Ýürekdeş sözler!
*****
yurekdesh [off]
26.11.2025 / 23:12
Gün bolup dogar öýdenim
Günbatarda ýaşyp barýa
Ýumruk ýaly ýüregimi
Giň gursagym gysyp barýa
Armanym alnymdan diräp
Gözlerime indi ünji
Köpden bäri ýat bolupdy
Kalbymdaky agyr sanjy
Sabrymyň käsesi dolup
Damyp-damyp gutarypdyr
Gözümden gaçan her damja
Şor zemini suwarypdyr
Bitipdir aň elegimem
Köpden bäri elenenok
Bolar bolmaz boş sözlerem
Ýaş ýüregmi gemirenok
Iň soňkuja umytlarymam
Düýnlerime gömüp barýan
Haýyş! Meni halas ediň
Ýaşamakam ölüp barýan
Amangeldiýewa Aýna
117 |
15 |
1 |
4 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
TäzejeBEGENJOVNA [off]
26.11.2025 / 23:58
+0
Sen birazajyk guyclenmesen,durmush añsatlasmaz.
yurekdesh (27.11.2025 / 01:24)
BEGENJOVNA, täsirlenme esasynda ýazylan goshgydy aslynda yone maslahatyna sagbol
Soňky teswirler
Ykbal Sazagy
Sen su adamlara samsykdyr oydyanmi? Emeli ana yazdyran bolgusyz gosgularyndan doldurylyan yer dal barsi. Indi seytsen pozjakdyryn....dowamy...
IDEALLIDER-iň toplan söýgi setirleri 4.
Şasenemiň ejesi näme üçin söýgi ýok diýip Garyp çagaň ýüzüne mälçilledip urýaka? Bu ýazylan aýdylanlardan hawary ýokdumyka o bendäň çagasy...dowamy...