“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Ýürekdeş sözler!
Xuligankaa : Durmusxymda biri yok, birinde durmusxym bar. #Xuliganka

© 2026 Ähli hukuklar goralan.
📸 Soňky suratlar
📋 Mowzuklar
✨ Täze⚡ Jedelli👁️ Okalan
Iň uly sanlar haýsylarka?+2
Million alty nolly,milliard dokuz, trillion bolsa on iki nolly sanlardygyny öň bilýän bolsaň gerek. Emma bulardan hem uly sanlar bar.Ine,olar: on bäş nolly sana-kwadrillion,on sekiz nolly sana-kwintillion,ýigrimi bir nolly sana-sekstillion,ýigrimi dört nolly sana-septillion,ýigrimi ýedi nolly sana bolsa oktillion...diýilýär. Amerikan matematigi Kastner iň uly sany oýlap tapdy we oňa "gugol" diýip at goýdy. Gugol ýüz nolly... dowamy →
👤 Allash📅 Şugün, 10:25👁️ 12💬
Heserdeş. Ironiýa we Anekdot0
Heserdeş (oýlanma) Kölüň kenaryna gelip, ine, şu setirleri ýazyp otyryn. Ylhamly tolkunlaryň joşgunly sazy, erkana guşlaryň owazy bilen goşulşyp, ajaýyp aýdyma öwrülýär. Salkynjak şemal çalajadan köwsarlap, ýüzümi ýelpäp, göwnümi galkyndyrýar. Tolkunlaryň owazy ruhuma rahatlyk çaýyp, hoşamaý hüwdileýär. Içki duýgularym hem şu köldäki tolkunlar kimin şemalyň ugruna agyp-dönýär. Kähalat kalbymda tupan turýar, käwagt para... dowamy →
👤 Mugallyma📅 Şugün, 09:15👁️ 11💬
Nowruz. Bu nähili baýram, ony kim we nähili belleýär+2
Birnäçe gündogar ýurtlarynda Nowruz baýramyny bellemek başlanýar Şu gün, 20-nji martda, birnäçe ýurtda bahar baýramyny, pars Täze ýylyny — Nowruzy bellemäge başlaýarlar, bu söz pars dilinden terjime edilende göni "täze gün" diýmegi aňladýar. 2009-njy ýylda ÝUNESKO Nowruzy Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizdi, 2010-njy ýylda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasy ony Halkara güni diýip yglan etdi. Resmi taýdan... dowamy →
👤 Fantom📅 Şugün, 07:50👁️ 13💬
Heserdeşiň kim seniň+1
Heserdeş (oýlanma) Kölüň kenaryna gelip, ine, şu setirleri ýazyp otyryn. Name üçin bir özüň. Gaty gynandym. Bir özüň kölüň boýnunda ýazyp otyranyňa. Birden joşgunyň dawleniýeňi galdyryp gidip özüňi ýiterseň näme etjek. Köle suwa gaçmagyň mümkin ahyry. Ýazyp otyrkaň çaý demlap berer ýaly bir ýürekdeşi hem ýanyňa alyp onsoň ýazsaň bolmaýarmy?. Hem bu näzenine seredip ýazanyňda ylhamyň ondanda beter joşup roman, epopeýa... dowamy →
👤 Mugallyma📅 Düýn, 19:18👁️ 21💬
Ogul...+2
Owadanlyk bezemeýär adamy, Owadan dogulma bagtly dogul. Nesihatym hergiz ýadyňda bolsun, Ýalan sözden mydam daş bolgun ogul. Sylanlary syla müňlerçe esse, Hiç kimi özüňden goýmagyn pesse, Bir gün abraýdan wezipe ýetse, Il günüň sarpasyn saklagyn ogul. Gözüň dikme kesekiniň malyna, Şükür eýle Allaň beren zadyna, Ysnat getiräýmegin kakaň adyna, Ýürek törüň imandan bezegin ogul. Zar bolmagyn biminnetiň aşyna, Her geleni ü... dowamy →
