“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
👉 Tanyşlyk Chat (üstüne bas)👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Ýürekdeş sözler!
yureksiz : Bir göz, bir göze nämeler düşündirip biler bilemok. Ýöne bir söz bir gözi ýyllar agladyp biler..#.fileo

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Şygyryýet dünýäsi
Mowzuk açmak
Gosha juwan+2
Ýeke dogýar eneden, Ýeke-de ölýär ynsan". Diýen pelsepäñ bilen. Asla ylalaşmaýan. Ekiz taýy hasap däl, Ony mysal aljak däl... Ýöne ýañky pikirñe, $ärik bolup biljek däl. Gyz maşgala dogulsa, $übhesiz sheýle bolyar: Şol gyz üçiin nirededir, Taý oglanam dogulýar. Şol gyz bilen şol oglan, Alyp görsek, aslynda, Dünýäniñ başlangyjy, Hem dowamy neslinde... Gep şol gerekli gyzy Ýigidiñ tapmagynda, Iki uly arzuwyñ, Ykbaly çatmagy...dowamy...
Hoş gal+5
Hoş gal, göwni bölegim! Hoş gal! Mundan beýläk çekmäli ejir! Gamly pikirsizem ýaşap göreýin, Senem günleriňi şatlykda geçir! Aý dolanda, ýekelikde synlaýyn, Senem düşün, täk başym bar meniňem. Hatda, indi düýşüme-de girme-de, Bolup törde uz ýaşynýan gelinim. Hoş gal, söýgim! Hoş gal, kalby gubarlym! Hoş gal! Hoşlaşmaga ýaýdanmaly hiç! Geçilmeli ýol uzakdyr, belki-de, Ykbalyma meňzeş ykballa deňiç. Aslynda ne...dowamy...
Watan, bu jan saňa gurbanym bolsyn!+4
Göbek ganym damyp göz açan ýerim, Watan bu jan saňa gurbanym bolsyn. Ädim atyp, ýöräp dil açan ýerim, Watan bu jan saňa gurbanym bolsyn! Ýaşyl tugumyz bar buýsanç dagymyz, Ählimizde birdir damar ganymyz, Arkamyzda bardyr Arkadagymyz, Watan, bu jan saňa gurbanym bolsyn! Saňa şek ýetirsem gurasyn elim, Saňa dil ýetirsem gurasyn dilim, Seniň bilen rahat, alýan her demim Watan, bu jan saňa gurbanym bolsyn! 5 welayatyň bar...dowamy...
🍂🍂🍂+3
Gitdin baky söýgim baky depeläp Söýüpdim ýürekden gorap apalap Ýanýan ýüregime garyn sepelap Git ýoklygyn kalba hemaýat bolsyn Aglaryn ejizläp bary bir hepde Sen dünýami tümlik etdiň bir gepde Ýüzümde ýylgyrşy yz yza seplap Ýylgyrşym görkime hemaýat bolsyn Söýdim seni salyp ýürek törime Bu gün goýdun başga birin ýerime Indi o:d yzasy ötmez tenime Git gidişin güýje hemaýat bolsyn Ýöne senem belle yeke täk dälsiñ Sen ýa...dowamy...
Käbäm ejem ömriň has uzak bolsyn.+3
Mähriban ejemjan ömre melhemim In ýakyn ynsanym goldaw hemdemim Seniň üçin alýaryn men her demim Käbäm ejem ömriñ has uzak bolsyn Ýüziňden ýylgyryş ýitmesin daýym Seň üçin janymy bermäge taýyn Bagryňa bas gujagyňda ýylaýyn Käbäm ejem ömriñ has uzak bolsyn 4 perzendi dünýä beren jennetsiň Bir ýylgyrşyň bu älemi gülletsin Ählimize bagtly durmuş diläp sen Käbäm ejem ömriñ has uzak bolsyn Guwan çagalaryň baky bagtyna Seni...dowamy...
Söýmedik bolsa...+3
Cekmezdim jepasyn, harlanan soygun, Kate seni gozlem gormedik bolsa, Pidasy bolmazdym sol nazik duygyn, Kate seni gozlem gormedik bolsa. Girdin yuregime, ornadyn makam, Duymazdym agrymy yanymda barkan, Beyle hasratlarda galmazdym belkam Kasga dillem “soyyan” diymedik bolsa. Orun aldyn, baky galdyn sol yerde, Gitdinle soyenin goyup mun derde, Name yaman gordun aytsana mende, Gozlen mende yalan gormedik bolsa. Unutdym bar z...dowamy...
18 yashym!+3
