“❤️ Saýtdaky reklamalary aýyrmak isleseňiz PREMIUM hasapdan peýdalanyň.❤️ ”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Yeketak.ru - ýenede siz bilen
Ýürekdeş sözler!
Yine özlerken uyuyakalmışım Sebastian, günaydın.

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Uruş.
 Betinden
 rexha [off]
 09.04.2024 / 23:19
 la principessa di papà💚🌸

Geliň, Özümizi köşeşdirmäliň,
Geliň, Ýüregmizi köşeşdirmäliň.
On sekiz ýaşynda giden ýigitler.
Otuz ýyl geçibem gelenok häli.
Dileg etdik gaýdyp gelerler diýip,
Gapak deý döşleri ençe ordenli.
Garaşdyk.
Garaşma kemin goýmadyk.
Eger geljek bolsa gelerçe boldy.
Geliň,
Hakykatyň gözne bakalyň,
Garaşyplar näçe ýyly ötürdik.
Gidenler borjuny ýerne ýetirdi,
Bizem borjumyzy ýerne ýetirdik.

Bir dosty Kiýewde ýazyldy ýere,
Ýene biri wepat boldy Oderde,
Ol bolsa bar Ýewropany aýlandy,
Ýewropa-da sag bol diýdi o merde.
Dogduk diýaryna dolandy esger,
Bir uly toý tutdy enesi pahyr.
Esgerler uruşda ölmeýär diňe,
Uruşdan gaýdybam gelinýär ahyr.
Ýöne uruşlaryň bir kadasy bar,
Ol gaýdyp gelene bermez karary:
Diriler gezip ýör, gysyp dişlerin,
Ölenleň ölmüne sebäpkär ýaly.

Oňa kyn söweşde ölendir öýdüp,
Uzak ýerde ýadygärlik dikdiler.
Ýyllar geçdi. Geldi öýüne gaýdyp.
Ýyldyz berip, Gahryman at dakdylar.
...Ine, dur ol öz-özüniň öňünde,
Olaň biri öli, birisi diri.
Şeýle bir gam dömdi garry göwünde,
Beýle gam çekmändi dogaly bäri.
Söweşende ärdi. Soňam ärdi ol.
Ýöne häzir bir ejize meňzeýär.
Öz öňünde çal başyny egýär ol,
Onuň öz öňünde nä günäsi bar?
Agyr gamdan ýere çümdi dyzlary,
Ol saňa sedasyz okady nälet.
Bireýýäm bitipdi tygyň yzlary.
Şindem öleňokmy?
Indikiň näme?..

Soldat ýüregi
Ol beýik Wolganyň sag kenaryndan
Alymlar tapdylar kaska, ýaragy,
Gapdalynda şindi ýere siňmedik
Ýatyrdy soldatyň urýan ýüregi.
Emaý bilen gazyp alyp gudraty,
Üýşdüler daşyna hersi bir ýerden.
Bu eziz howadan dem alan ýürek
Adam sesi bilen gürledi birden.
«Bu jepaly ýer astynda
Ýürek gaty kän.
Buýruk ýerne ýetirildi,
Ýoldaş kapitan!»


(G. Ezizowdan)


79

23

5

12

0

0

4
Teswirler:
 Gytyndan
 Aypipijik [off]
  #Pubg🫀🔫))ganymda záher bolsoñom dìne seni soyjek
 09.04.2024 / 23:22

+0

oňat

 Täzeje
 Мерет [off]
 10.04.2024 / 01:54

+0

Бах бирин бирин тирярар пахыр сонкы сетирлере дийсене, Йурек элендирип гитяр
"Буйрук ерине етирилди, Елдаш капитан!"
Бах наче адам мертлерче олди.. тазече ачышлар билен Беян эдишини дийсене ятан ери ягты болсунда Пахырын!

 Öwreniji
 zveezda [off]
  " Durmuşda özüňi gowy alyp bar! "
 10.04.2024 / 03:03

+0

Urus bolmasyn

 Özümiziňki
 Yekejelai [off]
  Halañokmy gatnaşma! 👌😏
 10.04.2024 / 17:56

+0

Gowy eken

 Gytyndan
 Aypipijik [off]
  #Pubg🫀🔫))ganymda záher bolsoñom dìne seni soyjek
 11.04.2024 / 01:32

+0

mmmm

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ölmän galan oglanjyklar


Gowy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ölmän galan oglanjyklar
BAYOGUL (Şugün, 02:01)

Ene yuregi


Gowy eken...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ene yuregi
BAYOGUL (Şugün, 01:59)

kakam barka


Başdaky sorag ýaly dünýäde manysyz sorag ýokdur. Muny bir üýtgeşik, täsin zat ýaly birsyhly soraýan düşünjesi kämilleşmedik, köplenç gybatçy bolu...dowamy...
Erkin mowzuklar | kakam barka
Muawiye (Şugün, 01:34)

ayal dogan


Men birinji like...dowamy...
Erkin mowzuklar | ayal dogan
BAYOGUL (Şugün, 01:22)

kakam barka


Mlds birinji like menden...dowamy...
Erkin mowzuklar | kakam barka
BAYOGUL (Şugün, 00:50)

Häzir bolmasa , hacan? (3nji bolum)


Dogry...dowamy...

Häzir bolmasa, hacan? (4nji bolum)


Like...dowamy...

Ene yuregi


Gaty gowy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ene yuregi
BAYOGUL (Şugün, 00:37)

Ene yuregi


Men birinji like...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ene yuregi
BAYOGUL (Şugün, 00:29)

Betbagyt gyz 5


1 2 3 4 ханы...dowamy...
Erkin mowzuklar | Betbagyt gyz 5
Aydogdyyewa (Şugün, 00:14)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика