Ýürekdeş sözler!
Tort haçan döredildi?
Мечтать [off]
29.11.2025 / 09:20
Now or never.
Ilkinji tortuň haçan peýda bolandygy belli däl. Bu süýjüligiň taryhynyň 2 müň ýyldan gowrakdygy çaklanylýar. Üstüne owradylan däne sepilen çörekleriň suratlary Gresiýanyň we Gündogaryň käbir taryhy maglumatlarynda saklanyp galypdyr. Gadym döwürlerde bal bilen hoz garylan çörekli süýjülik meşhur bolup, bu tortuň ilkinji nusgasy hasaplanýar. «Tort» italýan diliniň «florid» sözünden gelip çykyp, «haşamlanan, owadan bezelen» diýen manyny berýär. Wagtyň geçmegi bilen bu süýji iýmit dürli ýurtlara ýaýrap, «tort», «cake» we «pasta» atlary bilen tanalyp başlaýar. Belli bir döwürlerde tort söýginiň, dostlugyň, agzybirligiň nyşany hökmünde peýdalanylypdyr. Tort kesmek ylalaşygyň, şowlulygyň gazanylandygyny görkezipdir.
Gyzykly maglumatlar
Ilkibaşda tort iki bölek tegelek çöregiň arasyna baldyr mürepbe goýlup taýýarlanypdyr.
Gadym döwürlerde tort häzirki bilşimiz ýaly süýji iýmit bolmandyr.
Fransuzlarda ilkibaşda tort diýip etli gutaba aýdypdyrlar.
Doglan gün üçin ilkinji tort 1975-nji ýylda taýýarlanyldy.
Iň uzyn tort Hindistanyň Trissur şäherinde köpçülige hödürlenildi. Uzynlygy 5,3 kilometre, agramy 27 tonna barabar bolan äpet wanil torty 2020-nji ýylda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Iň kiçi tort şweýsariýaly konditerçi tarapyndan ýasalyp, bu torty barmagyň ujunda saklap bolýar.
Iň agyr tort Meksikada taýýarlanyp, agramy 54 tonnadan gowrakdyr.
Iň beýik tort Jakartada ýasaldy. Ak arça meňzeş tortuň beýikligi 33 metre barabar.
133 |
14 |
1 |
5 |
1 |
0 |
0 |
Teswirler:
Soňky teswirler
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️

Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.
Diri sylan beg bolar ölini sylan baý bolar diýip eşitdik bizä haýsy dogryka indi bularyň?...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Ondan pagtany sorup alýan enjam çykarylsa gowy bolmazmy. Meselem, sen enjamy eliňe geýýäň, özi pagtany hanasyndan sorup alýar we fartugyňa geçirý...dowamy...
Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.
Öňem mazarstanlygyň gapdalyndan geçip barýan taksist, gapdalyndaky ýolagça: - Hany ýaşuly okap göýber diýende, Ýaşuly aňarsyna bärsine seredip: -...dowamy...
Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.
Öňüräk bir deň-duş adamyň biri Namaza okamok, ýöne biri ýogalsa ugratmaga barýan, birde gonamçylygyň deňinden geçenimde el galdyrýan diýipdi. Ol...dowamy...