👤 Minigim📅 Düýn, 00:59👁️ 24💬
Emeli aň baradaky soraglar.+3
**Neýroulgamlar dünýäni eýelermi?** **Emeli akyl adamlary öldürip bilermi?** **Emeli akyl 2030-njy ýyla çenli adamlary gul edermi?** **Emeli akyl adamlary işden boşadarmy?** **Emeli akyl ömri uzaldarmy?** **Maşynlaryň gozgalaňyndan gorkman gezse bolarmy ýa bolmaz?** Bu soraglar barada MGIMO-nyň (Moskwa döwlet halkara gatnaşyklary instituty) talyplary bilen bilelikde oýlanýarys. **Näme üçin "emeli beýnilere" ynanmak how... dowamy →
👤 Fantom📅 Düýn, 00:37👁️ 29💬
Oraza baýramy+7
Assalamu aleýkum mähriban musulman doganlar! Mukaddes Oraza baýramyňyz gutly we mübärek bolsun! 30 günläp sabyr edip tutan orazalaryňyz, gijelerine okan tarawa namazlaryňyz we beren pitre-sadakalaryňyz öz miwesini bersin. Allatagala ählimiziň günälerimizi bagyşlasyn, kalbymyzy we niýetimizi päklesin. Goý, Türkmenistanymyzyň asmany elmydama asuda bolsun, saçaklarymyzdan bereket, ojagymyzdan şatlyk egsilmesin. Allatagala si... dowamy →
👤 Crazy-boy📅 Düýn, 00:31👁️ 33💬
Gara tam — Birinji bölüm+5
Duýduryş: [i]Bu hekaýa intek doly soňlanmady. Diňe kiçiräk, ýüzleý görnüşde ýazylandyr. Hekaýadaky aňlatmalar, dialoglar we kişiler ýüzleý ýazgynyň netijesidir. Bu ýazgyny ýazmagymyň maksady, okamagy halaýan käbir adamlaryň bu hekaýany lezzet bilen okamagydyr. Bu hekaýa diňe başlangyç görnüşli hekaýadyr. Uly roman görnüşinde ýazmak üçin ne biziň, ne-de siziň wagtyňyz bardyr. Başga-da okyjylara möhüm bir duýduryş... dowamy →
👤 Categras📅 16.03.2026 / 21:55👁️ 70💬
Aldamana oglana ýagşy... [pes goşga, Hak jogap]+6
Hawa, hawa.. Aldamana oglan ýagşy, Ýaňsylamana molla... Bir söz bar. "Garşyňa çykyp bilmejek adam-a güýjüňi görkezeniň.. seniň güýçlidigiňi, sowatlydygyňy, gahrymandygyňy aňladanok" Häzirki döwürde-de iň köp ýaňsylanýan, garşysyna çykylýan şahs - mollamyka diýýän. Bu görgülileň ady hemme goşgularda, prikollarda, aýý garaz 3 adamyň üýşen ýerinde dini gürrüň açylsa mollalara taýak oklanýar. Sebäbi bular öz a... dowamy →
👤 Basmacy📅 16.03.2026 / 06:00👁️ 67💬
Halal zähmet (tymsal)+5
Ýeri işläp, bejerip, halal zähmetiňi siňdirip, hasyl almak ýeňil-ýelpaý iş däl. Çünki ýerden hasyl almak daýhandan örän köp zähmeti, gujur-gaýraty, sabyr-takady talap edýär. Şu rowaýaty okap, halal zähmetiň höziriniň uludygyna ýene bir gezek magat göz ýetirýärsiň. Gadym zamanlarda bir ýaşulynyň iki ogly bar eken. Ol ýaşuly günlerde bir gün özüniň mirasyny paýlap bermek maksady bilen, ogullaryny ýanyna çagyryp: — Ogullar... dowamy →
