Ýürekdeş sözler!
boshver : Ýeri men òzgàni sòýemde nàme? Oñ ýeriñde señ keşbiñi gòrsem.. Tàze pursatlara ynanyp bilmàn, kòne duýgulara allanyp ýòrsem.. Ýùregim iki dàl emma hakykat òzge bilen bagtly diýmànem bilmen. Señ màhriñi ýene duýmaklyk ùçin, howwa-a-a.. Men òzgàni sòýmànem bilmen..
Erkin mowzuklar
Özüm hakynda anyk faktlardan düzülen degişmejikler7+3
Bir hakykat:-saña gowşurylan güller 10müñ manat, 20müñ manat, 30müñ manada satyn alynmandy... Olar öz mekdebimiziñ bagyndandy...) ***************** Men 8-nji synpda seniñ rus dili sapagynda maňa bakyp “ýa tebya lýublýu” diýen sözüne,10-njy synpda düşünip "ýa toje lýublýu" diýip jogap beripdim... Emma giçdi ol wagt sen özüñe paren tapynypdyñ.. ************** “Bizi plan mugallym okadan bolsa gowy okardyk, plan mugallym...
dowamy...Aypipijik (05.02.2024 / 11:54) okaldy (194) teswirler (2)
Ärsary gyzy..+0
"Hoş geldiñiz" diýdiñ güler ýüz bilen,
Sary reñk köýnegiñ ýatlatdy güýzi.
Waspyñy aýdaýyn ajap söz bilen,
Gül bilen bäsleşen Ärsary gyzy.
Hyzmata başladyñ ýazyp saçagyñ,
Ýüzüñi gizledi gürje seçegiñ,
Tüýs diýýän gyzyda meniñ ejemiñ,
Bakyşy kalp deşer,Ärsary gyzy.
Goýduñ ses çykarman çaýly çäýnegi,
Has gowy synladym dakyp äýnegi,
Her näçe baksam-da tapmadym kemi,
Edebi görk goşar,Ärsary gyzy
"Myhmansöýerligñiz öñdenem b...
dowamy...Aypipijik (05.02.2024 / 11:48) okaldy (108) teswirler (0)
Husydyň söýgüsi+0
Men seni söýýärin,çaksyz söýýärin,Bermesem-de saña desse-desse gül.Özüñe, özüñi berip bolsady,Bolardyñ ýeke däl, esse-esse gül.Duýgularym begdi,ýeñles başyma,Olaram söýgiñe bolupdyrlar gul.Gurbany bolaryn duýgularymyñ,Galmasynlar garyp ýüregimde dul...Men seni söýýärin,çaksyz söýýärin,Hernä söýmek üçin soralanok pul....
dowamy...Aypipijik (05.02.2024 / 11:29) okaldy (113) teswirler (1)
.....+2
Ýasamalyklardan ýadasa kalbym,
Hakykaty boýun alyp bilmesem,
Gözlerimden biygtyýar ýaş aksa,
Düşündirip ýa düşünip bilmesem.
Söýgimi,gaýgymy gizläp gursakda,
Hantama bolamda azajyk söýgä,
Hem mähriňe zar bolsam her pursatda,
Kätelerim azaşaýsa duýgulam,
Şonda,düşünmesem özüm-özüme,
Ýaşajak bolamda öýkünüp özgä,
Ýalan bilen ýylgyrýanlygym üçin
Bagyşla...
Kalbyma düşnüksiz gussa çöküpdir,
Men ýüregmi juda aýasym gelýär.
Düş...
dowamy...Shirin (05.02.2024 / 11:01) okaldy (110) teswirler (0)
Eje+0
Agyr eken, durmuş ýüki çekerden,
Durmuşdan men juda ýadadym, eje!
Durmuş allaryna öwrüm gurardan,
Men juda, men juda sadadym, eje!
Sadalygy niçik guýdyñ kalbyma,
Ýa-da meniñ hamyrmaýam şolmydy.
Sadalykdan ejir çekdim her zaman,
Synan göwnim, öñde-soñda gülmedi.
Göwnüm ýaly göwün tapman jahanda,
Urundym, çar ýana galgadym, eje!
Ynjytmajak bolup emen ak süýdüm,
Gizlenip kän gezek agladym eje!
