Ýürekdeş sözler!
Saña aşyk boldum men.
TäzejeMegalodon [off]
22.11.2025 / 20:50
Bildim, adyñ kök urupdyr akyl-oýuma,
Ýerdäki melek ol, güller seriñ ýoluna,
Gözleriñ kybapdaş asmandaky aýyma,
Göýä aý perisi, saña aşyk boldum men.
Saçlaryny sypap geçer sähelçe şemal
Señ yşkyñda ýanan mertde galmady mejal
Sen al janym, sen bolaýda maña täk ajal
Meni menden alan, saňa aşyk boldum men
Allahym nurun seçipdir seniñ ýüzüñden
Gaşlary hem ýaý deý geçen akja ýüzünden
Çyn bagt näme görüp bolýar seniñ gözüñden
Gözelleriñ şasy, saña aşyk boldum men.
Eziz Amanow
110 |
13 |
0 |
2 |
0 |
0 |
1 |
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
Üýtgeşik bir zat aýdyp, ýazyp orta çykyp gepläp bilmejegiňi bilýän. Türkmen telewideniýesinde okalýan goşgylary diňlär ýaly däl. Sen hem şolaryň...dowamy...