Ýürekdeş sözler!
Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar
Erkin mowzuklar
Türkmenistanda GPON tehnologiýasy ornaşdyrylýar+5
Aşgabat şäher telefon ulgamy (AŞTU) ýokary tizlikli Internet bilen üpjün etmek üçin GPON (Gigabit passive optical network – gigabit passiw optiki tor ýa-da «müşderä çenli optika») tehnologiýasyny ornaşdyrmak boýunça netijeli iş alyp barýar.
Häzirki wagtda Aşgabat şäherinde GPON tehnologiýa ulgamynyň 17 941 nokady işleýär. GPON tehnologiýasyny ornaşdyrmagyň çäklerinde Arkadag şäherinde 20 müň telefon belgisi oturdyldy. Mu...dowamy...
xuliganka (07.02.2024 / 06:41) okaldy (149) teswirler (2)
Abu Aly Ibn Sina+4
Al-Hüseýin ibn Abdallah ibn Al-Hasan ibn Aly ibn Sina 980-1037-nji ýyllarda ýaşap geçen dünýä belli alymdyr. «Sina» sözi «dür deşiji» diýmegi aňladýar. Gündogar ýurtlarynda «Lukman Hekim» ady bilen tanalýar. Günbatarda onuň adynyň ahyrky «ibn Sina» bölegi ýoýlup, «Awensina» — «Awisenna» öwrülipdir.
Buharanyň Afşana obasynda doglan Ibn Sina çagalykdan ýatkeş, düşbi, başarjaň, zehinli bolupdyr. Ibn Sina kakasyna diňe kitap...dowamy...
xuliganka (07.02.2024 / 04:57) okaldy (149) teswirler (0)
Sere gelen setirler+6
Ýazyşyňdaky ýaly ýaşamasaň ýa-da ýaşaýşyň ýaly ýazmasaň, ýazýanyň çöl üstünden ösýän gury ýel ýaly gurak bolar.
* * *
Günüň kuýaş-nury bilen jümle-jahany ýagtylandyryşy ýaly, ýürekden çykýan, mylakatly aýdylan hoş söz we güler ýüz hem ähli köňülleri ýagtylandyrýar.
* * *
Diňlemekde öňde bol, geplemekde — soňda. Ine, şonda sen gowy adam bolup ýetişersiň.
* * *
Doň suwy gyzyl köz eredýär, doň ýüregi — gyzyla ga...dowamy...
xuliganka (07.02.2024 / 04:54) okaldy (127) teswirler (2)
Söýgi hakynda+5
Söýgi adamy döredijilige iterýär, täze-täze arzuwlara ýetmäge ganatlandyrýar.
Ýüregiň söýgä näçe baý bolsa, şonça-da ýaşaýşa höwesiň artýar.
Söýüp bagtly bolýana öýkünme, söýlüp bagtly bolmaga çalyş!
Zenanda mähir bolmasa, onda söýgi uzaga gitmez.
Söýmek — bu birek-birege däl-de, bilelikde bir ugra seretmekdir.
Men seni biziň kimdigimiz üçin däl-de, men seniň ýanyňda kimdigim üçin söýýärin.
Söýmek — diýmek adamy Allanyň ý...dowamy...
xuliganka (07.02.2024 / 04:51) okaldy (168) teswirler (0)
Ýürek namasy+5
Eje … seniň durmuşdaky ornuňy, perzentleriň kalbyndaky saňa söýgini dünýäde hiç zat bilen deňär ýaly däl. Sen biziň öýümizi gyşda bahar edip bilýän, gussalansak göwnümize şatlyk getirýän gudrat. Biz saňa söýgimizi kän dile almasak-da seni biçak söýýäris. Durmuşyň çarkandak ýollarynda başagaýsyrap ýörşümize daşymyzdan bakyp belki käteler bizden närazy bolýan bolmagyňam ahmal. Garşyňda oturyp bu sözleri aýdyp bilmedigim üçi...dowamy...
xuliganka (07.02.2024 / 04:46) okaldy (126) teswirler (2)
Iň gymmat metal altyn barada+4
Alymlaryň çaklamalary esasynda gelnen netijelere görä altyn ýer ýüzüne kosmosdan gelip düşen madda hasaplanýar. Kosmosdan ýa-da älem giňişliginden Ýer planetasyna gelip düşen asteroidleriň düzümi öwrenilende onuň düzüminde altynyň barlygy anyklanyldy. Arassa görnüşdäki altyn örän ýumşak material bolup ony el bilen hem deformirläp bolýar. Altynyň ýene-de bir aýratynlygy ony iýmit hökmünde peýdalanmak mümkindir. Altynyň teb...dowamy...
xuliganka (07.02.2024 / 04:41) okaldy (126) teswirler (0)
Tasinlikler+4
Şarikli ruçkalar ilkinji gezek 1945-nji ýylda satuwa çykdy. Şonda onuň
12 dollar bahasy bardy.
Puşkinde 70 epigraf bar. Gogol we Turgenýew 20 epigraf ulanypdyr.
Taýlandyň paýtagty Bangkokda her aýda piller bilen baglanyşykly ýol-transport hadysalarynyň ýigrimä golaýy bolýar. Bu äpet haýwanlaryň 1600-si her gün Bangkokuň köçelerine çykýar.
Soňky 500 ýylyň dowamynda Ýeriň agramy kosmiki serişdeleriň hasabyna bir milliard to...dowamy...
xuliganka (07.02.2024 / 04:36) okaldy (142) teswirler (0)
men ulakan ulakan adamlar bn dostlasasym gelyada+0
Salam arkandaslar onatmyn men ulakan adamlar bn dostlasasym gelya diyadim yone indi gerekdalow gerekdal ona gerekli zatlar sulardan duzulyar ekeni
1 pulyn kop bolsa
2 masyn mersi yada bwe
3 ejen kakan bolmaly
4 ulakanam gapjygyn bolmaly
5 sol gapjykda hem pul bolmaly
Gapjygyn gowrumam kamersant sunka yaly bolmaly egnina dal arka asylyan sumkamysyn!?
Mena doslajagam dalow sagbolunow diyip gaytdymay ay name kone dostlamdan...dowamy...
Akademik2 (06.02.2024 / 19:31) okaldy (119) teswirler (1)
..+8
Käbir aýallara melek diýýäňiz
Perişde diýýäňiz göçme manyda.
Düşünýän, wah ýöne meňzetmelerňiz,
Baranok olaryň golaý ýanyna.
Göçme manydaky meňzetmäňizden,
Kellejigi göçen käbir melekler.
Özlerini şeýle elýetmez öýder,
Soň özüne, boluşyna seretmez.
Onsaň şulaň bary ýadyma düşse,
Iki baka çarp urýaryn telbe dek.
Siz aýdyň, aýal niçik bir melek.
Mysal üçin Ezraýylam bir melek.
Siziň melek diýýän zenanlaryňyz,
Sözüň do...dowamy...
zveezda (06.02.2024 / 11:33) okaldy (169) teswirler (6)
Gurbannazar Ezizow +4
Tanyşlyk Men kyrk ýaşyma ýetýänçäm, megerem, ondanam soňrak ideal, ýagny kämil adamlary gözledim. Bu gözleg belli bir senet, kär, talant babatda däldi-de, tutuş adamkärçilik kompleksi babatdady. Ykbal meni gowy, talantly adamlar bilen duşurdy. Olaryň käbirini ilkibada kämil hasaplaýardym. Emma häsiýetiň açyldygyça, şol kämil diýip hasaplan adamlarym-da nähilidir bir ýetmezçilikler duýulýardy... Şol ýetmezçilikleri g...dowamy...
Plany (05.02.2024 / 17:37) okaldy (140) teswirler (1)
Söygi hakynda iň romantik setirler we sözler+6
...Söýgi diýmek şol duýgunyñ manysyn
Düşündirmek kyn bolanda söýgüdir.
Düşündirip bolýan zatlaryñ bary
Söýgi däl,biz muny owaldan bilýäs.
