnüksiz bir zatlary sanady, soňundan bolsa maňa garap: «Meniň jadylamagyma görä, ýarpy göwräň gara daş, ýarpyňam adam bolsun!» diýdi weli, onsoň menem şol pursadyň özünde, ynha, seniň şu görüp durşuň ýaly bolup galdym, ynha, indi men turubam bilemok, oturybam, özümem ne öli, ne-de diri. Men şu hili ýagdaýa düşenimden soň, ol meniň bütin şäherimi, onuň bazarlaryny-da, bagbakjalaryny-da jadylady. Biziň şäherimiziň ilaty dört taýpadan: musulmanlardan, hristianlardan, ýewreýlerden, maglardan ybaratdy. Meniň aýalym olary jadylap balyga öwrüpdir: ak balyklar — musulman, gyzyly — mag, gökleri — hristianlar, sary balyklaram — ýewreýler. Dört adany bolsa howdanyň daşynda tegelenip duran daga öwrüpdir. Mundan başga-da, ol meni urup, gynap horlaýar, maňa her gezek ýüz gamçy urup, ganymy akdyrýar, meniň eginlerimiň üsti persala bolup durandyr. Soňra bolsa ol meniň göwrämiň ýokarky janly bölegine çöpürli geýimler geýdirýär-de, onuň üstündenem şu owadan lybaslary geýdirýär». Ol ýigit başdan geçirenlerini gürrüň berenden soň aglap, şu gazaly aýdypdyr:
«Huda başa salanyn çekem kanagat bile,
Halap onuň halanyn, dözermen takat bile.
Gören maňa azmly, gahar-gazap, minnetde,
Belki, baryn çykaryn o dünýäde jennetde.
Derdim agdyk başymdan, bitmez synam ýarasy,
Ýykylaýyn ýoluňa, Sahabalar Seresi!»
7 Mag – gadymy Eýran Mazdaizm dinini ýöreden otparazlara mag diýip at berýärler.