👤 Minigim📅 15.03.2026 / 21:44👁️ 40💬
Heserdeş (oýlanma)+4
Heserdeş (oýlanma) Kölüň kenaryna gelip, ine, şu setirleri ýazyp otyryn. Ylhamly tolkunlaryň joşgunly sazy, erkana guşlaryň owazy bilen goşulşyp, ajaýyp aýdyma öwrülýär. Salkynjak şemal çalajadan köwsarlap, ýüzümi ýelpäp, göwnümi galkyndyrýar. Tolkunlaryň owazy ruhuma rahatlyk çaýyp, hoşamaý hüwdileýär. Içki duýgularym hem şu köldäki tolkunlar kimin şemalyň ugruna agyp-dönýär. Kähalat kalbymda tupan turýar, käwagt paraha... dowamy →
👤 Gerceknazar📅 15.03.2026 / 09:15👁️ 39💬
Bir arapdan_bir şarapdan №11+4
BIZ BASMAÇYMY? 2012-nji ýylda, Harkowyň Agrar uniwersitetinde okaýardym... Orta Aziýadan talyplar köpdi, aýratynam biz Türkmenler köpdük. Gürrüňi uzaga çekdirmän, şu ýerde bir kiçijik ýatlamajygy aýdyp berjek bolýan. Alina atly dolmuş aýal (asly Belorusiýaly) mollymymyz bardy. Taryhdan okadýar. Bu daýzaňam jyny diňe bizde, diňe Tm talyplaryna azar berýär, köseýär. Iň içinde-de maňa beýlekilere görä köp deginý... dowamy →
👤 Basmacy📅 15.03.2026 / 06:03👁️ 72💬
Iň gowy saýta girip görüň+1
Men size üýütgeşik bir gowy saýt teklip edýän. Saýtyň mümkinçilikleri ullakan. Saýtda alan bal-yňyz pul hasabynda görülýär. Bu tapan pulyňyza saýtda köp işleri edip bolýar. Saýta surat, MP3, wideo ýerläp bolýar. Saýta politika köp, kim politikany bilesi gelýän bolsa. Saýtda erotika hem bar. Saýtda ýazan zatlaryňyzy kitaba öwürip boýar. Bu saýtda meniň hem akkauntym bar. Tizara bu saýtda türkmençe sahypa açmakçy. Häzirlik... dowamy →
👤 Mishel📅 14.03.2026 / 17:56👁️ 52💬
Bir arapdan_Bir şarapdan №10+8
4-5 ýyllykda bir edarada garawuldym. Edaramyz gelim-gidimli ýerdi. Bir güni nobatçylygymda süýr günortan bir aýal we 3 sany çagasy bilen gelip, edaralyk işini bitirdi-de, yzyna gaýdyşyn meň postymyň deňinde saklandylar we çagalaryň ulusy gapymy kakdy (14-15 ýaşly oglan). Girdi-de "agam Selam" diýdi. Soňra pataloga seredip, gözüniň agyny köpeldip sakynyp durdy. Men düşünip duryn "Bugşugmana ýer barmy, bar bolsa girsem bolý... dowamy →
👤 Basmacy📅 14.03.2026 / 07:03👁️ 74💬
Bedr söweşi+4
Düýn 13-nji mart. Milady 624-nji ýylyň hut şu gününde beýik Bedr söweşi bolup geçdi. Yslam senenamasyna görä, bu waka Pygamberimiziň ﷺ göçünden (hijreden) soňra, ikinji ýylyň Remezan aýynyň 17-nji gününe gabat gelýär. Bedr diňe bir söweş däldi. Ol yslamyň gylyç gysymlap, bu diniň mundan beýläk kemsidilmejekdigini we hukuksyz galmajakdygyny dünýä yglan eden ilkinji pursatydy. Sebäbi Beýik Allatagala şeýle diýipdir: «Zul... dowamy →
👤 mk📅 14.03.2026 / 04:57👁️ 71💬
Nowruzda ýagan ak garlar soñy+3
