Ýürekdeş sözler!
Eje...
TäzejeMegalodon [off]
22.11.2025 / 20:56
Eje, ogluñ söýülmek isleýär
Diñe men söýýän, olar söýmeýär
Eje, ynan señ ogluñ erbet däl
Muny sen bilýäñ, olar bilmeýär.
Eje, ogluñ ýylanmak isleýär
Hemme ýerden ýylylyk gözleýär
Eje, ogluñ mähriñi isleýär
Gün ýylysy ogluña ýetmeýär.
Eje, senden başga perişde ýok
Melek diýenlerim şeýtan çykýar
Eje, ogluñ dogry ýol bilenok
Ýalñyş ýola girip kän azaşýar.
Eje, ogluñ ýenede aglaýar
Gözünde ýaşyn saklap bilmeýär
Eje, ogluñy garañky gabaýar
Geçmişden daşa gidip bilmeýär.
Eje, ogluñ daşynda sessizlik
Ýöne içini it ýyrtyp barýar
Eje, ogluñ daşynda ýalñyzlyk
Köpçülikde özün ýeke duýýar.
Eje, seniñ ogluñy ýakdylar
Seret ogluñ durmuşy kül boldy
Eje, ogluña ýalan atdylar
Sadalygym egnime ýük boldy.
Eje, seniñ ogluñy ýykdylar
Sen gelmeseñ elimden tutjak ýok
Eje, ogluñy diri gömdüler
Sen gelmeseñ meni çykarjak ýok.
Eziz Amanow
119 |
12 |
1 |
3 |
0 |
0 |
1 |
Teswirler:
Soňky teswirler
Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
Üýtgeşik bir zat aýdyp, ýazyp orta çykyp gepläp bilmejegiňi bilýän. Türkmen telewideniýesinde okalýan goşgylary diňlär ýaly däl. Sen hem şolaryň...dowamy...