Ondan soň patyşa ol oglana ýüzlenip: «Ilki seni görüp ýeňillik tapan ýüregimiň öňki derdiniň üstüne sen ýene dert goşduň, ýigit. Ýeri, häzir ol aýalyň özi nirede, ýaraly guluň ýatan gubury nirede?» diýipdir. Ol oglanam oňa: «Gul şo gümmeziň aşagyndaky öz mazarynyň içinde ýatyr, aýalym bolsa şu gapynyň aňyrsyndaky otagda oturandyr — diýip jogap beripdir: — Ol bu ýere günde bir gezek, gün dogup ýokary galan çagynda gelýär. Özem bu ýere giren badyna, meniň ýanyma gelip, meniň eşiklerimi sypyryp aýyrýar-da, meni gamçy bilen saýgylamaga başlaýar, her gezek uranda, ýüz gamçy çalýar, onsoň menem ony hol beýläk itip goýbermäge-de ýaraman, gygyryp-bagyryp aglamakdan başga alajym ýok. Meni ýenjip keýpden çykansoň bolsa, ol şerap hem hörek alyp, guluň ýatan ýerine eňýär, baryp, oňa iýdirýär-içirýär. Indi ol bu ýere ertir ir bilen geler».
Patyşa hem oglana garap: «Allanyň haky üçin, walla, ýigit, men saňa ýagşylyk etmesem bolmaz, men şeýle bir ýagşylyk ederin weli, onuň üçin meni elmydama ýatlap durarlar, ol edenimi bolsa zamana ahyr bolynça, ýazyp geçerler!» diýip äht edipdir.
Ondan soň patyşa ornaşykly oturypdyr, ol ikisi gijäniň birwagtyna çenli hümürdeşip oturypdyrlar, ýatar wagty bolansoň bolsa ýatypdyrlar. Daňdanlar patyşa turup, sypaýy eşiklerini aýrypdyr-da, gylyjyny gynyndan sogrup, eli ýalaňaç gylyçly çykyp, guluň bolýan jaýyna bakan ugrapdyr. Baryp görse: şemler hem şamçyraglar ýanyp dur, atyr ysyny kükedýän çyraglaryň ýagdanlary sallanyşyp duranmyş. Patyşa guluň ýanyna bara-barmaşa onuň kellesinden gylyjy salyp, ýeke gezekde janyny jähenneme iberipdir-de, ony arkasyna göterip äkidip, howlynyň içindäki guýynyň içine taşlapdyr. Soň ol ýene şol ýere öwrülip baryp, guluň egin-başyna çolanypdyr-da, guburyň içine girip ýatyberipdir, özi-de gylyjyny şol ýalaňaçlygyna uzaldyp ýanynda goýup ýatypdyr.
Aradan bir minut geçip-geçmänkä, äteňenälet jadygöý peýda bolupdyr, gelen badyna-da, öz daýysynyň oglunyň eşiklerini sypyryp, eline gamçyny alaga-da, ony saýgylamaga durupdyr. Ol oglanam: «Wah, daýym gyzy, meniň şu bolup oturyşymam az däl ahyry, üstesine her gün beýdip urmaň näme! Maňa rehimiň gelsin, daýymyň gyzy!» diýip bagyrypdyr. Onda daýysynyň gyzy: «A sen maňa rehim edip, meniň söýgülimi aman goýduňmy?» diýip heňkiripdir. Onsoň şeýdip ony tä eli ýadaýança urupdyr, ýigidiň eginlerinden gara gan saçalanyp dökülipdir, şondan soň bolsa ol aýal onuň egnine çöpürli köýnek geýdirip, üstündenem ýigidiň öz eşiklerini geýdiripdir. Ondan soň bolsa bir käse
şerapdyr bir tabak höregi alyp, guluň ýanyna bakan girip gidipdir. Baryp gümmeziň aşagyndaky gubura giripdir-de, ah çekip aglap: «Wah, meniň jenabym, söwer ýarym, maňa näme-de bolsa bir zat aýt ahyry, hiç bolmasa ýekeje gezek sözleşeli, ezizim!» diýip ýalbara-ýalbara, şu hili gazal aýdypdyr:
«Haçana çen aýry ýürek, aýry göwün, zabun boljak?
Şunça döken göz ýaşymy ahyrynda haçan biljek?
Niçe zaman bilgeşleýin aýralykda gynap gezjek?
Rakyplara gamhor bolup, öz ýaryňa niçik dözjek?»