Söýgi galaryñdan beýikdir beýik
Söýgi boýlaryñdan çuñurakdyr has.
********
Söýgiden gelýäris,barýarys söýgä
Ýerden döräp,ýere gidilşi ýaly...
Gurbannazar Ezizow.
****
Söýgi dälilikdir.Däliniñ bolsa
Dürs çykarmyş müñ gepinden bir gepi.
Alda meni,näçe isleseñ alda
Ýöne bildirmesin ýal...dowamy...
Plany (05.02.2024 / 13:17) okaldy (139) teswirler (3)
.....+2
Ýasamalyklardan ýadasa kalbym,
Hakykaty boýun alyp bilmesem,
Gözlerimden biygtyýar ýaş aksa,
Düşündirip ýa düşünip bilmesem.
Söýgimi,gaýgymy gizläp gursakda,
Hantama bolamda azajyk söýgä,
Hem mähriňe zar bolsam her pursatda,
Kätelerim azaşaýsa duýgulam,
Şonda,düşünmesem özüm-özüme,
Ýaşajak bolamda öýkünüp özgä,
Ýalan bilen ýylgyrýanlygym üçin
Bagyşla...
Kalbyma düşnüksiz gussa çöküpdir,
Men ýüregmi juda aýasym gelýär.
Düş...dowamy...
Shirin (05.02.2024 / 11:01) okaldy (111) teswirler (0)
Eje+0
Agyr eken, durmuş ýüki çekerden,
Durmuşdan men juda ýadadym, eje!
Durmuş allaryna öwrüm gurardan,
Men juda, men juda sadadym, eje!
Sadalygy niçik guýdyñ kalbyma,
Ýa-da meniñ hamyrmaýam şolmydy.
Sadalykdan ejir çekdim her zaman,
Synan göwnim, öñde-soñda gülmedi.
Göwnüm ýaly göwün tapman jahanda,
Urundym, çar ýana galgadym, eje!
Ynjytmajak bolup emen ak süýdüm,
Gizlenip kän gezek agladym eje!
Ynandym ýalanlar, allar ý...dowamy...
Shirin (05.02.2024 / 10:59) okaldy (128) teswirler (0)
Hökmän ahyrzaman gerekmi #Perhadik #Teswir galdyryň+1
Uniwersitetleriň birinde mugallym sapaga şeýle başlaýar:
- Pikir ediň şugün dünýäniň iň soňky güni, ertir ahyrzaman diýeli. Indi bugün näme ederdiňiz?
Talyplaryň hersi jogap berip başlaýar:
- Soňky günüm bolsada namaza başlap, Alladan günälerimiň geçmegini dilärdim.
- Söýen adamym bilen razylaşardym.
- Maşgalam bilen wagtymy geçirerdim.
- Dostlarym bilen çagalykdaky ýaly futbol oýnardym.
- Günüň batyşyny we doguşyny synla...dowamy...
Perhatsabirovv (05.02.2024 / 01:40) okaldy (110) teswirler (2)
''MEN BAGT AHYRYN!..''+2
Bagt näme?” diýýäňmi?!
Men-dä şol!
Seret gözüme!
Şu çaka çen aňmadyňmy?!
Gije-gündiz salgy:m tapman,
Kalbyň dara bagladyňmy?
Gyw, dur, duraweri!
Onçakly uzagam-a däl,
Ses ýetimlik golaýyňda.
“Duýdurmadyň” diýýäňmi?!
Men Bagt ahyryn!
Biraz syrly bolaýyn-da!
Indi duýduň.
Gaçmagymam ahmal
Badyhowa ýeller bilen.
Ýet-dä hany, ýetebilseň,
Geçebilseň özgelerden!
“Garaş!” diýme, men has gedem
Seniň üçin özgererden.
Durnuksyzlyk...dowamy...
