Ýürekdeş sözler!
Gyzykly maglumatlar
Мечтать [off]
29.11.2025 / 09:17
Now or never.
Ýer ýüzünde garynjanyň 35 müň görnüşi bar.
Mör-möjekleriň arasynda ululygyna görä iň uly beýni garynjada bar.
Garynjalar öz agramyndan 10 esse, käbirleri bolsa 50 esse agyr zady göterip bilýärler.
Garynjalar diňe gyzyl ýa-da gara bolman, gök, melewşe, sary we goňur reňkli hem bolýar.
Ýer ýüzünde gabat gelýän mör-möjekleriň 1 milliondan gowrak görnüşi bar.
Tomzak özünden bir müň bir ýüz esse agyr zady togalap bilýär.
Kekeneler ömrüniň dowamynda 5 müňden gowrak mör-möjegi awlaýar.
Häzire çenli kebelekleriň 150 müňden gowrak görnüşi hasaba alnypdyr. Beýleki jandarlarda bolşy ýaly kebelekleriň hem endemiki (diňe belli bir sebitde ýaşaýan) görnüşleri bar.
Owadan reňkli ganatlary bolan kebelekleriň zäherli görnüşleri hem bar.
Käbir kebelekleriň erbet ysy bolup, bu olary guşlardan goraýar.
Bal ýaramlylyk möhleti çäksiz ýeke-täk iýmit hasaplanýar. Kadaly şertlerde saklananda bal hiç haçan zaýalanmaýar.
Arylar biri-birini ysyndan tanaýarlar.
Iň zähmetkeş jandarlaryň biri bolan arylar ýarym kilogram bal ýygnamak üçin 2 million güle gonmaly bolýarlar.
130 |
13 |
1 |
7 |
1 |
0 |
0 |
Teswirler:
IDEALLIDER2 [off]
29.11.2025 / 18:51
+0
Kekene mör-möjekleri awlanoklar. Olar ot-iýýänlere degişli. Birzady bulaşdyrdyň öýdýän. Şondada ýetireniňe sagbol:)
Soňky teswirler
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️

Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.
Diri sylan beg bolar ölini sylan baý bolar diýip eşitdik bizä haýsy dogryka indi bularyň?...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Ondan pagtany sorup alýan enjam çykarylsa gowy bolmazmy. Meselem, sen enjamy eliňe geýýäň, özi pagtany hanasyndan sorup alýar we fartugyňa geçirý...dowamy...
Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.
Öňem mazarstanlygyň gapdalyndan geçip barýan taksist, gapdalyndaky ýolagça: - Hany ýaşuly okap göýber diýende, Ýaşuly aňarsyna bärsine seredip: -...dowamy...
Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.
Öňüräk bir deň-duş adamyň biri Namaza okamok, ýöne biri ýogalsa ugratmaga barýan, birde gonamçylygyň deňinden geçenimde el galdyrýan diýipdi. Ol...dowamy...