Ondan soň ol ýene aglamaga başlap: «Jenabym, söwer ýarym, sözleşeli ahyry, maňa näme-de bolsa bir zat aýt ahyry!» diýipdir. Patyşa hem onuň bu aýdanlaryny eşidip ýatan ýerinden, sesini üýtgedip, garaýagyz gullaryň gepleýşi ýaly çalgyrdyrak gepläp: «Wah-wah-eý, bir Allanyň özünden başga ne güýç bardyr, ne kuwwat!» diýipdir. Aýal onuň bu sözlerini eşidip, begenjinden ýaňa bir gygyryp, özünden gidip ýatyberipdir. Soňra özüne gelip: «Jenabym, bu aýdýanyň dogrumydyr?» diýip sorapdyr. Patyşa hem sesini peseldip; «Häý, äteňenälet diýsänim, näme sen özüň bilen näme-de bolsa bir zat hakynda gepleşilip, söhbet edişilmäge mynasypdyryn öýdýärmiň?» diýip jogap beripdir. Onda aýal: «Näme üçin mynasyp dälmişim?» diýip sorapdyr. Onsoň patyşa hem oňa: «Näme üçin diýseň, sen öz äriňi her gün urup horlaýarsyň, olam onsoň dady-perýat edip, ilkagşamdan tä ertire çenli meni ýatyranok, haçan görseň, maňa hem saňa nälet okap otyr — diýipdir. — Şeýdibem ol maňa azar berip zyýan ýetirdi, eger şeýtmedik bolsa, onda men, belki, gutulyp giderdim. Saňa jogap bermäge-de şu ýagdaýyň özi päsgel berdi». Onda aýal: «Eger beýle bolsa, onda men seniň rugsat bermegiň bilen, ony özümiň salan ýagdaýymdan boşadaýaryn» diýipdir. Patyşa hem oňa: «Boşat-da, biziň dynjymyzy ber» diýip jogap beripdir.
Ine, onsoň ol aýalam: «Ajap bolgaý, gözüm üstüne!» diýipdir, gümmeziň aşagyndan çykyp, köşge barypdyr-da, bir jamy alaga-da, ony suwdan dolduryp, suwa dem salmak bilen bir zat-bir zatlary pyşyrdap sanapdyr weli, jamyň içindäki suw özözünden
düwme-düwme bolup köpürjikläp hem lasyrdap, göýä diýersiň, aşagynda ot ýakylýan gazanda gaýnaýan ýaly bolup gaýnamaga başlaberipdir. Ondan soň aýal ýaňky suwdan öz äriniň üstüne sepip: «Seni özümiň aýdan-diýenlerim bilen dogalaýaryn; eger sen meniň jadylamagym hem aýlandyrmagym bilen şu hili ýagdaýa düşen bolsaň, onda häzirki keşbiňi üýtget-de, ozalky öz keşbiňe öwrül!» diýipdir. Ine, onsoň ol oglanam birden silkinjiräpdir-de, aýak üstüne galyp duruberipdir. Ol özüniň jadylanmagyndan açylanyna begenip: «Bir Alladan özge Hudaýyň ýoklugyna, Muhammediň bolsa Allanyň resulydygyna şaýatdyryn. Allanyň özi oňa rahmet nuruny saçsyn!» diýip, alkyş okapdyr. Onsoň onuň aýaly oňa: «Şu ýerden çyk-da, dolanyp garaňy görkezäýmegin, ýogsam men seni öldürerin!» diýip, onuň üstüne ala-gopgun edip heňkiripdir; ol ýigidem çykyp gidipdir. Aýal bolsa ýene gümmeze dolanyp baryp, onuň aşagyndaky gubura girip: «Jenabym, gel meniň ýanyma, hiç bolmasa seniň gül menziňi bir göreýin ahyry!» diýipdir.
Patyşa hem ysgynsyzja ses bilen: «Sen näme iş etdiň? Sen diňe meni şahadan dyndardyň, düýp kökden bolsa dyndarman galdyrdyň!» diýipdir. Onda aýal: «Wah, meniň jenabym, wah, meniň söýgülim, seniň ol kök diýeniň näme boldugy?» diýip sorapdyr. Patyşa hem oňa herrelen bolup: «Häý, deýýus-a! Kök bolanda şu şäheriň hemde dört adanyň ilaty bor-da! Her gün agşam, gijäniň ýary bolýaram weli, balyklar başlaryny ýokary göterip, Hudaýa nalyş edip, kömek sorap, meni hem seni näletlemäge başlaýarlar. Ynha meni galyndyrmaýan zadyň düýp-teýkary. Bar, olary haýal etmän boşadyp goýber-de, onsoň meniň ýanyma gel, golumdan tutup galdyr-da, öz ýanyňa al. Indi meniň saglygym gowulanyp ugrady» diýen bolupdyr.
Aýal patyşanyň bu aýdanlaryny eşidip (ony öz guludyr öýdýän ekeni), begenjinden ýaňa towsaklap: «Wah, meniň jenabym, seniň buýrugyň bolsa başymyň üstüne, gözlerimiň üstüne, häziriň özünde berjaý ederin, Allanyň haky üçin!» diýipdir. Ine, onsoň ol begenjinden ýaňa tarsa ýerinden galyp, ylgawyny ýazdyrman gidip, howdanyň başyna barypdyr-da, ondan bir jam suwy susup alypdyr...»
Gürrüňiň şu ýerinde daň atyp, Şährizadanyň gürrüň etmek möhleti gutarypdyr-da, hekaýatyny bes edipdir.