Ýüregiñ böküp dur,dünýä sygañok, Sähel zada gülen 18 ýashym.Uly dünýä bir garaýşa degenok, Wah,özgesi ýalan 18 ýashym! Duýmandyryn ,neneñ,niçik geçeniñ, Bir toýlarda,tans oýnap ,serden geçenim, Şol gözeliñ ,gözlerine gaçanym, Girdaba gark bolan 18 ýashym! Çolaşasyň geldi ,dilber näzine, Sataşasyň geldi ,söýen gyzyňa, Biygtyýar düşdiñ gitdiñ yzyna, Ýatlamadan gelen 18 ýashym! Göz astyndan, ogryn-ogryn bakmalar, Wada ber...dowamy...
.....yonekey yazgy...+0
Kawagyt yonekey bolasym gelya, Yonekeyligi dap edesim gelya, Aramyza seytan gosulyp yene, Gedem hasyetlere akidip goya. Yonekey bolupdyr atam pahyram, Yonekey bolupdyr kakam ejemem, Pikirlenip otyrsam men ka mahal, Yonekeyligem bir sungat yaly eken. Yonekey bolmana howlugyn sizem, Ka wagyt yonekeylik gerek manada, Gerekli sanada ona hada hemmade, Yonekeylik bilen yetilya bagta...dowamy...
Bolmajak zatlary etmäli arzuw...+15
Bolmajak zatlary etmäli arzuw. Gel,boljak zatlary gürrüñ edeli. Goý,bitmän galmasyn ýekeje parzyñ, Baryn bitirmäge düzgün edeli. El sermäli,barka namys-arymyz. Sen bilýäñ-ä,bir-biregiñ zary biz. Gülläp durka ''Söýgi'' atly bagymyz. Her gülün al-ýashyl,gülgün edeli. Birden-ä alysda,birdenem ýakyn. Sensiz maña agyr,sensiz maña kyn. Dowamynda ''Durmush''atly ertekiñ. Aýralygy guma sürgùn edeli. Ana, onsoñ çyn g...dowamy...
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy+2
Ähli şygyr äleminiň wepaly hyzmatkäri — Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy. Mizemez binalaryň peýmany-ygtybary — Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy. Uly-kiçi her bir işde kaýyldyr ol gullugyna, Külli türkmen halky üçin ömür janly tildigine, Alynmyşdyr asmanlaryň keramatly belligine, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy. Baş egip külli türkmeniň eziz jana-janyna, Müň togap bilen biz barýarys ýanyna. Barymyzy şär...dowamy...
Sen meni söýýäñmi ýada söýeñok+4
Sen meni söýýäňmi ýa-da söýeňok, Bu sowala jogap tapyp bilemok. Kä gara gözleriň garasy bilen, Ýylgyryp bakaňda dünýäm ýylgyrýar. Diýän öz ýanymdan "Ol meni söýýär" Kä-te bolsa gara gaşyňy çytyp, Maňa şeýle gazap bilen bakýarsyň! Sorag bersem ony jogapsyz goýup, Gaýtalasam gödek sözler aýdýarsyň, Ýadyma düşende söýýän sözleriň, Kellede at çapýar düşnüksiz sowal. Sen meni söýýäňmi ýa-da söýeňok, Bu sowala jogap tapyp bil...dowamy...
Alla bardyr ýanyñda+4
Ýekemiň? Ýetimmiň? Gam çekme, ogul, Elmydama Alla bardyr ýanyňda. Merdana kabul kyl pelegiň oýnun, Allaň adyn zikir eýle ýadyňda. Birden al-asmana galar gidersiň, Gurruk guýa gitdim diýen çagyňda. Bu bir durmuş! Bu bir synag meýdany! Her hili ahwallar bolýar dünýede. Eger bir melamat inse başyňdan, Ýa sezewar bolsaň elhenç külpede, Gutulgysyz pajygadan basylsaň, Alla sygyn, Allany sal ýadyňa! Dogan ýetişmese seniň dadyňa...dowamy...
Her kimge özüniň ýary gerekdir+3
Şasenem jan, eşit arzy-halymny, Her kimge özüniň ýary gerekdir. Maňa bagyş eýlegil Akja ýarymny, Her kimge özüniň ýary gerekdir. Kyýamatlyk saňa men aga idim, Ýarym getir, ýaryň bereýin diýdiň, Hudaýyň hakyny ortaga goýduň, Her kimge özüniň ýary gerekdir. Garyp jana habaryňny ýetirdim, Renji-mähnet çekip, ýaryň getirdim, Ezber aýdar, hyzmatyňny bitirdim, Her kimge özüniň ýary gerekdir....dowamy...
