@menin_dunyam : Islenilmedik ÿűrekde kőlegămi-de goÿmaryn. GOUJAM. @menin_dunyam
| Täzeje Bashimow_Toyly [off] (01.01.1970 / 05:00)
|
Bu gün ýene şol gün,laýyk bir ýyl öñ
Ýagyş sil deý ýeri ezen ekeni
Meñ üçin iñ eziz mährem ejemi
Görüşim şol soñky gezek ekeni
Ýagyşly bir günde doglan ekeniñ
Ýagyş bilen soñlanypdy ömrüñ hem
Eje seniñ giden günüñden bäri
Öñkisi deý şatlananok göwnüm hem
Göwnüm şatlanarmy señ ýok ýeriñde
Şatlanmagymyñ düýp sebäbi bir sendiñ
Ömrüñ ýatlamaly ýowuz gününde
Eje saña goşgy ýazýar perzendiñ
Eýýäm bir ýyl,çalşyk etdi pasyllar
Ýenede mart geldi,ýakymly howa
Seniñ küýsegiñde derde batyrlan
Kalbym sen bolmasañ neneñsi ýylar
Geçsede aradan ençeme günler
Heniz hem senden jañ geläýjek ýaly
Göwnüm ýoklugyñy kabul edenok
"Geldim" diýip mähirli güläýjek ýaly
Wah eje,bir görsem mylaýym keşbiñ
Ýa-da birje eşitsem,diýişiñi "oglum"
Sorasa diýerdim ýeke haýyştym
Iñ bolmanda düýşde ýanymda bolgun
Bäşimow Toýly
11.03.25
Bu gün ýene şol gün,laýyk bir ýyl öñ
Ýagyş sil deý ýeri ezen ekeni
Meñ üçin iñ eziz mährem ejemi
Görüşim şol soñky gezek ekeni
Ýagyşly bir günde doglan ekeniñ
Ýagyş bilen soñlanypdy ömrüñ hem
Eje seniñ giden günüñden bäri
Öñkisi deý şatlananok göwnüm hem
Göwnüm şatlanarmy señ ýok ýeriñde
Şatlanmagymyñ düýp sebäbi bir sendiñ
Ömrüñ ýatlamaly ýowuz gününde
Eje saña goşgy ýazýar perzendiñ
Eýýäm bir ýyl,çalşyk etdi pasyllar
Ýenede mart geldi,ýakymly howa
Seniñ küýsegiñde derde batyrlan
Kalbym sen bolmasañ neneñsi ýylar
Geçsede aradan ençeme günler
Heniz hem senden jañ geläýjek ýaly
Göwnüm ýoklugyñy kabul edenok
"Geldim" diýip mähirli güläýjek ýaly
Wah eje,bir görsem mylaýym keşbiñ
Ýa-da birje eşitsem,diýişiñi "oglum"
Sorasa diýerdim ýeke haýyştym
Iñ bolmanda düýşde ýanymda bolgun
Bäşimow Toýly
11.03.25