«Hawa onsoň, bagtyýar patyşahym, meniň gulagyma gelip ýetişine görä, ol jadygöý aýal howdandan birazajyk suw alaga-da, oňa dem salyp, bir zatlar pyşyrdap çüfläpdir weli, balyklar çyrpynyşyp, başlaryny ýokary göteripdirler hem-de şol sagadyň özünde suwdan çykypdyrlar. Ine, onsoň şäheriň ilaty jadylanmakdan açylyp, şäheriň özide ozalky keşbine gelip, öňki-öňkülik bolupdyr, onsoň şäheriň söwdagärleri özleriniň söwda-satygy bilen, alyş-beriş işleri bilen meşgullanmaga başlapdyrlar, her kim öz käri bilen bolup, adalar hem ozalkylygy ýaly bolupdyr.
Onsoň jadygöý aýal ýene gümmeze dolanyp gelip, şol sagadyň özünde patyşanyň ýanyna baryp: «Eý, söýgülim, uzat maňa öz asylly elleriňi-de, tur ýeriňden!» diýipdir.
Patyşa hem ölügsije ses bilen: «Golaýragyma gel ahyry!» diýen bolupdyr. Ol aýal ýakynyna dykylyp gelipdir weli, patyşa hem gylyjyny alaga-da, onuň edil gursagyndan salypdyr weli, gylyç ýalpyldap onuň ýagyrnysyndan çykypdyr. Onsoň patyşa gylyjy ýene bir gezek salaga-da, göwräni iki bölüp taşlapdyr-da, aýalyň iki bölege bölünen jesedini hol beýläk süýräp zyňyp goýberipdir. Patyşa şeýdip daşaryk çyksa, jadydan boşan ýigit hem onuň çykaryna garaşyp duran ekeni. Ol ýigidem özüni halas edeni üçin patyşadan hoşal bolup, oňa alkyş okapdyr, onsoň onuň elinden öpüp, hoşallyk bildirip sag bol aýdypdyr. Patyşa bolsa ondan: «Ýeri, indi sen öz şäheriňde ýaşajakmy ýa-da meniň bilen biziň şäherimize gidermiň?» diýip sorapdyr. Onda oglan: «Zamanamyzyň şahy-soltany, seniň häzirki duran ýeriňden öz şäheriňe ýetýänçäň näçe ýol ýöremelidigini berin bilýärmiň?» diýipdir. Patyşa hem: «Iki ýarym günlük ýol bolmalydyr» diýip jogap beripdir. Onda oglan: «Patyşahym, eger sen ukuda bolsaň, onda gözüňi aç! Seniň häzirki duran ýeriňden öz şäheriňe çenli alňasap ýörän ýolagçy üçinem bütin bir ýyllyk ýol bardyr. Seniň bu ýere iki ýarym günde gelip ýeteniň sebäbi bolsa, diňe şäheriň jadylanmagy üçindir. Men bolsam, patyşahym, indi seniň ýanyňdan asla göz açyp-ýumasy salymlygam aýrylmaryn» diýipdir.
Patyşa hem ol ýigidiň aýdanyna hoşal bolup: «Saňa rehimi inip, meni bu ýerlere getiren Allaha şükür! Sen meniň ýalňyz oglumsyň, çünki meniň ömürboýy perzende ýüzüm düşmändi» diýipdir.
Onsoň olar bu duşuşyga tüýs ýürekden begenişip, bir-birini gujaklapdyrlar, soňra bolsa tirkeşip köşge barypdyrlar. Ozal jadylanan patyşa öz emeldarlaryna buýruk berip, ýola çykmaga taýýarlyk görmegi höküm edipdir, ýol üçin gerek bolan hemme zatlary birkemsiz häzirlemegi tabşyrypdyr. Onsoň olar ýola çykmaga häzirlenmäge başlap, on günläp taýýarlyk görüpdirler. Ine, şondan soň ýigidem öz şäherini küýsäp, nädip ony taşlanyna ýüregi ot kimin lowlap ýanýan soltan bilen birlikde ýola düşüpdir. Ine, olar şeýdibem ýela rowana bolup, ýanlary bilenem elli sany guly alyp. uly-uly sowgatserpaýlar göterinip, tutuş bir ýyl gije-gündiz diýmän, dynuwsyz ýol söküpdirler. Allanyň özi olary hiç hili hatarly-howply zadyň üstünden eltmändir, şeýlelik bilenem, olar sagaman öz şäherleriniň çetinden giripdirler-de, soltanyň sag-aman dolanyp gelýänini habar bermek üçin şäherde galan weziriň üstüne çapar iberipdirler. Ine, onsoň patyşanyň öwrülip geljegine ynamyny ýitiren wezirem, onuň goşunlary-da bu habary eşidip, patyşanyň öňünden çykyp garşylamak üçin haýdan-haý atlanypdyrlar, olar patyşanyň ýakynyna ýetenlerinde atdan düşüp, onuň öňünde eglip tagzym edip, onuň sag-aman dolanyp gelmegini mübärekläpdirler, «gözüň aýdyň, patyşahym» diýip gutlapdyrlar.
Patyşa hem öz şäherine gelip, tagtyna çykypdyr, ondan soň bolsa ol wezire ýüzlenip, bu ýigit bilen nähili ahwalatyň bolandygyny oňa jikme-jik gürrüň edip beripdir. Wezirem onuň başyna düşen ýagdaýy eşidip, «ol beladan halas bolanyňa gözüň aýdyň» diýip, ony mübärekläpdir, Ine, onsoň hemmeleriň ýüregi düşüşip rahat tapypdyrlar. Ondan soň patyşa birentek adama sylag-serpaý beripdir hem-de wezire ýüzlenip: «Şol bize balyk getirip berýän balykçyny meniň ýanyma çagyryň» diýipdir. Onsoň şäheriň ilatynyň halas edilmegine sebäp bolan balykçynyň yzyndan adam iberipdirler-de, ony alyp gelipdirler. Patyşa oňa-da sylag-serpaý beripdir, onsoň onuň hal-ahwalynyň niçikdigini, çaga-çugadan nämesiniň bardygyny sorapdyr. Balykçy bolsa özüniň iki gyz bilen bir oglunyň bardygyny aýdypdyr welin, patyşa olary-da öz ýanyna çagyrdyp getirdipdir, gyzlarynyň birini özüne alypdyr, beýlekisini-de ýigide äberipdir, balykçynyň ogluny bolsa hazynaçy edipdir. Ondan soň patyşa weziriň eline perman ýazyp berip, ony ýigidiň şäherine soltan
edip, ýagny gara adamlara patyşa edip iberipdir, özüniň ýany bilen gelen elli sany guly-da onuň ýanyna goşup goýberipdir, onsoň ähli emirler üçin oňa sylagserpaý berip goýberipdir. Wezirem patyşanyň elinden ogşap, şol sagadyň hem şol minutyň özünde ýola düşüpdir, patyşa bilen ýigit bolsa galypdyr. Balykçy näme işläpdir diýlende bolsa, ol öz zamanynyň iň bir baý adamy bolup galypdyr, onuň gyzlary bolsa tä ajal gelip ýakalaryndan tutýança, patyşa aýallary bolup galypdyr».