Ynandym ýalanlar, allar ý...
dowamy...Shirin (05.02.2024 / 10:59) okaldy (109) teswirler (0)
Hökmän ahyrzaman gerekmi #Perhadik #Teswir galdyryň+1
Uniwersitetleriň birinde mugallym sapaga şeýle başlaýar:
- Pikir ediň şugün dünýäniň iň soňky güni, ertir ahyrzaman diýeli. Indi bugün näme ederdiňiz?
Talyplaryň hersi jogap berip başlaýar:
- Soňky günüm bolsada namaza başlap, Alladan günälerimiň geçmegini dilärdim.
- Söýen adamym bilen razylaşardym.
- Maşgalam bilen wagtymy geçirerdim.
- Dostlarym bilen çagalykdaky ýaly futbol oýnardym.
- Günüň batyşyny we doguşyny synla...
dowamy...Perhatsabirovv (05.02.2024 / 01:40) okaldy (149) teswirler (2)
''MEN BAGT AHYRYN!..''+2
Bagt näme?” diýýäňmi?!
Men-dä şol!
Seret gözüme!
Şu çaka çen aňmadyňmy?!
Gije-gündiz salgy:m tapman,
Kalbyň dara bagladyňmy?
Gyw, dur, duraweri!
Onçakly uzagam-a däl,
Ses ýetimlik golaýyňda.
“Duýdurmadyň” diýýäňmi?!
Men Bagt ahyryn!
Biraz syrly bolaýyn-da!
Indi duýduň.
Gaçmagymam ahmal
Badyhowa ýeller bilen.
Ýet-dä hany, ýetebilseň,
Geçebilseň özgelerden!
“Garaş!” diýme, men has gedem
Seniň üçin özgererden.
Durnuksyzlyk...
dowamy...Plany (05.02.2024 / 01:04) okaldy (132) teswirler (0)
Nebis+3
Göwnüm Nýu Ýorkda uçýar,
Göwräm bolsa obada.
Göwnüm BMW-de uçýar,
Emma özüm wolgada
Göwnüm ýyldyzy islär,
Emmaaýagym ýerde.
Göwnüm alymlyk islär,
Ýöne zat ýok bu serde
Göwnüm Ýewropa islär,
Emma göwräm Azýada.
Göwnüm dem almak islär,
Krymda,Antalýada
Ýüregim söýgi islär,
Ýöne mydam gaýgyda.
Göwnüm Gimalaý islär,
Kä-te ondan beýgi-de.
Göwnüm rahatlyk islär,
Emma başym gowgaly.
Gowgalyja başym bar,
Özem ejiz göwreli.
G...
dowamy...Aypipijik (05.02.2024 / 00:32) okaldy (116) teswirler (0)
Ýatlama+2
Ýeke goýup gitdiñ,duýmady asman, Bulutlar sarsmady,ýagmady ýagyş. Ýöne gözýaşlardan öllendi desmal, Ýüregme çekildi ot bilen nagyş. Ýeke goýup gitdiñ,duýmady şemal, Süññi sarsyp ýetişmedi agaçlañ. Ýöne ömrüñ şatlyk,gülkisi kemäp, Gidişin synladym ýaz çagy guşlañ. Ýeke goýup gitdiñ,duýmady dünýä, Millýardalar ýaşap ýör,bir maña ýer dar .Hemem gohly durmuş,dymyk görünýär, Sagat dilleriniñ ýöreýşi myrtar. Ý...
dowamy...Aypipijik (04.02.2024 / 23:37) okaldy (125) teswirler (0)
Awtomatyň içgepletmesi+0
Ynsanyýetiñ bet pälinden döredim, Döredim olaryñ ýigrençlerinden. Ýaratdyñyz meni,Indi goranyñ! Dünýäde görkezjek elhençligimden. Bir okum jemlejek,bir uly ömri, Ýogsa ömür nirde,ýeke ok nirde. Islegim boýunça edýändir öýtýäñ, Ýalñyşma!Ýaşap gör dünýäme girde... Aslynda nebsiñiz bar zada sebäp, Nä zaryñ dünýäni sorajak bolup? Ýogsa ynan, meñ üçinem añsat däl, Müñi gyrýan, birin gorajak bolup.. Meniñem ar...