Men seni söýmän bilemok+1
Men seni söýmän bilemok, Köýmänem bilmen oduňa, Akla başga zat gelenok, Elmydam düşýäň ýadyma. Ýylgyryşyň soňsuz bagtym, Gözleriň alýar janymy. Düşdim seniň ataşyňa, Uzyn saçlaň men aşygy. Men sensiz nirä gideýin, Bu ýüregim sende durka, Gündiz keşbiň ýada salsam, Düýşümde sen gitsem uka. Söz bereýin bu barlykdan, Çyn ýürekden söýgüläýin. Maňa ýeke pursat berseň, Elleriňi goýbermäýin. Elleriňi goýbermäýin Sen bolm...dowamy...
GEÇEN GÜNLER...+4
Günler kepderi däl,akja kepderi... Diýip bolmaz,"Gel sen,geç-de köp ýeri!" Ýatlamalar,göýä,öz ýandepderim. Men geçen gùnleri unudup bilemok. * Ýa$lyk. Söýgi. Wada. Wysal. Aýralyk. Ýañy-ýañy barýan mundan aýñalyp... Ýyllar dolanyp dur,aýlar aýlanyp. Men geçen gùnleri unudup bilemok. * Adama añymy,ýa ýakyn ýürek. Ýürek has ýakynrak bolaýsa gerek? Ýok,ýok ba$aramok,bary biderek. Men geçen gùnleri unudup bilemok. * Bu ýollar...dowamy...
Görkümdir+3
Mydam kalplardaky sesi diñlemek, Ony duýup bilmek mahsus erkimdir. Ulyny sylamak kiçini söýmek, Sarpalap hormatyn... bilmek görkümdir. ******************************* @Nown...dowamy...
.....+3
Üstünlige aňsat yetcek bolýas biz, Ýaşamasy juda agyr dünýäde. Onsoň calt sargaryp,çakgan solýas biz, Çyn sozi juda az Wagyr dünýäde. ^^^^^^^^^^^^^^^^^^^^^^^^^^^^ Gümanly ýaşasan bolarsyn küpür, Herniçik etmeli baryňa şükür. Dymsaňa samsyksyň, gürleseň pökür, Ýok zada etmely sabr dünýäde. ^^^^^^^^^^^^^^^^^^^^^^^^^^^^^^^^^^^ Aýna dal kalbyna seretseň her kim, Dünýä gözel bolsa göwnüňde görkuň Ýaşap başarmadyk özünden görsü...dowamy...
Doganlaryn gerekdir+4
Gursakda jps urup yaslyk duygusy Bagty sonuna cen duymak gerekdir Ayaň yakynlar we doganlarnyzy Kyn gununde doganlaryn gerekdir Ynjytman siz yykman olan gownuni Dogandyr yenede dasyn gorajak Yat biri ya deyyus doslar soramaz Dogandyr kyn gunde halyn sorajak Aglatsan iki esse beter ynjarsyn Yone gecer natjek doganda olar Gadryn bilin bir ojakda birkaniz Uysup otyrmaga zarsynyz sonam. Soyun we soygulan dogan jigini Solar...dowamy...
Dogan barada+1
Aýal dogan. Göwnüñi çökdürip gama batañda, Hemmeden, derdiñi ilkinji duýan, Hem aglañda, göz ýaşyñy süpürip, Göwnüñi göteren, bu: aýal dogan ! Kakañdyr, ejeñ deý mährini berip, Mydama halyñy ýaltanman soran, Gerek bolsa, kiçikäñ mert durup, gorap, " Jigim " diýp apalan, bu: aýal dogan ! Oglan doganlarnyñ, gözüniñ nury, Hem ýüzniñ gülküsi, şatlygy bolan, Öýde bolup, öýüñ ýüküni çekip, Asla zeýrenmedik, bu: aýal dogan !...dowamy...
PUL BER OGLUM, EJEÑ BİR YYL YAŞASYN...+1
Käbäñ yatyr keselhana-da dertli, yygyan döwri geçdi bugday hoşasyn. Lukman ömrün saklap biläyjek...şertli, Pul ber oglum ejeñ bir yyl yaşasyn?! BiR yyl yaşatmaga umyt bar yaly..., Operasya talap edip dur jany. Gerek bolsa satyp bar dünye maly, Pul ber oglum ejeñ bir yyl yaşasyn?! Elli müñ dollar bes, yeke yyl ömre, Puluñy ejeñden sen eziz görme. yaydanma perzendim,boynuñy burma, Pul ber oglum ejeñ bir yyl yaşasyn?! Ula...dowamy...
Jemi: 480
<< 1 ... 22 23 24