9

5

0

0

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Sorag jogap


1,ýyl... Bolup geçdi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag jogap
Huzur (Şugün, 22:49)

Eje...


Надо развиваться....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Eje...
mk (Şugün, 21:04)

Meni ýok-edip öldürüň.(2-nji bölüm)(18+ Psihiki ejizlere okamak gadagan)


18 + Psihiki ejizlere okamak gadagan. 18- larda we psihiki taydan ejizlerde seniň bu kadañy ýerine ýetirjek aň ýok...dowamy...

Sorag .


Ilki bilenä hakyýky söýgiň ýa kiçilikden gowy tanaýanyň, ýada 35 den soň hakyýky söýgi başlanýar. Çünki garmonlar indi seň aňyňy başyňy aýlap pik...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag .
Fantom (Şugün, 04:55)

Sorag .


hmmm, Çagyryldym, bardym seniň toýuňa... Men barmasam bu gelşiksiz boljakdy,... Gutlamaly boldum deň duşlam bilen, emma diýiljek söz bagrym dilje...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag .
Fantom (Şugün, 04:51)

Mynasypmy? Barladyk! 6


Baýlyk hazyna eýe bolar diýip hiç pikirime hem gelmedi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mynasypmy? Barladyk! 6
Perhatsabirovv (Düýn, 22:06)

Meni ýok-edip öldürüň.(3-nji bölüm)


Şu oglanyň gününde 1je gün ýaşaýsaňda😁...dowamy...

Sorag .


Hakyky söýüşýäni diňe ölüm aýra salyp biler,galan ýagdaýda seni söýen däldir,söýmedige süýkenme ! Ýene bellejek zadym barardym diýýänler hem ikil...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag .
Deniro (Düýn, 12:34)

Pifagoryň bokaly (cup)


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Pifagoryň bokaly (cup)
Aypipijik (20.11.2025 / 23:27)

Gretti Grin


Yetirip dur...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gretti Grin
Aypipijik (20.11.2025 / 23:26)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->