dowamy...Aypipijik (04.02.2024 / 23:08) okaldy (105) teswirler (0)
Imo geleni bäri..(Nuryşka öýkünme)+1
Garyn doly doýanok, Imo geleni bäri. Girmesek erk goýanok, Imo geleni bäri. Öñler eşik geýerdik, Ondan artsa iýerdik, Ine şolaram goýduk, Imo geleni bäri. Gije görülenok düýş, Irden ýuwulanok diş, Ýatdan çykyp barýar iş, Imo geleni bäri. Imo girýär aýaly, Köp zatlarda hyýaly, Naharsyz otyr äri, Imo geleni bäri. Öñler teññe oýnardyk, Öñler leññe oýnardyk, Olardan dawno ardyk, Imo geleni bäri....
dowamy...Aypipijik (04.02.2024 / 23:05) okaldy (119) teswirler (1)
Geçmegiň gerek...+0
Belany iterse seniñ üstüñe, Eger ot bolsañ-da öçmegiñ gerek. Duşman duzak gursa düşüp kassyña, Ondan köpri gurup geçmegiñ gerek .Mañlaýña ýazylsa bir nadan aýal, Ejeñden geçmegñe ýüwürtse hyýal, Meni diñle, gepim hiç etmez zyýan, Oña çykyş gapyñ açmagyñ gerek. Goñşy saýlamakda asla utulma, Eger zalym bolsa ýokdur gutulma, Ýok!Bar ýaly alaç bu agyr zulma, O ýerden basymrak göçmegiñ gerek. Ýañsylasa eger b...
dowamy...Aypipijik (04.02.2024 / 22:58) okaldy (107) teswirler (0)
Gitdiň Sen!(Boksyñ şasy Muhammed Aliniñ ýagty ýadygärligne)+0
Bir agyr sportyñ täjini geýip, Ýüreklere nagyş çekip gitdiñ sen! Kebelek deý ýeñil uçmagy söýüp, Ary deý duýdansyz çakyp gitdiñ sen! On sekiz ýaşyñda dakynyp medal, Garşydaşlaryñda goýmadyñ mydar, Seniñ urgularña diñe Döw çydar, Ondan galanlarny ýykyp gitdiñ sen! Bat alyp ugranda maksat-myradyñ, Muhammede çalşyp Marcellus adyñ, Göterdiñ Yslamyñ bir gez şöhratyn, Din öñünde dyza çöküp gitdiñ sen! Diýdiñ:“...
dowamy...Aypipijik (04.02.2024 / 22:54) okaldy (102) teswirler (0)
Rubagylar+1
Başyma gonanda ylham humary, Kelleden aýyryp derdi, dumany. Käsesinden şerap dadyp Haýýamyñ, “Gel ýazyp göreýin” diýdim rubagy ******************************************* Dagdan bir daş alsañ, asla peselmez, Daga bir daş goşsañ, asla eselmez. Dünýä geleninde ryskly geleniñ, Tä mundan gitýänçä rysky kesilmez. ******************************************* Başyma uranda yşgyñ heseri, Aýdym aýtdym,düzdüm ýüzläp eseri...
dowamy...Aypipijik (04.02.2024 / 21:44) okaldy (141) teswirler (1)
Wada+0
Gara gözleriñde mertligñi gördüm, Aladasyn gördüm soñky ykbalyñ. Gözlerden syrygyp suwun akdyran, Bu nähili durmuş,neneñsi zalym? Ýanan ynsanlaryñ akly jemlense, Şahyram däl belki bolardym alym... Gözleri doýmazak akmak ataña, Sowgat etdiñ dünýäñ baýlygyn, malyn. Hiç kime gyzyksyz,seniñ durmuşyñ, Toýdan soñky ömrüñ,soñky ahwalyñ. At aldyñ obada,wah garamañlaý, Ýaş aýaly bolup,bir baýja çalyñ. Ne güne sal...
dowamy...Aypipijik (04.02.2024 / 21:38) okaldy (101) teswirler (0)
Durmuş hakda ýazmajak bolup, Durmuş hakda..+0
Irden turup gara kofeñ badyna, Galam alyp bir-iki bent ýazaýyn. Söýgi,durmuş,dostluk atly ummanlañ, Aýdyñ dostlar haýsysynda ýüzeýin? Söýgi ummanynda ýüzeýin diýsem, Ýüzüp ýören müñ däl,milýon ekeni. Düýnjek süýdi taşlap,çörege başlan, Çaga “Şöýýän” diýip bilýän ekeni... Durmuş ummanynda ýüzeýin diýsem, Sakçylar ol ýere ibermediler. “Entek irräk geldiñ dolan yzyña, Ýeke özüñ gark bolarsyñ”diýdiler. Dostl...