Serdar gelni Maýany paýtagta getirip iň gowy hassahana ýerleşdirdi. Bir-iki hepdeden Maýanyň ýagdaýy hasda gowulaşdy, ol diňe öz telefonyny soraýardy Serdar bolsa öwran öwran onuň telefonyny heläkçilik bolan ýerden tapylmandygyny aýtdy. Wraç erte birgünde öýe goýberjegini aýdanda Serdar pikirlendi uzak wagt sesiz Maýanyň ýüzüne seretdi hem-de näme üçin onuň beýle edendigine düşünjek boldy we- Maýa kakaňa jaň et goý ol sen... dowamy →
👤 Agza📅 13.03.2026 / 17:41👁️ 41💬
Eger 18 ýaşym gaýdyp berilse... (Parodiýa)+11
Är-aýal örän bagtyýardy. Aýaly çyranyň ýagtysyna oglunyň jorabyny ýamap otyrdy. Äri bolsa diwanda ýanbaşlap hyýal sürüp ýatyrdy. Aýaly äriniň hyýalyny dargatmakçy bolup, bir zatlar oýlap tapmakçy bolýar welin, teý gep tapmady. Ahyry oýlanyp-oýlanyp tapan gepi şu boldy. - Bu ne eýgilikmi, uzak hyýal sürdüňizle? Hany bir özüňize geliňde, erkege meňzäp gyzykly-gyzykly gürrüňler tapyp güldüriňsen-e. Äri gözlerini giňden açyp... dowamy →
👤 Basmacy📅 12.03.2026 / 06:49👁️ 124💬
Agşamlyk nahar+5
Bir oglan agşamlyk naharyny edinmek üçin gartaşan kakasy bilen garbanyşhana girýär. Olar nahar edinip otyrkalar, kakasy atanlykda üst-başyna nahar dökýär. Ogly derrew ýerinden turup, desmal bilen garry kakasynyň üst-başyny arassalamaga durýar, soňra el-ýüz ýuwulýan otaga eltip, eşigine degen naharyň tegmillerini ýuwýar. Olar ýene öňküleri ýaly stoluň başyna geçip, agşamlyk naharyny edinýärler, soňra çaý başynda söhbet edý... dowamy →
👤 Minigim📅 11.03.2026 / 14:42👁️ 44💬
Täze güýç bilen+2
Salam hemmäňize. Men size iki sany täze saýty teklip etmekçi. Häzirlikçe. Soňra ýene birnäçe saýt tapyp bererin.Häzir teklip etmekçi bolýan saýtyma özüm girip okaýan. Fabulae. Ru saýtyna girsem politika degişli gyzgyn wakalary okýan. Читальная. Ру saýtyna girip başga tema degişli ýazgylary okaýan. Bu ady tutylan saýtlara registrasiýa edip girseňiz özüňiz hem ýazan zatlaryňyzy ýerläp bilersiňiz. Okyjylary köp. Saýtyň mü... dowamy →
👤 Mishel📅 11.03.2026 / 14:02👁️ 57💬
Bir arapdan_Bir şarapdan №9+7
6-7-nji klaskam Edebiýat kitabynda Keý Kowusyň  "Kowusnama" eserinde şeýleräk sözler bolmaly: - ALYM BOLMA, ADAM BOL Muny iň bärkisi meň okanyma ençeme ýyl boldy, eseriň özüniň näçe ýyllyk taryhy ýatyrka?! ALYM-a düşnükli, ADAM bolmak şunçalyk kynmykanaý diýip şol wagtam, häzirem pikir ekip ýörün. Diýýänsiňiz, ADAMdyr-da, el, aýak, göz, gulagy bar bolsa... Adam bolmak üçin diňe biologiki gurluşyň düzüw bolmagy ý... dowamy →
👤 Basmacy📅 11.03.2026 / 05:59👁️ 92💬
1 2 3 ... 83 >>
Jemi: 1643 mowzuk
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->