“❤️ Saýtdaky reklamalary aýyrmak isleseňiz PREMIUM hasapdan peýdalanyň.❤️ ”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Yeketak.ru - ýenede siz bilen
Ýürekdeş sözler!
Duşman syryñy ogurlar, dost ýalñyşyñy dogurlar

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Çäk
 Özümiziňki
 Belki [off]
 11.04.2024 / 06:58
 Ýüreğinden yaralı bizim hikayemiz...

Çäk (oýlanma)


Giden pursadyňdaky sessiz galan dymmalarymyň içinde, ruhumyň: "meni öldüren sen bolma..." diýip seslenişleri bardy. Duýmadyň..
Hiç kimsiz galmakdan gorkýan ruhymy, şol gün sansyz köpçüligiň içinde ýitirdim.
Bir gün ölsem hem ruhumyň "ölümsiz" bolmagyny isleýän 20 ýaşly men, bugün ruhymy ýitiren jesedim bilen bu sözleri ýazýan. Gideniňden soň ýüregime esli wagt bäri ýesir alnan käbir isleglerim babatda, çak edişimden hem aşa talapkär bolanyma göz ýetirdim. Sebäbi hem "seni" (ýagny asla maňa degişli bolmadyk adamy) söýüp, hem-de ruhumyň "ölümsiz" bolmagyny islemek, isleglerimiň "çäk" diýen zatdan binesip galandygyny aňlatmaýarmy?
Göräýmäge ýönekeý söz ýaly duýulýan bu "Çäk" sözi bizi birbada köp erbetliklerden saklamak bilen bir hatarda, gör niçeme ynsanlaryň hyýallaryny gursaklarynda garradandyr. Emma men näçe islesem hemsaňa bolan duýgularyma çäk goýmagy başarmadym. Men seni söýmekde çäkden çykanymy, sensiz garşy alan günumiň säherinde "ýoklugyň ýüregime uran ajy şarpygyndan" soňra duýdum.
Şahyr aýtmyşlaýyn: "Bir ynsany aşa söýmekligiň hasaby-ol ynsanyň ýoklugy bilen tölener". Pikrimçe men bu söýgüniň hasabyny tölemegimiň dowamlylygy bir ömrüme gider we munuň jezasy: ikimiziň asla "biz" bolup bilmezligimiz bilen çäklener.

© Abat AŞYRGELDIÝEWA


48

15

5

5

1

0

0
Teswirler:
 Gytyndan
 Aypipijik [off]
  #Pubg🫀🔫))ganymda záher bolsoñom dìne seni soyjek
 11.04.2024 / 10:21

+0

 Betinden
 rexha [off]
  la principessa di papà💚🌸
 11.04.2024 / 10:53

+0

Dogry. Çäk goýmagy başarmaly gatnaşyklarda,duýgularda we ş.m

 Betinden
 rexha [off]
  la principessa di papà💚🌸
 11.04.2024 / 10:54

+0

Gowy ýazylypdyr. 👍

 Gerekli
 imissyou [off]
  Ben kabuk tutan yaramı bir kez daha Kanatmam..!!!
 11.04.2024 / 14:51

+0

 Premium
 Dreamfull [off]
  Цамие лутшие сказки живут наших сердцах
 12.04.2024 / 18:09

+0

Yazjy ozim yaly duydumay)

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

kakam barka


Başdaky sorag ýaly dünýäde manysyz sorag ýokdur. Muny bir üýtgeşik, täsin zat ýaly birsyhly soraýan düşünjesi kämilleşmedik, köplenç gybatçy bolu...dowamy...
Erkin mowzuklar | kakam barka
Muawiye (Şugün, 01:34)

ayal dogan


Men birinji like...dowamy...
Erkin mowzuklar | ayal dogan
BAYOGUL (Şugün, 01:22)

kakam barka


Mlds birinji like menden...dowamy...
Erkin mowzuklar | kakam barka
BAYOGUL (Şugün, 00:50)

Häzir bolmasa , hacan? (3nji bolum)


Dogry...dowamy...

Häzir bolmasa, hacan? (4nji bolum)


Like...dowamy...

Ene yuregi


Gaty gowy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ene yuregi
BAYOGUL (Şugün, 00:37)

Ene yuregi


Men birinji like...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ene yuregi
BAYOGUL (Şugün, 00:29)

Betbagyt gyz 5


1 2 3 4 ханы...dowamy...
Erkin mowzuklar | Betbagyt gyz 5
Aydogdyyewa (Şugün, 00:14)

Ölmän galan oglanjyklar


Yo gowa sps...dowamy...

Ajy hakykat!


Gowy eken...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ajy hakykat!
BAYOGUL (Düýn, 23:24)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика