Ýürekdeş sözler!
OWADAN ENÄNIÑ OWADAN GYZY!
Daniel [off]
24.11.2025 / 15:19
Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!
Sen tomusda bahar bolup sataşdyň,
Bir mylaýym howa doldy içime.
Bagtlylaryň hataryna gatyşdym,
Alkyş aýdyp seni dogran ejeňe.
Gyzyl-dörjük edip arzuwlaň için,
Ýedinji gatyna uçdum-da gögüň,
Ganat beren gyzy dograny üçin
Ejeňi ýene-de alkyşlap ýörün.
Seňem söýmegiňi bildim gazanyp
(Eý-ho!
Söýülmekde ýedi jennet bar!).
Maňa aşyk boljak gyzy doguran
Ejeňe müň...
Ýok, millionlap minnetdar!
Ykbalymyň şowly çykan bijesi,
Owadan enäniň owadan gyzy!
...Bagtymyzy çatjak şol toý gijesem
Ejeňden kän ýola bolaryn razy.
16.11.2025ý.
©Sapa HOMMADOW
147 |
17 |
0 |
6 |
0 |
0 |
1 |
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Outlier (30.07.2026 / 06:29)
Outlier (30.07.2026 / 06:29)
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Belki (26.07.2026 / 10:12)
Belki (26.07.2026 / 10:12)
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️