dowamy...Aypipijik (04.02.2024 / 21:31) okaldy (118) teswirler (1)
Men bu gije uklamadym...+0
Men bu gije uklamadym, Uklatmady köne derdim. Yatmak isläp gözüm ýumdum, Wahh bolmady,seni gördüm. Men bu gije uklamadym, Düýn gijede men ýatmadym. Bu wepasyz ýalançyda, Söýgide-de men utmadym. Men bu gije uklamadym, Belki ertirem ýatmaryn. A sen özgäñ gujagynda, Ynjalykly ýat arkaýyn .Men bu gije uklamadym, Belki hijem uklamaryn. Sorag jogap gelen pursat,Men ozümi aklamaryn, Aklar meni şo pursatda,...
dowamy...Aypipijik (04.02.2024 / 21:29) okaldy (120) teswirler (0)
Özüm hakynda anyk faktlardan düzülen degişmejikler 6+1
Ejemiñ “Seni adam edip bilmedimdä...”diýenökünji meniñ gulagymda galypdyr... Men ony ilkinji nobatda şol arzuwna ýetiräýmeli...)
********************************************
Men gowy goşgy ýazyp bilýän däldirin belki... Şonuñ üçinem bu käri taşlamagy maña birnäçe adamlar maslahat berdi... Bilýäñizmi nämeüçin bu geplere seretmezden ýene-de ýazyp ýörün? Jogaby ýönekeýje: “Ýaz Senden bir zat çykar”diýip goldaw berýänler olar...
dowamy...Aypipijik (04.02.2024 / 21:25) okaldy (141) teswirler (0)
Magtymguly Pyragy - ady äleme dolan söz ussady+2
Döwürler geçip, döwranlar geldigiçe Magtymgulynyň sarpasy jahana ýaýrar. Çünki ol döwürleriň, ömürleriň, göwünleriň şahyryna öwrülip, bakylyga ýol salan mirasy nesillere galdyrdy. Türkmeniň ruhy dünýäsiniň, edebiýatynyň, medeniýetiniň, ylmynyň hem-de nesil terbiýesiniň milli öwüşginde kemala gelmeginde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömrüniň we döredijiliginiň ähmiýeti juda uludyr.
Ady äleme dolan beýik söz...
dowamy...Plany (04.02.2024 / 19:59) okaldy (110) teswirler (0)
Telefon barada gyzykly maglumatlar+3
Telefon ulanyşynyza seredin we häsiýetinizi bilin.
Smartfon we häsiýet barada psihologik test.
1. Smartfony sag elinin başam barmagy bilen ulanýan adamlar.
Hünärmenlerin pikirine gorä, smartfonynyzyn elinizin başam barmagy bilen dolandyrmagy makul bilýän bolsanyz,onda sizde gaty ýokary ynam koeffisiýenti bar.Bu bolsa omrünizin dowamynda hiç zat hakda pikir etmän uly towekgelçilik edip,islän zadynyz üçin akylly hereket edi...
dowamy...Plany (04.02.2024 / 19:50) okaldy (150) teswirler (0)
Jemi: 2061
Soňky teswirler
Soragnama logiki
1. Mesele. Mysal. Gönükme. Deňleme.
2. Eýesiz söz gybatdyr.
3. Bäbekli bolan gelin.
4. A) Bir ýanda Hudaý bar, bir ýanda şeýtan,
B) Peýdadan g...
dowamy...Soragnama logiki
1) Mesele 3) Bâbek 4) A) bir ýanda Hudaý bar bir ýanda şeýtan B) peýdadan geç haýyrdan geç şerden geç 5) OK...
dowamy...)😁Degisme
Öňem bir daşary ýurt degişmesi bara...
Bir döwletde syýasy gapma-garşylyklaryň güýçlenen günlerinde bir edara işgäri ikiýüzlilik edip kommunistle...
dowamy...
Ýokaryk