Plany (05.02.2024 / 01:04) okaldy (116) teswirler (0)
Magtymguly Pyragy - ady äleme dolan söz ussady+2
Döwürler geçip, döwranlar geldigiçe Magtymgulynyň sarpasy jahana ýaýrar. Çünki ol döwürleriň, ömürleriň, göwünleriň şahyryna öwrülip, bakylyga ýol salan mirasy nesillere galdyrdy. Türkmeniň ruhy dünýäsiniň, edebiýatynyň, medeniýetiniň, ylmynyň hem-de nesil terbiýesiniň milli öwüşginde kemala gelmeginde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömrüniň we döredijiliginiň ähmiýeti juda uludyr.
Ady äleme dolan beýik söz...dowamy...
Plany (04.02.2024 / 19:59) okaldy (136) teswirler (0)
Telefon barada gyzykly maglumatlar+3
Telefon ulanyşynyza seredin we häsiýetinizi bilin.
Smartfon we häsiýet barada psihologik test.
1. Smartfony sag elinin başam barmagy bilen ulanýan adamlar.
Hünärmenlerin pikirine gorä, smartfonynyzyn elinizin başam barmagy bilen dolandyrmagy makul bilýän bolsanyz,onda sizde gaty ýokary ynam koeffisiýenti bar.Bu bolsa omrünizin dowamynda hiç zat hakda pikir etmän uly towekgelçilik edip,islän zadynyz üçin akylly hereket edi...dowamy...
Plany (04.02.2024 / 19:50) okaldy (129) teswirler (0)
Adamyn gözi barada+3
- Adamyň her bir gözi 107 million töweregi ýagtylyga duýgur öýjükleri özünde jemleýär;
- Adam gözi açyk ýagdaýynda asgyryp bilmeýär;
- Takmynan 10 000 ýyl mundan ozal ýer şaryndaky ähli adamlaryň gözleriniň reňkleri goňur bolupdyr;
- Gözlerimiziň diametri 2.5 santimetr bolup, onuň agramy 8 grama barabardyr. Kitleriň gözüniň agramy bolsa 1 kilograma barabardyr;
- Adam ortaça ömrüniň dowamynda 24 million töweregi şek...dowamy...
Plany (04.02.2024 / 19:05) okaldy (112) teswirler (0)
Öýkelekler Üčin+4
Öýkelemek näme bilýäñizmi? Gowy görýän adamlaryňdan öýkelenilýär.
Öýkelemek dogruçylykdyr.
Öýkelemek çaga ýaly bolmakdyr.
Öýkelemek "seni söýýän" diýmekdir.
Öýkelemek ondan ayrylyp bilmezlikdir. "Öýkeledim ýöne men saňa garaşyan" diýmekdir.
Öýkelemek özüňe ýakyn saýmakdyr. Öýkelemek umyt etmekdir.
Garaz öýkelemeklige erbet göz bilen seretmäň!
Öýkelegiňiz barmy araňyzda❔⁉❓...dowamy...
imissyou (04.02.2024 / 18:09) okaldy (129) teswirler (3)
Ene mukaddesligine çäksiz hormat+1
Ata Watanymyzda mähriban ene-mamalarymyza, gelin-gyzlarymyza sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak, edep-ekramyna, durmuş ýörelgelerine aýratyn söýgi we hormat bilen garamak müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýar. Öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy, durmuşymyzyň bezegi bolan zenanlarymyz asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip kämil derejä ýetirilen däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirmek bilen, ykdysadyýetimi...dowamy...
Ata Watanymyzda mähriban ene-mamalarymyza, gelin-gyzlarymyza sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak, edep-ekramyna, durmuş ýörelgelerine aýratyn söýgi we hormat bilen garamak müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýar. Öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy, durmuşymyzyň bezegi bolan zenanlarymyz asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip kämil derejä ýetirilen däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirmek bilen, ykdysadyýetimi...dowamy...Shatlyk (03.02.2024 / 18:25) okaldy (116) teswirler (1)
Jemi: 739
Soňky teswirler
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Outlier (30.07.2026 / 06:29)
Outlier (30.07.2026 / 06:29)
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Belki (26.07.2026 / 10:12)
Belki (26.07.2026 / 10:12)
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️