Soňky teswirler

Näme üçin erkin internet hiç kime gerekdäl?


Fantom aga gelip "kiçijik burnuñy uly işlere sokýañ" diýip gaharlanmagam ahmal -_+...dowamy...

Näme üçin erkin internet hiç kime gerekdäl?


Bu ýazylanlaryñ esasy aýtjak bolýan zady dünýäde “erkin internet” döwrüniň ýuwaş, ýuwaş azalyp, gutarmagyny görkezýär. Köp ýerler internet giňi...dowamy...

Gadrymy bilmediň sen


Düzetmeli ýerleri bar)) Vector pro...dowamy...

Yslamabatda ABŞ we Eýran gepleşikleri başlanýar. Näme mälim?


Bu taydada şu gürrüňmi .......dowamy...

Bilmezmiñ


birinjy gezek okap görýän şahyryň şu goşgysyny....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bilmezmiñ
Fantom (14.04.2026 / 20:22)

Gadrymy bilmediň sen


Ozuniz duzdunizmi...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gadrymy bilmediň sen
Princessa04 (12.04.2026 / 14:37)

YNAMY gorañ


Aý, hawa-da. Ynamyň ilkinji zatlygyny wyždanyna düşündirip bilýàn azda gynansakda ynam birinji zat weli.. ynam diýip beýni stres bile...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | YNAMY gorañ
zM (12.04.2026 / 13:33)

Hyyalymdan!!!


Dürs ýazuw diýilýän zat bar!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Hyyalymdan!!!
Maleficent (11.04.2026 / 22:46)

YNAMY gorañ


minus...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | YNAMY gorañ
tmce (11.04.2026 / 16:02)

Ilçi sahaba Abdullah ibni Huzafa r.a


Men-de musulman diýmek ýeterlik bolmaýar. Pygambermiz saw-yň we sahabalarynyň durmuş ýoly, ýaşaýşy we din üçin bitiren hyzmatlaryny bilmek we ol...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->